13:49
Ýyl täzelenýär
ÝYL TÄZELENÝÄR

Aýlanyp dur pelegiñ çarhy,
Ýyl täzelenýär, dolanýar aýlar.

Zemin dowam edýär öñki ýoluny,
Günem üytgetmeÿär köne salyny.

Ýapraklar tänýär
siñÿär topraga
Adamlar ölýär
çümýär ýapraga.

Aladañ däldir ölüm barlygy,
Dirilik agramyn göterýäñ neneñ?
Jogap, soraga!

Ölýär adamlar,
dostlaryñ ölýär.
Topraga öwrülýär aşyk tenimiz.
Sen säginýäñ,
sen dymzañ!

Hormatyna dostlugyñ,
hormatyna ynsanyñ,
hormatyna zeminiñ
hormatyna asmanyñ
dym,
dym bir salym!

Dym!
hatyrasyna ölmüñ.

Dymýañ hormatyna barlygyñ,
hormatyna ölümiñ.

Onsoñ oÿlanÿañ …
"Aýlanýar pelek,
gaÿtalanýar ynsan,
Dogulýar,
ölär,
dogul,
öl

Tekrar, tekrar
Galÿar müñ ykrar.”

Ýene ýüz tutýañ …
"Eÿ ykrarsyz asman,
Bu dogulmak, ölmek, ýene dogulmak
nämäñe gerek?”

Ybrahym B. 2022





Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
«Ты тайна тайн моих...» / Goşgular - 25.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Eje / Goşgular - 15.01.2022
Pederime / Goşgular - 18.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022
Ýyldyrym / Goşgular - 27.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 6
0
6 Mahremlik   [Материал]
Gosgy gaty gowy sozum yok berekella

0
3 mango   [Материал]
Topraga siňmege, topraga öwrülmege iki gezek ýüzlenişiň artyk ýaly Ybraýym däde…

Ýapraklar tänýär
siñÿär topraga
Adamlar ölýär
çümýär ýapraga.

Ölýär adamlar,
dostlaryñ ölÿär.
Topraga öwrülÿär ašyk tenimiz.
—-
Hemem şol “dym” diýýän ýeriňde…

Hormatyna dostlugyñ,
hormatyna ynsanyñ,
hormatyna zeminiñ
hormatyna asmanyñ
dym,
dym bir salym!

… “dym” diýeňde orslaryň däbi “минута молчания” (bir zadyň hatyryna bir minut dymmak) kellä geldi.
Aslynda dymmak bize-de ýat bir zat däl, onda-da zaýalanan kelled-ä, derrew “минута молчания” ýada düşdi.
—-

Tekrar, tekrar
Galÿar müñ ykrar.”

Ÿene ÿüz tutÿañ …
„Eÿ ykrarsyz asman,
Bu dogulmak, ölmek, ÿene dogulmak
nämäñe gerek?”

‘Ykrar” - bir zady tassyklamak, kabul etmek, dogry hasaplamak manysyndamy?
Ýa “ygrar”-my. Wada, lebiz, söz…

0
5 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Mango daÿy, “Dym” bärde-de bolansoń, bizem öwreniśen bolmaly, Sözüńiz hak! Ykrar sözüni wada, äht, peÿman manyda getirdim. Ÿalńyś bolsa aÿyraryn. Ÿene bir gezek sagja boluń!

0
2 mango   [Материал]
Aslanyp Aýlanyp dur pelegiñ çarhy,
Ýyl täzelenÿär, dolanýar aýlar.

Zemin dowam edýär öñki ýoluny,
Günem üytgetmesär üýtgetmeýär köne salyny.

0
4 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Tayp ÿalńśy, baśarsam düzederin. Tańry ÿalkasyn Mango bellik üçin!

0
1 Mähriban   [Материал]
Täze ýylda täze goşgy üçin sag boluň, Ybraýym halypa!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]