08:56
Yzyña gaýt
YZYÑA GAÝT

Näçe gezek ýat öýleriñ
aýnasyndan daşa bakdyñ.
Näçe düşek täzelediñ?
Her ýerden läş ysyn alan
Senem myrtar tazymydyñ.
A wyždanyñ sesi näme,
Ýa-da onam öçürdiñmi?
Ynsabyñy top deý depip
Gurruk guýa gaçyrdyñmy?
Özüñi ýigreneñokmy?
Onda gaty ilerläpsiñ!
Bihaýa duýga aldanyp
Kerepläpsiñ, kerepläpsiñ.

Yzyña gaýt, yzyña gaýt
Ýalan bilen ýaşalmaýar.
Hapa ýokan ýürekleriñ
Bäbenegi ýaşarmaýar.
Kalby aglamaýanlar soñ
Iblise-de sapak berer.
Ondan soñrasyn göz öñe
Getirmegem şeýle agyr.

Mukaddes kitabyñ nije
Nije kasamlaryn ýatla.
Bu ýoluñ soñy aýylganç,
Gaýdyp bir ädim-de ätme!

Ahlak yokka, ösmän geçsin
Medeniýet, siwilizasiýa.
Barjak ýeriñ iñ soñunda
Otly gorp bolandan soñra
Çür başyna çykañda nä?

Men naçar, haýyrly dostuñ
Alysdan golum salgaýan.
Seniñ giç aglajak agyñ
Men şindiden aglaýan.

Gaýt yzyña, gaýt yzyña
Ojagyñda garaşýalar.
Barýan ugruñ otly tordur
Çolaşmawer, çolaşmawer.





Категория: Goşgular | Просмотров: 159 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ырка / Goşgular - 06.03.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Sungat bolup galaýyn / Goşgular - 01.01.2021
Paworotti Sumbarda / Goşgular - 04.02.2021
"Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde..." / Goşgular - 11.04.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Çopan / Goşgular - 30.05.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021
Täze goşgulardan / Goşgular - 26.01.2021



Всего комментариев: 25
0
25 Nurdan   [Материал]
Gowy goşgy bolupdyr, Meñlim, gowy "çakylyk" ýollapsyñ, belki "dostuñ" düzelsin. "Düzel" diýmek parz dostuñ beýle ýola düşse, emma öwüt alýan, söz täsir edýän bar, tersine "Düzel" diýeni duşman hasaplap, beterinden-beterini edip güýjürgeýän bar..

M. Gorkiýde şeýleräk bir söz bardy:
.". dostuňy halas etmek iň belent mertebedir".
Galamyñ ýiti bolsun!

0
24 Alaýabyly   [Материал]
Gowşak

0
23 Göktug   [Материал]
tüweleme

0
22 Pero   [Материал]
Sabyrly, ýöne men gözýaşyñ ýürek kirini ýuwýanlygyna ynanýanda. Oña düşünmek üçin duýup görmeli. Kir barymyzyñ ýüregimizde bar. Ýöne her kimde dürli derejede. Aý, ana ýene akyl satan ýaly boldum. Indi, Mango akga maña ýene käýýär :)

0
21 Pero   [Материал]
"Näçe gezek ýat öýleriñ
aýnasyndan daşa bakdyñ."

"Waspy" ýetirilen şeýle gahrymanlar "ýat öýleriñ aýnasynyñ" daşyndan içine äñedýär, içinden daşyna däl.
Haweran akga,bu ýer-de nähili many ýalñyşlyk bolup biler. "Guşşasy bn nähilidir bir öýde jaýda keppede gara öýde görüşmeli bor-a. Onsoñ görüşip bolansoñ daşary seredýän wagtam bardyr-a. Mene-ä şeýle epizodlary gördüm kinolarda:)

0
19 Pero   [Материал]
Arzyman,gahryman ötüşen halda bolsa-da(eger dogrudanam ol şeýle bolsa) umytdan düşmek bolmaz-a. Eýesi ýalkap,belki bir pursatda aklyna aýlanar. Belki beýle bolanam köpdir-de tobasyny bozandyr. "Gel,müñ gezek tobañy bozanam bolsañ gel,bu gapy umytsyzlañ gapysy däldir diýmeýämi(söz-söz ýadyma düşenok öýdýän)

0
18 Pero   [Материал]
Haweran akga,bu saýdy köp adamlañ okaýanlygyna bil baglap,"sesimi eşitdirän" diýdigim boldy. Durmuşda gören eşiden zatlañdan,şaýat bolunanlardan täsirlenip,öñräk ýazylan zat bu

0
20 Hаwеrаn   [Материал]
Ýazyñ, obadaş, hökman ýazyñ. Birki gezek tanamaýan, bilmeýän birlän-ikilän adamlarymyñ ýolda-yzda awtobusda-takside kitapça girip okap oturanlaryny görüp, öz ýanymdan depäm gök diräpdi. Okarlar, eşderler, elbetde. Biz gowy zady ýaýalyñ, ýagşylygy wagyz edeliñ, hiç zat görünmän galmaýar, ýerde ýatmaýar.

0
15 Arzyman   [Материал]
Gowy gördüm goşgyny. Gowy çakylyk bolupdyr. Ýöne gahryman bular ýaly sözler täsir ederden has ötüşene meňzeýä. Neyse, Hudaý gursagyna guýsun.

0
16 Hаwеrаn   [Материал]
Dogry aýdýañ, @Arzyman.
Ol eýýäm goşgyñ başynda "myrtar" bolsa, "tazy" bolsa, oña:

Mukaddes kitabyñ nije
Nije kasamlaryn ýatla.
Bu ýoluñ soñy aýylganç,
Gaýdyp bir ädim-de ätme!


- diýmegiñ ne manysy bar?
Mukaddes kitapdan, ýene bir zatdan ite-pişige ne? It-pişigem Allanyñ ýaradan bir jandary. Ony "myrtar" saýmasak gowy boljak ýaly. Olardan aşak düşen "adamy" olara ýanap, o janawerleriñ günäsine galmalyñ.
Ine, goşgyda ýene bir pikir nädürslügi, logiki terslik. Hem "nije" sözi-de bijaý gaýtalanýar iki gezek.

0
9 Aksary   [Материал]
Mañlaý salýonnyý

Kime diýdilerrrr

0
8 Pero   [Материал]
Söz diñe söze sarpa goýýana täsir eder. Köñlüne söz oky geçmeýän bronźiletli biri bolsa-ha özüm-ä gorkýan şeýle "adamdan"
Goý bu "akylsatmalamam" degişlisine, gepe düşünýäne täsir etsin! Ýagşy niýet ýarym dowlet

0
11 Hаwеrаn   [Материал]
Meñli hanym, siziñ ýigrenjiñize, bu teýenäñize kim sebäp bolduka beýle?
Sözüñizden saýta girýänleriñ birine meñzeýär, eger "akylsatmalar" degişlisine täsir etmeli bolsa?

0
13 mango   [Материал]
@meňli hanym, çalaja göwnüňe alypsyň öýdýän (akylsatmalyny)?

0
14 Hаwеrаn   [Материал]
Kim? Menmi? Aý ýok, gyzyklanma döretdi. Bolany.
Biziñ döredip bilýän, şahyr kalply, owadan gyz-gelinlerimiz nirde bolanda-da goralmaly, goldanmaly, olaryñ göwnüme degýänler ýazgarylmaly.

0
17 mango   [Материал]
@haweran, ýokarky sorag meňli hanyma degişlidi. (düzedeýin, düzetdim).

0
6 Pero   [Материал]
Mango, diñe zenanlary göz öñünde tutýañyz teswiriñizde, buý-ä bir hiliräk bolýa

0
10 mango   [Материал]
men medeniýet-ahlagy pikirlenjek boldum....

