Azymberdi Kakaýew

Owadan kamatyň, zülpleriň towy,
Ýatlatmasyn maňa hile-aldawy.
Hökman-a däl welin, eşitseň gowy,
Biz ýaly jübütleň seýrekdigini.

Söýginiň ýükünden ejizdir gerden,
Hijran hesretini getirme birden.
Hiç haçan, hiç ýerde çykarma serden,
Tutuş ykbalyma gerekdigiňi.

Ýanyma gel, gaýgy-hasrata batma,
Ýagşy niýet, arzuwlarňy ownatma.
Sen meni ýaşadýaň, hergiz unutma,
Gursagymda duran ýürekdigiňi.
14 0 4.0

Добавлено 28.12.2020 Kitapcy

Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: