21:17
Yzagalaklarmy öñdebaryjylar?
YZAGALAKLARMY ÖÑDEBARYJYLAR?

Ned Ludd…
Şeýle at bilen bir adamyñ ýaşap-ýaşamandygynyñ üstünde 250 ýyldan bäri jedel gidýär.
Tekstil senagatynda - enjamlaşdyrmakda birinji etap - iki dokma mehaniki enjamyny 1779-njy ýylda bilgeşleýin döwüp, bir hereketiñ öz ady bilen ýatlanmagyna sebäp boldy: Ludditler! Ýagny, enjam döwüjiler…
Angliýadaky senagat öwrülişigi tekstil önümlerini awtomatik enjamlarda has çalt, has arzan, has añsat iş güýji bilen öndürmäge başlady. Bu ýagdaý manufaktura senagatyna zarba urdy.
Şeýle-de: Napoleona garşy yzly-yzyna bolan bäş uruşyñ çykdajysy iñlis ykdysadyýetinde we sosial durmuşynda uly çöküşliklere sebäp boldy.
Özlerine “ludditler” diýip at beren gaharly manufaktura eýeleri we işsiz galan gallaw zähmetkeşler aýaga galyp, özlerini bu ýagdaýa düşüren enjamlary böleklemäge başlady.
Yzyndan... ýene real däl Robin Gud mifi ýaly hyýaly ada duwlanyp “Kapitan Swing” gozgalañy turdy.
Birnäçe ýyllap fronta sürlen günlükçiler urşuñ netijesinde enjamlaşmagyñam täziri bilen işlemäge iş tapmadylar. Proletarlaşan obalylaram dargaýyşa sebäpkär saýylan ekerançylyk enjamlaryny döwdüler...
Angliýanyñ zähmetkeşler synpynyñ XIX asyryñ başyndaky bu gozgalañlarynyñ "yzagalaklykdygy" ýa-da "öñdebaryjydygy" jedelleşip gelindi. Mysal üçin, taryhçy Erik Hobsbaumyñ pikiriçe, bu tolgunşyklar öñdebaryjy profile eýedi.
Girişi şunuñ üçin etdim:

• ÝALAN DÜNÝÄ

Metadünýä... (metaverse, метавселенная)
Öñüñizde adamlaryñ real dünýäsi bilen arabaglanyşygynyñ üzülip, wirtuallaşdyrylan täze "tehnologiki öwrülişigi" bar: Älemiñ añyrsy!
Google-nyñ maglumatyna görä onuñ meşhurlygy 2020-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli on essedenem köp artdy.
"Facebook", "Epic Games", "Microsoft", "SK Telecom" ýaly şereketler metadünýä wirtual giñişliklerini gurmagy meýilleşdirýändiklerini jemgyýetçilige mälim etdiler.
"Burberry", "Coca Cola", "Visa" markalar häzirden onuñ bir bölegine öwrüldi. "Gucci" bahasy 3 müñ 400 dollar bolan hakyky sumkasynyñ ýasamasyny çäklendirilen mukdarda öndürip, 4 müñ 115 dollardan satuwa çykardy.
Mark Zukerberg iki aý öñ 1 trillion dollar gymmaty bolan "Facebook" şereketiniñ adyny metadünýä ýanap “Meta” diýip üýtgetdi.
Geçen tomus Bodrumda Zukerberg bilen bile dynç alan "Microsoft"-yñ başlygy Bill Geýts şahsy blogynda Meta meñzeş tehnologiýa şereketleriniñ öñbaşçylygynda ösen wirtual dünýäniñ birküç ýylyñ içinde giñden ýaýrajagyny ýazdy.
Metadünýäniñ düýp mazmuny - iki ölçegli internetdäki durmuşlary wirtual äýnek bilen (we öñündäki çip bilen) üç ölçege öwrüp döredilen wirtual äleme geçirmek. Mysal üçin, iki ölçegli YouTube wideosyna ýa-da kinofilmine tomaşa edip oñman, eýsem onuñ içine girip bilersiñiz! Seretmegiñ ýerine içinde özüñiziñem bolan ösen internet bu...
Munuñ üçin doly bolasymyz gelýän ölçegde makiýažly, gelşiklije, hereket edip, gürleşip, iş geçirip bilýän “Avatar” diýilýän wirtual-surat obrazlary ýasap bilýäris. Şeýlelikde, ýüz millionlarça gatnaşyjynyñ bir wagtyñ özünde goşulyp we üç ölçegli hökmünde fiziki gatnaşykda bolunýan - kripto pullar bilen söwda etmek ýaly añyrsy-bärsi görünmeýän äleme gadam basýarsyñyz.

