03:16
Ýürek sedasy
ÝÜREK SEDASY

Dürüşde geçmişiň tagamyn dadyp,
Boşap galan öz dünýämde gygyrdym.
Unudylyp galan çäýnek mysaly,
Gaýnadym.
Döküldim.
Soňam bugardym.

Ýasama ýylgyrşyň nikabyn geýip,
Käte syrly, kä ýarymam düňledim.
Şeýdip kem-kem ýalňyzlyga imrigen -
ýüregimiň sedasyny diňledim.

Köp gezdiler dogan ýaly gatnaşyp,
Soňunda barybir "ýat ogly" boldum.
Iller "Şatlyk" bilen söýüşýärkäler,
Men "Gamgynlyk" bilen adagly boldum.

Her kim gatnawynda gitýärem welin,
Ykbalym wokzala meňzeýän ýaly...
Henizem bir petek eýesiz ýatyr,
Ýaradan bir ýerde egleýän ýaly...

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Речка Руза / Goşgular - 29.01.2022
Вечер / Goşgular - 20.02.2022
Şahyr hakda rowaýat / Goşgular - 22.02.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022
Tapylmaýan zat / Goşgular - 29.01.2022
Talant gara däldir / Goşgular - 22.01.2022
Ýadygärlik galsyn / Goşgular - 23.01.2022
Сон / Goşgular - 21.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Gözleg / Goşgular - 17.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]