Baýramsoltan Gurbanowa

Türkmeni diñläbilmesem özge saýran gerekmez,
Dilimde sözläbilmesem özge zyban gerekmez,
Ýurdumda gülläbilmesem, özge güldan gerekmez,
Topragy sylabilmesem arşa seýran gerekmez,
Ilimde düýnäbilmesem, özge öwlûýä gerekmez.

Watanmyñ bägül gyzyýam, azabyndan armaryn,
Elim kesew, sübse kylyp altyn zülpi-tarlarym,
Namarda zar eýlemesin, dileg diläp barmaryn,
Namysymy naha çolap, egne ýüpek almaryn,
Abraýly ýaşabilmesem, ten içre jan gerekmez.
31 0 5.0

Добавлено 23.12.2020 Kitapcy

Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: