16:52
Tymsallar diwany / rowaýatlar
TYMSALLAR DIWANY

PELSEPEÇILER

Gadym döwürler ähli bilimden baş çykarýan, danalygyň suwuna eýlenen bir pelsepeçi ýaşap geçipdir. Ol bu dünýäniň eşretinden el çekip, iňlär-siňeksiz uzak bir çöllükde mesgen tutup, täk özi namazyny okap, aýat-töwir edip geziberipdir. Ondan başga-da onuň öňki ýaşan şäherinde pelsepeçi, alym, ylym bilen meşgullanýan adamlaryň ýene altysy bar eken. Olar bir sözüň üstünde jedel edipdirler, belli bir netijä gelip bilmänlerinden soň, olar çöle siňen dananyň ýanyna gitmegi ýüreklerine düwüpdirler.
Olar ony tapypdyrlar, oňa jedelini gürrüň beripdirler we jogabynyň nähili bolmalydygyny sorapdyrlar. Ol welin, bulara jogap bermäge howlukmandyr. Olar soragyny ýene gaýtalapdyrlar. Onda ol:
— Siz köp geplemegi öwrenmek üçin baýlyk baryny harç edipsiňiz, men bolsa dymmaklyga, geplemezligi öwrenmek üçin ähli baýlygymdan we bu dünýäniň lezzetinden el çekdim.
Ol şuny diýmekden başga hiç bir söz aýtmandyr. Olar bolsa bazardan gaýdan öküz ýaly bolup, hiç bir jogap eşitmän yzyna dolanypdyrlar.

AÝY WE AWÇY

Iki ýoldaş awa-şikara çykypdyr. Olaryň alnyndan jar çykypdyr: biri jaryň o tarapy, ikinjisi hem beýleki tarapy bilen ýoluny dowam ediberipdirler. Olaryň birine aýy sataşypdyr-da, ony gabyrdadyp basypdyr. Onda onuň ýoldaşy:
— Aýy bilen oýna güýmenme, ony taşla-da, gel bäri, iş bilen meşgul bolmaga wagt ýetdi! — diýip gygyrypdyr.
Ýoldaşy aýynyň astynda ýatan ýerinden gygyrypdyr.
— Aýy goýberenok, maňa galsa-ha men muny birçaklar zyňyp gitjek-le! — diýip jogap beripdir.

ÝETIM WE ONUŇ EJESI

Bu dünýäde birçaklar bir ýetim çaga ýaşapdyr. Ol ulalyp, aga-gara düşünip başlanda ejesinden:
— Hemme kişiniň kakasy bar. Näme üçin bir mende kaka ýok? — diýip sorapdyr. Onda ejesi oňa şeýle jogap beripdir:
— Çagajygym, seniň-de kakaň bardy. Ýöne ol derýa gark boldy.
Çaga sorapdyr:
— Onuň geçmeli bolan şol derýasynyň üstünden gurlan köpri ýokmudy?
Ejesi jogap beripdir:
— Bardy, ýöne ol gaty uzakdady.
Oglan biraz pikirlenip durupdyr-da:
— Eger ol häzire çenli gidip oturan bolsa, şol köprä ýetip bilmezdimi? — diýipdir.
Ejesi oglunyň bu sözüne gülüpdir-de:
— Eger ol şunça pikir etse-di, onda gark bolmasa, bolmazdam — diýipdir.

PATYŞA WE DEMIRÇI USSA

Gadymyýetde bir ülkäniň patyşasy bolupdyr. Ol ülkesinden kimiýa daşyny gözlemegi, hiç bolmanda onuň düzümini bilýän bir alymy tapmagy ýüregine düwüpdir.
Şol ülkäniň baş şäherinde bir demirçi ussa hem ýaşaýar eken. Ol, esasan, palta ýasap satýar eken. Bir adam hem onuň ýasan paltasyny satyn alypdyr-da, odun çapmaga gidipdir. Nädipdir, onuň paltasy atanlykda bir daşa degipdir, ýüzi döwlüpdir. Ol daş kimiýa daşy eken. Kimiýa daşyna demir degdigi, ol demir tylla öwrülýär eken. Bu adam hem ýüzi döwülen paltasyny synlap durka onuň sararyp barýanyny görüpdir-de, ussa gahary gelipdir.
— Ussa meni aldapdyr, demir palta derek maňa mis palta sokup goýberipdir.
Ol demirçi ussanyň ýanyna gelip, onuň ýasan paltasyndan arz edipdir, oňa sögünipdir.
Ýöne demirçi ussa akylly adam eken.
— Paltanyň ýüzi nädip döwüldi? Sen ony nämä urduň?
Ol adam demirçi ussany öz ýany bilen alyp gaýdypdyr-da, çapjak bolan töňňesini görkezipdir.
— Ine, men şu töňňäni çapjak bolanymda atanlykda paltam şol daşa degäýdi.
Şeý diýip ol adam demirçi ussadan alan paltasyny yzyna gaýtaryp beripdir hem ondan palta üçin tölän pulyny yzyna bermegini talap edipdir. Ussa onuň talabyny berjaý edensoň, ol adam öz ugruna gidipdir.
Ussa bolsa paltany-da, şol daşy-da alyp, goltugynda gizläp, öýüne getiripdir. Ol daşa bir demri degirdigiň şol demir dessine altyna öwrülipdir. Demirçi ussa şeýdip, şeýle bir baýapdyr welin, indi ol öz baýlygynyň hasabyny-da ýitiripdir.
— Hudaý bu ussanyň ryskyny boldan beripdir. Onda tylla näçe diýseň bar. Men onuň gyzyny ogluma alyp bereýin — diýip, bu ülkäniň patyşasy öz ýanyndan karara gelipdir.
Patyşa onuň gyzyna sawçylyga barypdyr, uludan toý tutupdyr. Şonda demirçi ussa: «Gyzymyň bukjasyna näme bersemkäm? Elbetde, şol daşdan gowy gowgat bolmaz» diýip oýlanypdyr.
Bir altyn sandyjaga şol daşy goýup, gapagyny mäkäm ýapypdyr-da, gyzyna beripdir. Ol oňa şondan başga hiç zat bermändir.
Patyşanyň köşgüniň eýwanlary deňziň üstüne abanyp durupdyr. Patyşa hem şol eýwanlaryň birinde oturan eken. Ol:
— Maňa gelen gelniň bukjasyny görkeziň. Onuň öz ýany bilen näme getirenini görjek — diýipdir.
Oňa demirçi ussanyň gyzynyň ýany bilen alyp gelen altyn sandyjagyny getirip:
— Şundan başga hiç bir zady ýok — diýipdirler.
Patyşa sandyjagy açypdyr, görse, onda bir tokga daşdan başga hiç zat ýok diýýä. Patyşa muny ýokuş görüpdir.
— Men daýhanyň gyzyny atasynda baýlyk köp bolansoň, gyzynyň bukjasyna-da şol baýlykdan goýar diýip aldym — diýipdir.
Şeý diýibem, sandyjakdan çykan daşy deňze oklap goýberipdir.
Demirçi ussa patyşanyň öýkesini ýazmak üçin onuň ýanyna gelipdir we daş bilen bagly ähli zady gürrüň beripdir.
Şondan soňra deňizden şol daşy gözläpdirler. Ýöne ony nireden tapjak?
Patyşa şol daşy jany-teni bilen ele salmaga synanyşýardy, Hudäý onuň islegini aňsatlyk bilen berjaý hem etdi, ol onuň eline düşdi, ýöne aňsatlyk bilen tapyşy ýaly, ünssüzlikden we akylsyzlykdan ony ýeňillik bilen elinden gidiripdi.

ADAM WE ÝYLAN

Ýol bilen bir adam gidip barýan eken. Görse, topbak ösüp oturan agaç ýanyp dur, onuň ýokarsynda-da bir ýylan bar. Ýylana gidere ýer ýok, otdan halas bolup biljek däl. Görgüli, iki-ýana urunýar, haşyldaýar. Adamyň oňa rehimi gelipdir. Ol öz-özüne:
— Gel, şu ýylany halas edeýin, ýagşylyk menden galsyn — diýipdir.
Ol ýakyn baryp, naýzasyny uzadypdyr, ýylan dessine naýzanyň daşyna dolanypdyr, dessine-de naýza bilen süýnüp gelip, onuň egnine gelipdir, hä diýmäne-de, onuň boýnunyň daşyna halka bolup aýlanyp, ony berk gysyp ugrapdyr. Şonda ol adam:
— Sen näme üçin sen meni bogýaň? Näme, men seniň göwnüňe degdimmi? Tersine, men seni ölümden halas etdim ahyry — diýipdir.
Ýylan oňa:
— Hiç kim ýagşylyga ýagşylyk edenok. Şonuň üçin menem seni şeýdýän — diýip jogap beripdir.
Onda adam oňa ýalbaryp başlapdyr:
— Dur, saklan biraz, öňinçä şol çynaryň ýanyna baraly, ondan sorap göreli. Birden agajyň maňa rehimi inip, dil bitäýse, seniň edýäniňiň nädogrudygyny aýdaýsa, meni goýber. Eger ol dillenmese, meni nätseň şeýt!
Şondan soň ýylan gysyşyny biraz gowşadypdyr. Olar çynaryň ýanyna gelipdirler, ol adam aýdypdyr:
— Men şu ýylany ölümden halas etdim. Ol bolsa meni, gör, nädýär.
Çynara dil bitip, şeýle diýipdir:
— Men bu gyzgyn jülgede ýeke özüm ösüp otyryn, ýolagçylar saýamda oturyp dynç alar ýaly men bu töwerekde ýeke-täk agaç. Ine, şeýdip gyzgyndan gaçyp, meniň saýama gelýärler, menem olara salkyn howa, goýy saýa berýärin. Olar bolsa meniň şahalarymy döwýärler, käsini oda ýakýarlar, käsinden sandyjak ýasaýarlar, özleri-de «Gör, nähili gowy agaç!» diýýärler. Hiç kim ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap berenok.
Ýylan adamyň boýnuny gysyp ugrapdyr. Adam ýene ýalbarypdyr:
— Biraz goýber, ana, hol ýerde bir öküz otlap ýör. Ýör, şondan sorap göreli.
Bardylar, öküzden soradylar. Öküz olara şeýle diýdi:
— Men ýer sürýärin, rahtlaýaryn, kesegini owradýaryn, gyşy bilen, ýazy bilen adamlar üçin işleýärin. Munuň üçin olar meni ýere ýatyrýarlar-da, kesýärler. Nämemiş, myhman gelenmiş. Hiç kim ýagşylyga ýagşylyk edenok.
Ýylan adamyň boýnuny gysyp ugrapdyr. Adam ýene ýalbarypdyr:
— Ýene biraz sabyr et, ana, bir tilki gezip ýör. Ýör, şondan soraly.
Gelip, tilkiden soradylar. Adam oňa öz arzyny aýtdy. Ýylan çynar bilen öküziň pikirini mälim etdi. Tilki ýylana şeýle diýdi:
— Şalar şasy ýolbars meni kazy belledi. Sen ol adamyň boýnuna dolanansyň, heý, şeýle ýagdaýda menden adalata garaşýarmyň — eýsem bul boljak zatmy? Boşat ony, ikiňizem meniň öňümde dyzyňyza çöküp duruň: senem, bu adamam şeýtsin.
Ýylan adamy goýberip, ýere düşen dessine tilki penjesi bilen onuň kellesini kakyp goýberdi welin, ýylan ölüp ýatyberdi. Soňundanam:
— Ine, ýylanlary şeýtmek — iň beýik adalatlylykdyr — diýipdir.
Ýöne adamyň tilkä rehimi inmändir, naýzasyny onuň içinden geçirmegiň pikirini edipdir: «Onuň derisi ýaman gowudyr».
Tilki tilki bolýar, ol adam niýetine dessine düşünipdir-de, gaçyp gidipdir. Şol barşyna hem:
— Bu dünýäde eden ýagşylygyň bilinmeýär-dä — diýip, öz-özüne käýinipdir.

BAÝ WE GARYP

Bir garyp öýünde oturan wagtynda sesli dileg edip oturan eken:
— Eý, Hudaý, maňa bäş ýüz marçil pul gönderesiň, ýöne dogruja bäş ýüz bolsun. Birejigi kem bolsa-da almaryn.
Şol wagt haýsydyr bir baý adam, ellerini arkasyna tutup, üçekde gezim edip, töweregi synlap ýören eken. Ol garybyň bu dilegini eşidip, öz-özüne:
— Gel, şuny synap göreýin. Diýýäninden kem bereýin. Nädýärkä? — diýipdir.
Öýüne gidip, bäş ýüz marçil sanapdyr. Soňra onuň onusyny aýrypdyr. Galanlaryny haltajygyna salyp, üçekden garybyň öňüne zyňypdyr.
Garyp begenipdir, sanap görse — on marçil kem. Şonda ol:
— Eý, Hudaý, goý, saňa müň keren alkyş bolsun! Eger sen maňa birje marçil berenem bolsaň, men gaty minnetdar bolardym. Munça garaşmaýardym.
Onda baý üçekden onuň ýanyna düşüpdir.
— Men seni synap görmek isledim. Ol kümüş pullar meniňki, hany, yzyna ber olary — diýipdir.
Garyp beýle gürrüňi eşitmegem islemändir:
— Senden men hiç zat soramadym. Hudaýdan diledim, bulary ol maňa berdi.
Dawalaşyp, olar kaza barypdyrlar.
Ýolda garyp baýa ýüzlenipdir:
— Görýäň-ä, men ýalaňaç, sen baýlara mynasyp geýnüwli. Içmegiňi maňa berseň, seniň bilen gitjek, ýogsam gitjek däl.
Baý onuň bu haýyşyny hem bitiripdir — oňa içmegini wagtlaýyn beripdir. Garyp ony geýipdir. Şeýdip olar kaza barypdyrlar. Her kim öz arzyny beýan edipdir. Soňunda garyp:
— Bu adam şeýle bir dawaçyl. Birazdan, görersiň, meniň şu içmegimi-de aljak bolar — diýipdir.
Onda baý:
— Men ony ýolda gelýärkäm saňa wagtlaýyn geýmäge berdim ahyry — diýipdir.
Baýyň bu sözüni eşidip, kazynyň gahary gelipdir. Baýy ýüz taýak urmagy buýrup, soňundan kowup goýberipdirler. Ine, garybyň üstünden güljek bolanyň kysmaty şeýle.

Terjime eden:
Akmuhammet Hemidow
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 117 | Добавил: Bagabat | Теги: Terjimeçi: Akmuhammet Hemidow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 9
1
3 mango   [Материал]
iwwaý, serdar daýy!
nädädiň muny?
hany o "musurdepe"?
---
bolmaýandan bolup durany gaýtalap-gaýtalap, özüňmmä bolmaýandany boldurdyň oturyberdiňle?

1
2 mango   [Материал]
ýewropada musor satyn alýan (eksport edýän) bir döwlet barada okapdym (ýa-da görüpdim).
adamlar musory täzeden işläp bet zatlar çykarýar.
ine-akyl.

1
1 mango   [Материал]
iş ýerimiziň ýanyndaky kiçi-dükandan çagalar ony muny alyp, derrewem kagyzyny açyp, duran ýerindenem elindäki kagyzyny ýere oklaýarlar....
senem synlap duran ýeriňden ýaňky ýaşulyňky ýaly filosofiki-käýinen bolup durýaň, eliňdenem zat gelenýok...
soňam pikir edýäň, çözüm edep-terbiýedirem welin..... şo dükanyň golaý-goltumynda hiç hili musor-bedre ýok....
aslynda, özüňizem barlap göräýin.... uzyn köçe bilen ýöräň we içip boşadan "boldyňyzy" (reklama) zyňmaga ýer tapmarsyňyz, esli ýöräp-ýöräp assanowkaň deňinde bir bedrä gabat geläýmeseňiz....
hemem, oba bolan ýerde hökman hapasyny ýygnaýan gulluklar bolmaly dälmi?
finlandiýada hapa zyňmak medeniýetine haýran galdym.
ýörite üsti ýapyk jaýlar gurýan ekenler. her kim eýýäm öýünden çykmanka saýhallan hapasyny getiripjik, kagyzyny o guta, aýnasyny, bu guta, plastigini başga guta, iýmit galyndysynam ýene bir guta gapgaryp gidýäler. o jaýyň içem gaty arassa....
---
depemizdäki gatdaky gelnejäň penjiresini açyp saçagyny silkişini agzajagam däl :-) ol başga istoriýa...
---
eksperiment.
öýdäkileri (özüňizi) barlap görüň.
siz musory saýhallaýaňyzmy?
iň bolmanda mal iýjek zatlary we hapa zatlary aýratyn toplaýaňyzmy?
arassaçylygam bir medeniýet.
gyzykly tema.
hekaýada erbet däl....
(ýene-de meniň üçin süýndirilen...)
serdar kaka täzemi bu hekaýa....
ýa arhiwiňizi paýlaşýaňyzmy?