• HIÇ PIKIR ALŞAMZOK

Biziñ neslimiz kompýuterde köpeldilip bilinjek bir sifrowoý (dijital, sanly) önüme, NFT-ä - Pikassonyñ suratyna berilişi ýaly millionlarça dollar berilmegine añ ýetirip bilenok.
Wirtual dünýädäki bir sifrowoý obraza gymmatbahaly eşik almagyñ nämä peýdasynyñ bardygyna düşünenok.
Mesele şu:
Bärsi - status edinmek, tanalmak we belli bir jemgyýetlere agza bolmak ýaly maksady bolanlara, wirtual eýelik bilen sosial ýüz berilip, “emeli gymmatlyga öwrülen” wirtual dünýä! Käbirleri el telefony ýa-da gymmatbahaly awtoulaglar bilen "dereje eýesidirin" öýdýän bolsa, Metadünýä olara muny wirtual dünyada äberýär… Kim näme islese berýär: awtoulag, konsert, garbanyşhana, uniwersitet, sport kluby we ş.m...
Kapitalizm sosial torlaryñ täze görnüşleri, täze sarp ediş elektronikasy bilen has köp pul gazanmak täze bazaryny döredýär.
Eýsem... Wirtual reallyk indistriýasyna diñe tehnologik tarapy bilen baha bermeli bolarysmy? Bu ýokardan inme “modeliñ” ideologiýasy näme?
Jemgyýetçilik täsiriniñ nirä baryp direjekdigi belli däl metadünýäniñ ugruny derñemek tehnologik paranoiklikmi?
Edil sosial mediýa ilkibaşda döräninde bolşy ýaly Metadünýä häzir diñe el çarpylýar!
Ýakyn dostlarymyñ biri Nýu-Ýorkdaky global marketing agentligi "Wunderman Thompson" tarapyndan çykarylýan sifrowoý žurnal ýollapdyr. Gürrüñ metadünýä hakynda barýardy.
Žurnaly okap bolansoñ, ýadyma "enjam döwüjiler" düşdi!
Metadünýä “tehnologiki öwrülişikmi”?
Yogsa-da:
2006-njy ýyl. Kompýuter asyrynyñ barha howatyrlandyryjy tehnologiýalara garşy passiw protestiñ lidersiz hereketi “neo-luddizm” döredi...
Saýrylaşdyrma serişdesi metadünýäni ýykyp-ýumurmak isleýän Neo-Luddistler “yzagalaklarmy” ýa "öñdebaryjylar?
Bular barada pikir alşamzok, gaýtam "kim prezidentlige dalaşgärligini goýarka" diýip lakgyldaşmagy özümize dereje bilýäris!

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 14.12.2021 ý.





Категория: Tehnologiýa | Просмотров: 89 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Tehnologiýa bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 agza101   [Материал]
"Gucci" bahasy 3 müñ 400 dollar bolan hakyky sumkasynyñ ýasamasyny çäklendirilen mukdarda öndürip, 4 müñ 115 dollardan satuwa çykardy.

ýasamasy däl-de, NFT-si bolmaly. Gapdalyndan onuň originallygyny tasyyklaýan token (kripto barlyk) hem berýärler. Geň. Wirtual älemde-de üsti başyňy bezejek bolsaň, olam aýry dert. Birnäçe ýyl o dünýäde ýaşaýyş dowam etse, iki-üç nesil soň, Matriks-e döner. Hakykat we ýalan bir bolar. Simulasiýa teoriýaçylar mamla bolup biler diýdirýär. Gözüň bilen göreniňem, gulagyň bilen eşdeniňem ýalan. Umuman "Başga Dünýä".

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]