Annasoltan Kekilowa

Men ýeke däl,başga-da adamlar ýaşaýarlar,
Goý,bu gün meniň gosgymy okamasalar okamasynlar,
Ýone döwrem, adamlaryň islegem,söýgisem, ykbalam dürlidir.
Mümkin ertir...üýtgeşik ýürekli bir kişi doglar,
Hem meni söýer,pikirlerime teşne bolar, goşgularymy okar,
Emma barybir ol meni garry aýalyň keşbinde-de tapyp bilmez.
Menem onuň galyň dodaklaryndan öpüp minnetdarlyk bildirmek üçin mazarymdan çykyp bilmerin.

Şonuň üçinem,
Sen meniň ýaşytdaşymmyň,ýa kiçimiň...
Garaz kim bolanda-da..
Kalbymda duýgy oýaranyň üçin,
Minnetdarlyk bildirýärin...
18 1 5.0

Добавлено 28.12.2020 Kitapcy

Всего комментариев: 1
0
1 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Gurnannazar Eziziň, Annasoltan Kekili düşüren fotografiýasy bardy şu mowzukda. Goýup bilseňiz...

lhttp://talyplar.com/posts/31182

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: