Ogultäç Oraztaganowa

Ösün yeller ýüregimiñ üstünden!
Ýag sen yagyş, ýüregimiñ üstüne!
Derya kibi yşky bolan adamyñ
Meger hiç kim çykabilmez kastyna.

Yöräñ meniñ yuregimiñ ustunden,
Söz bilen, goz bilen parhy ýok maña.
Şowsuzlygyñ yakyp biler içini,
Gije şöwür cekip garaşyan daña.

Geçip gidiñ yüregimiñ üstünden,
Galsyn yzyñyzda mylayym owaz.
Öz yukümi özüm çekip yaşaýyn,
Bolmazdan hiç kime,hiç kime azar.

Garañ meniñ yüregimiñ üstünden,
Köşk guruñ siz yuregimiñ üstünde,
Başaran gül eksin, goy, ýüreklerde,
Şowsuzlygy döşii bilen itsin-de!

Ýag sen yagyş ,ýüregimiñ üstüne!
Ösuñ , ýeller ýüregimiñ üstünden!
Urup duran seyle ýürgim barka,
Cykaryn men kynçylyklañ astyndan.
11 0 0.0

Добавлено 28.12.2020 Kitapcy

Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: