Azatgül Hojaberdiýewa

Bilbili sem etjek heň gerek bolsa,
Men seniň «Nowaýy» sazyň bolaýyn.
Ýol küýsän gözleriň ýol tapman galsa,
Men seniň didäňde nuruň bolaýyn.

Açyp ýüregimiň gatlaryn saňa,
Köňlüň düýp töründe baky galaýyn.
Heserlän kalbyňa aram salmaga,
Damarda aýlanýan ganyň bolaýyn.

Öýke-kineleriň ýazmaga her dem,
Sesiň eşdip, alyslardan geleýin.
Ýaşap ýörseň bu jahanyň ýüzünde,
Ganat kakan arzuwlaryň bolaýyn.

Arzuw-umytlarym diňe seniňki,
Ýüregiň töründe baky galaýyn.
Dil bilen däl, gözleň bilen aýdara,
Gülden näzik duýgularyň bolaýyn.

Sen hakynda aýdymlarmyň barysy,
Goşgulamdan saňa çemen bogaýyn,
Humaý guşuň ganatyna atlanyp,
Meň bagtyma doglan günüň bolaýyn
7 0 4.0

Добавлено 06.04.2021 Kitapcy

Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: