14:52
Ýyllar
ÝYLLAR

...Gitjek bolup durka Köne ýylymyz,
Gürrüñ etsek diñe oñatlyk hakda.
Ugradýan ýylymyz gynanyp gitmez,
Razy bolar-da ýaşar ol ýatda.

Geljek bolup durka Täze ýylymyz,
Gürrüñ etsek diñe oñatlyk hakda.
Täze ýylmyz gelendigne ökünmez,
Ol öz doganyndan bolar has ökde?!

...Gapymyzdan gülüp gelen ýyldanam
Her gün hoş habary sowgat alalyñ!
Beýtmek üçin bitirmeli bir şerti: -
Oñatlygmyzdan hem oñat bolalyñ!

Oñatlyk diýen zat nämedir eýsem?!
Ol - äpet daragtdyr, pudaklary kän.
Üstünde oturyp şol pudaklaryñ?
Elde saklamaly baýdaklary kän:

Oñatlygyñ baş pudagy - DOSTLUKDYR!
Dostluk hakda geldim şeýle pikire:
Toý etsem - toýumy dostlarym tutsun,
Ýogalsam - dostlarym tabşyrsyn Ýere.

Oñatlygyñ bir çybygy - SÖÝGÜDIR!
Köpeldigisaýy söýgiñ güllerem. -
Bezäp-bezäp biz ýyllary ugratsak,
Bizi bezemäge geler ýyllaram.

Oñatlygyñ bir şahasy - ZÄHMETDIR!
Şol şahadan kök urandyr bossanym.
Süýji zähmet goý ýadatsa ýadatsyn.
Süýji zähmet - myrat edýär islänim!

Söýgi bolup, Zähmet bolup, Dost bolup,
Dulumyza geçsin, Täze ýylymyz!
...Ýyllar adamlary arassa saklar,
Ezizläp saklasak Täze ýyly biz?!

Gurbanýaz DAŞGYNOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 01.01.1987 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: Haweran | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Häsiýet / Goşgular - 04.01.2022
Деревенская любовь / Goşgular - 20.01.2022
Дюны Дюнкерка / Goşgular - 11.01.2022
Новогодний тост / Goşgular - 15.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Gahrymanyň gelni / Goşgular - 14.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]