Gara Seýitliýew

Halkymyñ akylly nakyllary bar,
Bikärden halk-da, Watan-da bizar.
Bir durna pis bolsa hatary bozar.
Bigaýrat, binamys biderek gezer.
Isle çoluk bolsun, islese çopan,
Hoşbagtdyr halk üçin işleýän ynsan.
Bütin halk işleýär uludan kiçä,
Ýokdur ygyp ýören köçeden-köçä,
Mert ogullar bu gün kanal-da çekýär,
Goýun-da bakýar, pagta-da ekýär,
Tut-da ýetişdirýär, ýüpek-de çekýär.
Watan bähbidine daglary sökýär.
Jansyz ýatan boz ýerleri oýadýar,
Il olara goşup, aýdym aýdýar.
Okasañ okuw bar, işleseñ iş bar,
Bikärden ata-da, ene-de bizar.
Biderek ýañrama, biderek içme!
Bu gözel dünýäden biderek geçme!
10 0 4.0

Добавлено 06.04.2021 Kitapcy

Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: