21:14
"Z nesili" aldawajy
"Z NESILI" ALDAWAJY

Şahsy kitaphanamy elek edip eledim, tapmadym.
Füruzanyñ "47-liler" romanynyñ gürrüñini edýärin.
1947-nji ýylda doglan rewolýusioner 68-nji ýylyñ neslinden söz açýan deñsiz-taýsyz eser.
Şeýle-de:
"Osmanlynyñam 1844-nji ýylyñ nesili bardy" diýip bilerismi? 1865-nji ýylyñ 7-nji iýunynda Belgrad tokaýlygynda gizlinlikde üýşen alty dost - Namyk Kemal, Refik, Aýetullah, Mehmet, Reşat, Nuri Gurhanyñ üstüne ellerini goýup, "Meslek" diýip at beren gizlin guramalaryny gurdular.
Guramanyñ maksady - azatlykdan we adalatdan daşlaşyp, barha çöküp barýan osmanly absolýut monarhiýasynyñ soñuna nokat goýup - "Kanuni-Esasi"-ni (Konstitusiýa, «Конституция Мидхата») soltana kabul etdirip, osmanly ildeşlerine umumy wekilçilik edip biljek mejlis gurmakdy.
"68-nji ýylyñ nesilem", "1844-nji ýylyñ nesilem" syýasy ýüzi bilen tanalýar.
A "Z nesili"?
Soñky döwürde "Z nesili" (русча: поколение Z, iñlisçe Generation Z, türkçe: Z Kuşağı) - generasiýasy hemişe üns merkezinde.
ABŞ-da Ikinji jahan urşundan soñ (1946-njy ýyldan 1964-nji ýyla çenli) doglan çagalara "Beýbi bumer nesili" (“Baby boomers/ boomer”) ady berildi. Bu at çaga dogluşynyñ artyşyny görkezmek üçin ulanyldy.
Bu nesili atlandyrma Ýewropada-da ulanyldy. Emma tapawutlylyklary bardy. Fransiýada bu nesil 1946-1973-nji ýyllary öz içine alýardy.
"Bumer nesili" boýunça Günbatarda köp ylmy-barlag işleri geçirildi, kitaplar ýazyldy.
Käbiri bu nesliñ sosiologiýasyny, käbiri syýasata bolan gyzyklanmasyny, käbiri dine bolan garaýşyny öwrendi.
"Sowuk uruş" döwrüniñ bu ýaş nesili şol döwüre çenli hiç wagt şular ýaly derejede ideallaşdyrylmandy. A "Z nesili?"
Ýurdumyzda uly ähmiýet berilýän "Z nesiliniñ" zol-zol ýokary artykmaçlyklaryndan gürrüñ edilýär!
Sanly ulgama añsatlyk bilen gowşandyklary aýdylýan bu ilkinji sosial nesile hemmeler diýseñ umytly garaýar!
Ýogsa-da häzirki döwrüñ ýaşlary bolan "Z nesilinden" köp zady tama edip bilerismikä?
Biz bu çekişmäni hökman etmeli, çünki ýaşlar hakyndaky çekişme gelejegiñ çekişmesidir.

• ETIKETLEME KELLESI

“Bumer nesiliniñ” adyny amerikan metbugaty goýdy: "New York Post" we "Daily Press".
“Z nesili” adyny-da amerikan "USA Today" gazeti berdi. Esasanam "Washington Post", "Newsweek", "Time" ýaly metbugat serişdeleriniñ üsti bilenem dünýä ýaýradyldy.
Ýagny: "Z nesili" (we X-Y) atlandyrmasy we barlaglary pikir edişiñiz ýaly sosial ylymlar ugruna degişli däl. Bu kesgitlemäniñ ähli tagallasy-maksady şereketleriñ girdejisini artdyrmak üçin adamlary hasam sistematiki taýdan eksplutatirlemegiñ ýollaryny gözleýän sektorlara degişli. Reklamaçylyk mysaly...
Ýogsa-da haýsy sosial ylym şol bir döwürde doglandyklary üçin dünýä beýlede dursun, ýurdumyzdaky millionlarça ýaşlary birmeñzeş görme umumylygyny edip biler?
Bir döwüm çöregiñ ugrunda ylgap ýören ýa-da ussahanada işçi bolup işleýän görgüli bilen Koç ýa-da Sabanjy uniwersitetinde okaýan juwan nädip bir bolup bilýär? Ýa-da işlemäge iş gözläp ýören? Ýa bolmasa ýañy on dört ýaşanda başy çatylan?
"Z nesiliniñ" mümkinçilikleri deñmi? Tehnologiýadan peýdalanmak şertleri hemmesine elýeterlimi?
Ykdysady, medeni, töwerekleýin ähli tapawutlylyklara göz ýumulyp kesgitlenen "Z nesili" umumylygy hakykatyñ ýele ýanyndan bir geçýärmi özi?
Ýaşlaryñ dünýä bolan garaýyşlary deñ bolup bilermi? Hemmesini gyradeñ syýasy pozisiýada görüp bilerismi?
Hemmesiniñ güzeran gaýgysy, durmuşdan garaşýan zady nädip meñzeş bolsun?
Düýp mesele şudur:
"Z nesili" jemgyýeti, ýurdy, dünýäni özgertmelimi? Ýogsa-da... nesil çemeleşmesiniñ üsti bilen "Z nesiliniñ" özüni üýtgetjek bolýarlarmy? Mysal üçin, olaryñ sarp edijiligini hasam artdyrmak arkaly?
Aslynda, "birmeñzeşleşdirmäge" garşy çykýandyklaryny aýdyp, "birmeñzeşleşdirilmeýärmi" näme "Z nesili"?
Hawa, bir galyba salynmaýarmy?
Täze sarp ediş pikirini ýaýmak üçin täze ýaşlar modelini - nesilini kemala getirmek isleýärler. Bar bolany.