0
4 Bagabat   [Материал]
Täze-le welin, çigräk gördüm. Üç-dört günlükde ýazyp ugrap, şu günem ýazyp dyndym-da, goýdum. Soňam saýtda okaýaň welin, öz kompyňda okanyňdan "agsak" geläýýär. Onnoň biraz aýtmakçy bolan zadymy özüm wajyp göremsoň, gaýtadan işlemek üçin aýyrdym. Okap ýetişen bardyram öýtmändirin. Edähetim şeýle. Goýup, maý tapsam, ilki okap görýän. Eger-de elim degse, soň biraz wagt geçiribem okaýan. Göwnüň ýetmese, pikiriň düýpliräk üýtgese, üýtgetmeli bolýar.

1
6 mango   [Материал]
onno menem ököläp, bu ýazanňy okojokgä...
çig bolsa, bişirýän, soň täzelejekdirin diýseňem bolup duranty.

0
7 Bagabat   [Материал]
Keçiresiz.

0
5 Bagabat   [Материал]
Arassaçylyk, edep-terbiýe bolsa medeniýetiň gözbaşy. Ylymly-bilimli bolubam medeniýetsiz bolup bolýar.
Bu tapan-tupan ýeriňe zir-zibil atmak bolsa, ýaňky hekaýaň diýmekçi bolan ýüzleýje ilkinji gatlagydy. Şol gatlagyň aşagyndaky birküç sany gatlagy täzeden işlemeli. Ýogsa, awtoryň özünden başga düşünjek tapylman durubermese.

1
8 mango   [Материал]
wakajyk.
bir bet, aňrybaş gymmat maşyn trotuarda dur...
her kimiň (meniňem) gözi şonda...
osoň, ol aýnasyny aşak düşürdide içip bolan banoçnyý içgisiniň bankasyny dazyrdadyp daşaryk oklady...
bary biderek boldy.
garaşmaýanym boldy.
şeýle gymmat maşynly biriiň eýesinden şo herekete garaşamokdym.
bu edep ýönekeý edebiň biri ahyryn.
moskwiçli biri oklasa geňem görjek däl...
diýmek, medeniýet pullulyga ýa pulsuzlyga-da bagly zat däl ýaly....
ýöne soňky (täze baýan) baýlaň köpüsinde medeniýet pes... ne okama medeniýeti bar, ne-de musor zyňma medeniýeti bar....

0
9 Bagabat   [Материал]
"Baýlyk, wezipe, hünär, zehin, güýç, gaýrat, mertlik, edermenlik, gaýduwsyzlyk, tilsime ökdelik - hemmesi ýagşylyk edip, imanyňy gazanmak üçin Hakyň nazar salan bendesine beren serişdesi hem mümkinçiligidir" diýilýär. Ýöne, köp adam muny beýle diýip hasap etmeýär-de, şol zatlaň biri bilen beýlekilerden agdygrak boldugy eline kiçeňräk tarhan hatyny aldym hasap edýär.
Renessans döwründe Rim papalarynyň puly gutaryp olar indulgensiýa satyp başlapdyrlar. Indulgensiýaň birnäçe görnüşleri we nyrhlary bolupdyr. Eden günäň agyrrak bolsa, ýüzüne günäň üçin gabyr azabyndanam, bu dünýädäki ruhy temmisindenem Rim papasy tarapyndan azat eýlenilýändigiň hakyndaky ýazgy bolan kagyzjygyň bahasy gymmadrak bolupdyr. Ýeňilräk günä etseň arzanrak. Şeýdibem assa-ýuwaşdan dähedem-dessemläp Ýewropaň ruhy-ynanç dünýäsiniň häzirki döwrüne gelnip ýetilipdir.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]