21:41
"Ýýak, hawa-la..." / ýumoreska
"ÝÝAK, HAWA-LA..."

- Durmuşda köpler pul diýip hars urýarlar weli, esasy baýlyk saglyk dälmidir?
- Ýýak, hawa-la...
- Ony diýen bolýas. Ýöne puluñ bolmasa-da, aljak galañ-a ýok.
- Ýýak, hawa-la...
- Ýeri, bor-la. Bal diýeniñ bilenem agyz süýjäp baranok. Alýanja aýlygymyz, şükür, maşgalamyzy aýlamaga-ha ýetýär. Galan zatlañam näme, bir zady bor-da?..
- Ýýak, hawa-la...
- Ýöne, dogrusy, bir aýlyga ýaplanyp oturmagam... Baý, eklenmegem kyn bold-ow.
- Ýýak, hawa-la...
- Dogry, käte gazete-beýlekä odujak-budujak zat çyrşan bolýas weli, şondanam bäş-üç şaý gelmän-ä duranok. Eýsem, şo-da çagalara süýji-köke almaga...
- Ýýak, hawa-la...
- Bäh! Bir kitap ýazyp, ogluny öýerýän ýazyjylar barmyşyn. Şolar dagy diýýän-ä, gaty baýdyr-ow?..
- Ýýak, hawa-la...
- Olañkyñ ýanynda dagy, biziñ alýanja gonorarymyz... Bäş-üç manatdan pul bolýarmy diýsene.
- Ýýak, hawa-la...
- A-aý, bolýa-la. "Kanagata bereket" diýipdirler. Jan saglygy bolsa, dura-bara hemme zadam bolar barar-da.
- Ýýak, hawa-la...
- Şeý diýen bolaýýas, ýöne özüñçe barly-ýoklar gapdalyndan "Wolgaly" ýa "Žigulili" daz ýasap geçip gidýärler weli, içiñ ýangyjyna özüñi öldüresiñ geliberýär, how?!
- Ýýak, hawa-la...
- A-how, diýýän-ä, men nämeler samran bolup durun-a?! Indi gel-gel, ölümden başga gürrüñ tapmadyñmy diýsene.
- Ýýak, hawa-la...
- Bir zady zol-zol gaýtalap dursañam, ýüregiñe düşüberýär.
- Ýýak, hawa-la...

Sahyt ORAZALYÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 25.08.1989 ý.





Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 91 | Добавил: Haweran | Теги: Sahyt Orazalyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]