19:53
Ýüregimde sen bolarsyň
ÝÜREGIMDE SEN BOLARSYŇ...

Tebigatym berse howam,
Ýüregimde sen bolarsyň.
Jürküldisi barka sabaň,
Ýüregimde sen bolarsyň.

Sen birýana, dünýe birýan,
Sensiz jan-u-bagrym girýan,
Gaplasa-da güller dünýäm,
Ýüregimde sen bolarsyň.

Bakman dertleň artandygna,
Kebzämdäkler dartandygna,
Düşsem ýollaň çarkandagna,
Ýüregimde sen bolarsyň.

Söýgi uýap, gaýzyganda,
Ýeke-ýalňyz hamsygamda,
Bagtly günde, gaýgylarda,
Ýüregimde sen bolarsyň.

Durmuş - sahna, ömür - perde,
Munda galmaz hiç bir bende,
Janym çykýança bedende,
Ýüregimde sen bolarsyň.

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bagtly boldum / Goşgular - 20.02.2022
Бессмертие / Goşgular - 17.02.2022
Güýmenje / Goşgular - 26.01.2022
Звезда / Goşgular - 25.02.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Ukudan oýanmak ýa-da Jentlmene telegramma / Goşgular - 23.02.2022
Ugurtapyjy towşan / Goşgular - 04.01.2022
Söwdügim / Goşgular - 26.01.2022
Последний человек на Земле / Goşgular - 04.02.2022
Ejeme hat / Goşgular - 23.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]