0
5 mango   [Материал]
öwüt-nesihatly goşgularda: uff... bol, bahymrak käýýäp bol, bahymrak akyl sat-da dyn.. - diýip bir gulakdan salyp beýlekiden çykarylýar, köplenç, egerde nesihatyň gaty täsirli bomasa...

meňli hanymyň nesihatam beýle bir ýürege düşgünç däl eken.
gowy.
menediniýetli-ahlakly ýerem jedelli....
mysal üçin, başy açygam özüni medeniýetli hasaplaýar, başyny ýapanam.
ýöne, ahlaga gezek gelende.... başy açygyň ahlaklysam bar, başy ýapygyň ahlaksyzam bar....
kynlaý şu mesele.
kosmetikasyza medeniýetsiz diýip bolarmy?
kosmetikala-da ahlaksyz diýip bolarmy?
-----
türk garyndaşlardan tw-de bir genje başy ýapyk, tüýs yslam medeniýetiniň sertlerine uýgun, saçynyň ýeke gylam görnenok, emma ýokarky dodagynda pirsing edip monjuk dakypdyr. az görendir-dä çep gaşynyň deňesinde-de bir-iki sany monjugy düzüpdir....
ýanynda-da ýene bir genje bar. ol başy açyk.... adaty başy açyk genjelerden....
indi sorag.
başy ýapmagyň manysynda üns çekmezlik barmyka diýýän.
ýüzüňi aşa kosmetika bilen reňkläp, pirsing edip "maňa kara" diýdirjek bolsaň onda başyňy ýapmagyň manysy näme?
tersine başy açyk, emma ahlaklydan-ahlakly genjelerem bar...
garaz.... ahlak-medeniýet..... aýyl-saýyl etmek kayn zat ýaly....

0
12 sabyrly   [Материал]
Dogry aýdýaň,@mango,
"Maňa seret" diýýän öýmeli gelnejelerem az däl.

0
4 Pero   [Материал]
Bilbil,"Gözýaş ýüregiñ kirini ýuwar" diýýäler.

0
7 sabyrly   [Материал]
Gözýaş ýürekdäki derdi ýuwup biler,ýöne ýüregiň kiri welin gözýaş bilen ýuwlup gidiberjek närse däl.

0
3 Bilbil   [Материал]
Yzyña gaýt, yzyña gaýt
Ýalan bilen ýaşalmaýar.
Hapa ýokan ýürekleriñ
Bäbenegi ýaşarmaýar.

Gowy ýazylan sözler. Ýürekleriň derdini gözýaşlar ýuwýan bolmaly.
Meňli ýetirip duruň goşgularyňyzdan.

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Birküç ýerde büdreýäni hasaba almasak (meselem, "Her ýerden läş ysyn alan, Sen(em) myrtar tazymydyñ..." Ondan öñ "myrtar tazylyk" eden kim? Ýa-da "Ahlak yokka, ösmän geçsin, Medeniýet, siwilizasiýa." Ahlaksyzlyk -medeniýetsizligiñ miwesi, ahlagyñ bolmadyk medeniýetiñ medeniýetdigine, ösen siwilizasiýadygyna ynanmak kyn, meselem, häzir Owganystanyñ, Yragyñ, Siriýanyñ we ş.m jahyllygyñ örç alyp ösen we dogan-dogany gyrýan yslam ýurtlaryny kim ahlakly, medeniýetli hasap edip biler? Meniñ bir ýaşuly işdeşim bar. Gyzy Çehiýada okaýar. Ýedi dili bilýär we okaýan ýerinde okuwynyñ daşyndan iñlis dilinden okadýar, özem heniz otuzam ýaşanok. Häzir ony ýañky ady tutulan näletsiñen ýurtlaryñ birinde sag-salamat okap ýörendigini göz öñüne getiribem bolmaýar) gowy goşgy. O wajyp däl. Esasy zat pikiriniñ sagdynlygy, näme diýjek bolýandygynyñ düşnüklidigi. Pikir diñe şu ýerde agsajak bolýar:

"Näçe gezek ýat öýleriñ
aýnasyndan daşa bakdyñ."

"Waspy" ýetirilen şeýle gahrymanlar "ýat öýleriñ aýnasynyñ" daşyndan içine äñedýär, içinden daşyna däl.

0
1 Aksary   [Материал]
Men naçar, haýyrly dostuñ
Alysdan golum salgaýan.

Gowy goşgy meñ üçin.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]