• ŞAHSYÝETSIZ GOÝMAK

Bir žurnalist şeýle diýýär: “Z nesiline düşünmeýänler saýlawlarda ýeñiş gazanyp bilmez!"
Pikir edýärin: nämekä bi žurnalistiñ "Z nesiline" düşünýän zady?
Uly banklaryñ biri "Z nesili" bilen gatnaşyk: Düşünişmek we empatiýa" diýen konferensiýa geçirdi! "Z nesiline" dahylly şahslaryñ umumy aýratynlyklary öwrenilende, geljekki etsem-petsemleri, ýaşaýyş terzleri we durmuşdan garaşýan zatlary ýaly meselelerde özlerinden öñki generasiýalar bilen birmeñzeş pikirde däldiklerini görmek mümkin."
Goýsañyzlañ, walla! "Synpy" däl-de, "toparçy" garamagy boýnuña dakýan kapitalist kelpeñlik bular.
Nesil kesgitlemesi syýasy kesgitlemedir. Atatürk şeýle diýipdi:
-“Meniñ tanaýan ýaşlarym bu ynkylabyñ pikirlerini we ideologiýalaryny özleşdirip, geljekki nesillere ýetirip biljek ýaşlardyr. Meniñ nazarymda ýigrimi ýaşly bir ýobazyñ eñki agan garrydan, ýetmiş ýaşly bir idealistiñem - ýaş juwandan tapawutly ýeri ýok.” Ynha, nesil şeýdip tanalýar.
Hemmesini bir ugurdan sürmek pikiri bilen "döredijilikli", "erkin ruhly", "aldap bolmaýan", "çäk tanamaýan" diýilýän "Z nesili" nähili ýurt, nähili dünýä gurmaly?
Gürrüñsiz, arasyndan nijeme ýiti zehinli ýaşlar çykar. Emma birugurly "Z nesili" mazamlamasy düýbüne seredeñde ýaşlary şahsyýetsiz (идентичность, kimlik) goýma oýnudyr.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 17.09.2021 ý.





Категория: Publisistika | Просмотров: 90 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
0
2 Revo   [Материал]
@Gökböri, senden bir haýyş bardy: @Soner Ýalçyny tanaýan bolsaň, Türkiýedäki krizisiň esasy sebäbi we Türkiýäniň geljek on ýyly barada prognoz bermäne synanyşýan bir makala ýazmagyny haýyş edip bersene?!

0
1 Revo   [Материал]
Gowy we özboluşly makala. Aslynda soňky nesiliň üstünde tehnologiýanyň kömegi arkaly (esassanam sosial ulgam) uly ekspriment geçirilýäni köplere aýan bolsa gerek. Öňler ylym biorobotlary, emeli intellektleri ýa-da intellektli robotlary ýasama eýforiýasynda ýaşan bolsa, indi tersine intellektsiz, şahsyýetsiz, robot ynsanlary kemala getirmäne synanyşýar. Ol etsem-petsemlerini gizlemek üçinem, soňky, "Z nesliň" aýratynlyklaryny mahabatlandyrýan makalalar döredilýär. Ol makalalarda, soňky nesliň, şu makalada-da görkezilşi ýaly "döredijilikli", "erkin ruhly", "aldap bolmaýan", "çäk tanamaýan" nesil hökmünde görkezilmäne synanyşylýar. Ýöne, adyndan ("Z nesil", "Z" iňlis elipbiýiniň soňky harpy) belli bolşy ýaly, bu nesil, intellekte, şahsyýete eýe bolan soňky nesil bolmaly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]