09:07
Ýyldyrym
ÝYLDYRYM

Eý, ýyldyrym!
Jan, ýyldyrym!
Sen nämüçin ömrüňde
Ýeke ýola ýylgyrdyň?!

♢ SUNGAT

Ýöräp barýar naşyja gyz
Ýalkym salyp töwerege.
Gördüm, ýüze syldym, diýdim:
"Tüweleme!!!"

Suratkeş bor keşbin gören,
Sesin eşden ozan bolar.
Diýdim:
"Seni ýaradan Alla
Gör, nähili Gözeldir."

Beýle nepis, anjaýyn gyz
Eder işin bilýändir.
Umyt edýän: " Allam sen deý zybany
Betbagtlyk üçin döreden däldir".

♢ JORAMA

Asman ummanda ak bulut
Özbaşyna ýüzüp barýar.
Dostlaň perwaýsyzlygyna
Ýüregini ezip barýar.

Soňam olary bagyşlap,
Gulaçlaýar dag-deňizni.
Asmana garan wagtyňyz,
Şol ak buldy gördüňizmi?!

2019 ý.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 112 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Senmi, gülmi? / Goşgular - 30.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
"Ложится на рассвете легкий снег..." / Goşgular - 21.02.2022
Система йогов / Goşgular - 11.01.2022
Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022
Джульетта / Goşgular - 04.02.2022
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
Bäbejik / Goşgular - 12.01.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022



Всего комментариев: 3
0
2 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Ÿyldyrymy śeÿle gözel, šeÿle täsin duÿup bilÿän, suratlandyryp bilÿän śahyra Türkmen ili guwanyp biler, köpler ony gysganybam biler. Ÿaśa Suraÿ!

0
3 sabyrly   [Материал]
Guwanýandyrys! :)

0
1 mango   [Материал]
Eý, ýyldyrym!
Jan, ýyldyrym!
Sen nämüçin ömrüňde
Ýeke ýola ýylgyrdyň?!

sähel pursatlyk ömründe ýyldyrym haçan ýylgyryp ýetişdik-ä?
ýylgyran ýyldyrym – nähili gowy ýyldyrym.
ýyldyrymyň ýylgyryşyny diňe şahyrlar görüp-duýup biler...
biz ýaly töňňelere ol ýylgyryşy görme ýok. :-)

"Özbaşyna ýüzüp barýan ak bulut" hem gowja kartina.
üstünlik.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]