21:46
Zikir
ZIKIR

Dini düşünjelerden, käbir çeşmelerden, ene-mamalarmyzyñ gürrüñlerinden bilişimize görä, ýaramaz ruhlary kowup, ruhy hassalygy bejermek üçin "huw hak" diyip seslenip ilki egilip ýõräp, soñ aýaklaryny tarpyldadyp, Allany ýatlap ylahy sõzleri gaýtalap "Ylahy Omyn-eý " diýip başlanýan zikir çekmek küşt depdiniñ has irki gõrnüşidir. Zikir çekmek ýaramaz ruhlara garşy okalýan doga hõküminde kabul edilmek bilen, Alym A.Meredowyñ hem-de S.Ahallynyñ: "Türkmen klassyky edebiýatynyñ sõzlüginde"
"zäkir" sõzüniñ arap sõzi bolup "ýada salyjy, hudaýyñ atlaryny gaýtalaýjy, hereket ediji" diýmekdigi bellenilýär.
Rowaýatda aýdyşlaryna görä: "biziñ eramyzdan alty asyr õñ ýaşap geçen Zekerýa pygamberi şeýtanyñ aldamagy sebäpli duşmandan gaçyp, agajyñ kõweginde gizlenipdir, şonda pygamberi jezalandyrmak üçin ol agajy byçgy bilen kesipdirler. Agaç bilen bilelikde Zekerýa pygamberiñ hem başyndan kesipdirler. Pygamber jan bereninde zikri-rahman edip, Allanyñ atlaryny tutup hiñlenýan ýaly owazlanyp jan beripdir." Küştdepdiniñ döreýşi, aýdylyşy baradaky gyzykly maglumatlary enemiñ manyly gürrüñlerinden diñlemek has ýakymlydy. Hut şuña meñzeş rowaýaty enem (Tuwakgül) ir wagt gürrüñ bereninde pygamberiñ (r.a) yanynda şol wakany synlap duran ýaly, gyýylyp diñlänim ýadymda galypdyr.

Hezreti Magtymgulynyñ keramatly, hazynaýy hikmetli, dogaýy setirlerinde gabat gelmek bilen rowaýatyñ añyrsynda nähili-de bolsa bir hakykatyñ bardygyna ynanmyñ güýjeýär:

Ol Zekeriýa pygamber kim Tañrynyñ Zäkir guly,
Erre goýdy başyga ol zikri-rahman eýledi.


Ýene-de:

Kapyr erreledi ol Zekerýany,
Saña gelip kimniñ gõwni şat oldy.


diýip "Babarõwşen" dessanynda hem tekrarlanyp geçilýar. (Erre - salyr, ärsary şiwelerinde byçgy diýmegi añladýar eken)
Küştdepdiniñ asly Zekerýa pygamberiñ hormatyna zikir atlandyrylyp yslam edebiýatynda türkmen halkynyñ Zekeriýa pygambere goýan sarpasyndan hasyl bolanyny çeşmeler habar berýar.
Deñiz ýakasynda ýaşan türkmenler oglanlary deñize awa gidenlerinde yzynda galýan hossarlary eneleri, uýalary, atalary olaryñ uç gyraksyz, haçan tupan turjagy näbelli bolan, çaýkanyp ýatan mawy dünýäden balalarynyñ, agalarynyñ, sõwer ýarlarynyñ sag-aman ojaklaryna dolanyp gelmegini Beýik Ýaradandan zikir çekmek, gazal aýtmak bilen towakga edipdirler. Ellerini asmana galdyryp aman diläpdirler. Howply ýolçulykdan aman dolanyp gelen deñizcileriñ gaýdyp gelen wagty bolsa oba bolup garşylap, şatlykly küşt depipdirler, şükürli zikirler bilen senalapdyrlar.
Eýse bu wagtky ýaly tehnalogiýalaryñ ýok dõwründe, telefon ýaly habarlaşyjy serişdeleriñ yok, ýerinde perzendini howply ýola ugradan ene nädip õýde ynjalyk tapardy. Gõzüniñ nury arkadaýanjy agasyny, doganyny, ýüreginiñ karary sõwer ýaryny gaýdyp geljegi gelmejegi gumana ýola ugradan naçar Alladan zikir etmekden başga näme bilen ýüregini rahatlandyryp bilerdi?! Ak umytlara beslenip çekilen gazallardan soñ şikardan gaýdyp gelenleriñ şükranasyna şatlanyp oýnalan tansy, aýdylan gõwün begenjini nädip biedeplik bilen baglanyşdyryp bolar. Bellik: ( " deñiz ýaka türkmenler ýeñleslikden küşt depipdirler" diýenem bar.)
Elbetde wagtyñ geçmegi bilen küşt depdi ýurduñ beýleki ýerlerine ýaýrap her welaýatyñ õzüçe bildiginden "küşt depip, gazal aýdyp" bu dessuryñ asylky manysynyñ ýitmegine getiripdir.
2017-nji ýylda Koreýa Respublikasynyñ Çeju şäherinde Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hõkümetara komitetiniñ 12-nji mejlisinde gadymy türkmen halkynyñ bu ruhy gymmatly mirasynyñ egsilmez ruhy baýlykdygyny subut etdi.
Goý erkana Watanymyzda gõrkli toýlaryñ bezegi bolan küşt depdidir, şirin gazallar ýañlanyp, her ojakdan toýlaryñ owazyny dünýa ýaýyp dursun!

-------------------------------------
Bellik:
"Türkmen klassyky edebiýatynyñ sõzlügi"
Magtymguly Pyragynyñ goşgusy
"Babaröwşen" dessany hem-de
Enem Tuwakgüliñ gürrüñlerinden peýdalanyldy.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 270 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 4.3/3
Всего комментариев: 1
2
1 Jumjume   [Материал]
Sagbol Olýa! Bilinäýmeli maglumatlar üçin! Ýetirip dur

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]