12:50
Ýüregim bir seni görkezýän kompas
ÝÜREGIM BIR SENI GÖRKEZÝÄN KOMPAS

Ret etme söýgimi, ýaşap bilmerin,
Öz adyňy täleýimden öçürme.
Yşgymy goşgy edip ýazyp bereýin,
Alaý, akja ýüregiňe göçür-de.

Gözleriňden göterimne yşk alyp,
Ýüregimi goýdum gülüm, girewne.
Garyp düşüp, ýitip barýan gözlerden,
Garaşyp men seniň meni görerňe.

Söýýän sözleriňe synag tabşyryp,
Ýykylyp geldim-le şu güne çenli.
Häzire çen umyt beren uçgunyň,
Görmek islemeýän şu gün öçenni.

Ýüregmi suw etdiň, a men barybir
Yşgyňda ýüregim suwluja boldum.
Pes baha alsamam sapaklarymda,
Men seniň ugruňda şowluja boldum.

Göýä saçlaň tarlaryna baglanan,
(Näçe gizleseňem) umyt üzük däl.
Ýüregim bir seni görkezýän kompos,
Ýöne sen meň üçin demirgazyk däl.

Seýran SEÝITMÄMMEDOW.

Makalaň çapa çykan ýyly: 2015 ýyl

Makalaň metbugat çeşmesi: " Esger" gazeti

Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Mahremlik | Теги: Seýran Seýitmämmedow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Исповедь / Goşgular - 24.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Финская мелодия / Goşgular - 24.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 Hyýalkeş   [Материал]
Jemlemäñ superdigini diýäý-dä.
Dogrusy, Seýran awtoryñ goşgulary hemişe-de ünsümi çekip geldi.
Üstünlik arzuw edýän!

0
4 Mahremlik   [Материал]
@mango siziňem teswirlerňiz gowy

0
3 mango   [Материал]
Gowy goşgy…

Yşgymy goşgy edip ýazyp bereýin,
Alaý, akja ýüregiňe göçür-de.

Goşgyny ýazyp bereňsoň, ony göçürmek nämä gerek….. belki ýat tutmalydyr… :-)

—-

Gözleriňden göterimne yşk alyp,
Ýüregimi goýdum gülüm, girewne.
(prosentine yşk almagyň hemem ýüregi zalog goýuşyň gyzykly… yşky yzyna berip bilmedigiňçe-de yşk-bergiň köpelýändir. Bergiňi berýänçäň zalog-ýüregiňem onda galar… ýüregimi ber diýip barsaňam, onda yşkymy yzyna ber diýer…. Gyzykly bir ýagdaý).
Garyp düşüp, ýitip barýan gözlerden,
Garaşyp men seniň meni görerňe.
(prosentine alynan her bir zat, ol yşgam bolsa garyp goýar…. Prosent, prosent bolýar)..

Seýran däde, gowy goşgy…
Berekella.

0
2 Mahremlik   [Материал]
Sag bolu! Sizem gowy teswirler ýazýaňyz

0
1 Mähriban   [Материал]
Seýranyň delje setirli goşgulary kän, tüweleme! Ellerine güller bitsin!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]