17:36
Ýüregime!

ÝÜREGIME!

Kim bilýär, belki-de ýara hem däldir,
Kä ýaralar bitdi gitdi juda tiz.
Köz gaçanda ýüregimiň üstüne,
Diňe sen bejerip başarardyň, güýz!

Ulaldan bolsa-da ýowuz Garagum,
Kän gaçypdy ellerimden küregim,
Ýer süýşen deý süýşen wagty ýüregim,
Diňe sen bejerip başarardyň, güýz!

Ähli ýaşlar akýar seniň üstüňden,
Agyrtdylar seni gülüp üstümden,
Ejir çeken wagtym – aglap ümsümden,
Diňe sen bejerip başarardyň, güýz!

Bir gün durmuş diýer:«Özüňiz oňuň!»,
Şonda ýagty bolsun, eý, adam öňüň!
Agyrmaýan güni barmydyr şonuň?!
Diňe sen bejerip başarardyň, güýz!






Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Halturaçy we okyjy / Goşgular - 05.04.2021
Söýgi goşgusy.. / Goşgular - 06.04.2021
Психея / Goşgular - 03.06.2021
Вчера ещё в глаза глядел / Goşgular - 04.04.2021
Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
Talantlar / Goşgular - 01.03.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Kakama / Goşgular - 26.01.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Zehin   [Материал]
Menin in halayan sahyrymda su Ogultaç gelneje

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]