15:43
Ýuwaş! / gülküli hekaýa
ÝUWAŞ!

Aýlygyny alyp pullanan gelin bazara gitjek bolýar.
- Dur, keýwany! Agyr ýük göterme, ýeke özüñe kyn bolar. Ýanyñ bilen gidip, kömekleşeýin - diýip, adamsy rehim edýär.
- Aý, bolýar-la, kakasy. Özüm giderin, sen arkaýyn dynjyñy al - diýip, aýaly ýeke gitjek bolýar.
- Ýok, ýok, keýwany, seni ýadadyp bolmaz. Häzir bileje gideris.
- Bolýar-da onda. Ýöne... Kakasy, bazara barañsoñ, satyjylar bilen dawalaşyp durmagyn. Zatlary özüm alaryn. Sen diñe göterişseñ bolýar - diýip, aýaly haýyş edýär.
Tirkeşip, allanäme bolup bazara barýarlar.
- Süzme näçeden?
- 20 müñ.
Adamsy süzmäñ ýüzünde yzyny goýup, barmagy bilen ýalap görýär-de:
- Turşy süzmen 15 müñ bolanda bolanokmy? - diýip, satyjy gelne ýüzlenýär.
- Ýok, bolanog-a, daýy. Hon-ha, 30 müñden satyp durlar.
- Hany onda çemçäñi ber. Düýbünden agdaryp görjek. Geçen gezek alan süzmämiziñ içine könelen tworog garylan eken.
- Alsañ, al, agam, almasañ, gidiber - diýip, gelin beýlesine bakyp oturýar.
- Bulara kemini aýtsañ, halamazlar - diýip, ýaşuly gaty sesi bilen gürleýär. Onda aýaly: "Ýuwaşrak, kakasy. Hon-ha, tanyş aýal barýar, utanýan" diýip, duýdurýar. Soñam:
- Sen dur şu ýerde. Häzir özüm alyp gelýän - diýip, başga bir satyjydan süzme alyp gelýär.
Oña çenli adamsy:
- Sogan näçeden?
- 10 müñ.
- O nähili beýle. Teke bazarynda 6-dan, 7-den. Näme, bu bazaryñ sogany üýtgeşikmikä?
- Aý, agam. Üýtgeşik näme işlesin. Söwdagärler köp bilýär-ä. Köp gatly jaýlaryñ ýakyny bolansoñ, alyjy köp, şoñ üçin şeýdýärler. - diýip, başga bir alyjy gürrüñe goşulýar.
- Ol oturana dagy bir seret. Töweregine çüýräm hurma ýaýradyp. Ýeri, zaýalanmanka arzanyrak sataý-da. Adama iýdirenden, çüýredip ýere dökenlerini gowy görýärler. Bular söwdanyñ tärini bilenoklar. Gurbanlyk güni soganyñ nyrhyny galdyrýan söwdagärler-dä. Il-ä haýyr-sogap üçin gurbanlyk edýär, bular bolsa şo gün nyrhy galdyrýarlar - diýip, ýaşuly käýinýär. Mañlaýyny eliniñ aýasy bilen tutup, diñläp duran aýaly:
- Häzir ähli almaly zatlary alyp gelýän. Şu ýerde garaş. Onsoñ derrew taksili öýe aşaly. Kelläm agyryp başlady - diýip, hasanaklap gidýär. Köp eglenmänem, ýüklenip gelýär-de:
- Ýör, kakasy. Taksi tut - diýip, tirkeşip ýola çykýarlar. Taksiniñ yzynda aýaly, sürüjiniñ gapdalynda adamsy otyr. Öýleriniñ deñine ýetýär welin, ýaşuly:
- Inim, şu ýerde saklanaý - diýip, sürüjä ýüzlenýär-de, 10 müñlügi uzadýar. Sürüji:
- Bar berýäniñ şum-aý, agam? - diýip, nägilelik bildirýär.
- Hawa, dagy näçe bermeli? Şu iki aralyga bir kürşge benzin ýakañok ahyry - diýip, ýaşuly düşündirjek bolýar. Sürüji bolsa puly ulagyñ tekjesine aýlap taşlaýar.
Adamsy:
- Naýynsap - diýip, käýinip başlaýar. Onda aýaly:
- Näme, jigim. Porsap duran ulagyñ ysu üstümize çykyp gitdi. Iki ädime ýüregim bulanyp zordan geldim. Arkañ bilen getiren ýaly-la, minnet edip. Başga sürüjiler şu aralyga 10 müñ manat berseñ, 5-ini gaýtardyp berýärler - diýip, gapyny ýapýar. - Düş-de, ýap gapysyny. Ynsaply ýaşamak ýeke bize degişlimi? Razy bolmasa, tersine razy bolsun - diýibem gaharly gürläp, adamsyna ýüzlenýär. Şol wagt sürüji ulagyny ala-tozan edip, gahar bilen sürüp gidýär. Ýaşulynyñ aýaly bolsa ondan beter gaharlanyp:
- Ozal bazara ýeke özüm gidip, awtobus bilen gelen bolsam, gowy bolardy - diýip, tasanjyrap ýöräp ugraýar welin, adamsy:
- Ýuwaş... Keýwany, hon-ha, tanyş adam barýar meni utandyrma - diýip pyşyrdaýar.

Akgül SAPAROWA.





Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 64 | Добавил: Haweran | Теги: Akgül Saparowa | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]