02:04
"Ýürekde agym bar..."
"ÝÜREKDE AGYM BAR..."

Ýürekde agym bar hiç aglanmajak,
ýürekde zarym bar zarlanmajak,
dagym bar daglanmajak,
bagym... baglanmajak
ýürekde armanym...

neneň onsoň şatlykda aglamajak

♢ GOŞGY DIÝMEK - YKBAL

Goşgy diýmek - näme diýmek?
Goşgular - ykbalym, dogan!
Bar ömrüm otda ýansa-da
meň kiçijik goşgularmy
Otlarda ýakmaýyň, dogan!

Gijeýarym perişdeler
Örüzmezler goňşularmy.
Ýöne hökman okar olar
petigara goşgularmy.

Asla olar goşgam däldir,
Ahmal, özüm aldamagym.
Ýöne maňa agyr düşýär
Kalbym ýazman garramagym.

Ýüzüne tüýküriň olaň,
Tankytlaň ýüz öwürmerin!
Gabyr gazyp gömüň weli,
Diri ýakmaň şygyrlarym!

♢ ÝAZ!

Ýaz!
Soňuny saýman ýaz!
Gelen bolsaň dünýä
Agla-eňre,
ýöne
ýürek köşeşmeýär.

Sen nirde, ykbal nirede?
Men nirde, takwa nirede?
Ýaz igle-de,
iňle-de,
Sen dönme Hak ýolundan
dünýe dönse-de.

Ýalňyşsyz bolar diýemok,
Ýalňyşmak - düzelmäge mümkinçilik.
Hemme zady bagyşlamagy
asla bilmerin kiçilik.
Syratdan aman-sag geçmeklik üçin
umydym bar kiçijik.

Ýaz!
Ýalňyşsaňam ýaz!
Ýadasaňam ýaz!
Ýaýdansaňam ýaz!
Sebäbi ömür az,
ýazmaly zat kän.
Şoň üçin demiňem alman,
ýaýdanma-da,
ýadama-da,
ýalňyşma-da,
ÝAZ!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hal / Goşgular - 02.01.2022
Деревенская любовь / Goşgular - 20.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
«Белый, белый, белый, белый...» / Goşgular - 18.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Meni saklap bilermiň sen? / Goşgular - 15.01.2022
Я уеду, я уеду... / Goşgular - 15.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
"goşgy diýmek - ykbal"-da ýürekgyýyjy haýyş bar.
"ýaz"-da gowy we dogry maslahatlar bar.
haýyşyňy bitirip, maslahatyňyz almak gerek.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]