20:35
Ýüzlük puluñ monology
ÝÜZLÜK PULUÑ MONOLOGY

Sanlyja ýyl mundan öñ Hydyr gören ýüzlük men,
Ähli ýerde islenip, gadyr gören ýüzlük men.
Peýdakeşleñ elinde südür gören ýüzlük men,
Wezipelä, güýji ökdä hödür gören ýüzlük men,
Käteler yzarlanyp, şatyr gören ýüzlük men.

Käbir öýde goş basdym, käbir öýde gonakdym,
Käte şeýle çakgandym, käte şeýle çonakdym,
Ýeñýän azdy jedelde, özdiýenli eñekdim.
Käte ýürek bulaýan, bir ýigrenji siñekdim,
Ähli ýerde hökmi zor, döşe uran ýüzlük men.

Ýatyp gördüm sandykda saman ýaly saralyp,
Käte düşdüm howsala günde telim sanalyp.
Kä ýoguma ýandylar, azar gördüm gynalyp,
Çyna berimsiz ýalan sözläp bildim synalyp,
Kä eýämden öñürti sözläp duran ýüzlük men.

Akyllydym, danadym, döwür döwran elimde,
Maña yşky düşenler hozanakdy golumda,
Ýanyp gördüm burugsap, meñ garylan çilimde,
Wepaly men ähdime, seda çykmaz dilimden,
Käte-käte humarlap, ganat geren ýüzlük men.

Nirä barsam arzyly, öýe girsem tördedim,
Ähli kürsi meniñki, men islendik kärdedim,
Ejiz duşsa, başym boş, güýçli bolsa ärdedim,
Garbardylar duşdugym, diýmän ozal nirdediñ,
Hemme göze görünmän ömür süren ýüzlük men.

Ne döw çaldy bilmedim, gaçdy gadyr-gymmatym,
Leşger tartyp barsam-da, ýok ozalky hümmetim,
Walýutamy, dollarmy, üýşüñ ähli ymmatym,
Gazyñ meniñ gabrymy, üstüme tiz gum atyñ,
Ryswa bolup bagryny ýere beren ýüzlük men.

Nowruz GURBANMYRADOW.

"Tokmak" žurnaly, 1993 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 44 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Nowruz Gurbanmyradow | Рейтинг: 4.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Biliñ / Goşgular - 26.05.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Hüwdi / Goşgular - 14.04.2021
Mätäç men... / Goşgular - 09.02.2021
O ne beýle? / Goşgular - 12.02.2021
Durmuşdan duýgular / Goşgular - 07.01.2021
Haýrana derek / Goşgular - 29.01.2021
Melegiñ aýdymy / Goşgular - 10.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]