14:25
Yşk mekany ataş, ataş mekany arş -6/ dowamy
Magtymguly agşamara goşa bardy. Janaman hepbik bilen, çirtmek bilen iki sany käkilik awlap, nahar edipdir. Birerlerden Kynyş begem ýetip geldi, aýdyma hiňlenip. Ol daglaryň bukusynda eken serkerem otlaryny görüp gelipdi, serkerem otundan iýip gelipdi. Kynyş beg ýylym atyp ýylgyryp ýördi.
--Kynyş däde, niräk ýitip gitdiň-äý?
--Haý, beglerim, haý beglerbeglerim, menden ýurt soraň! Janamanjan, Hindistany bereýinmi täji-tagty bilen ýa Rumystany? Haý beglerbegim Magtymjan, Süleýman pygamberiň howada uçýan tagtyrowanyny bereýinmi, ýa uçmahy açaryny? Hah-hah-ha! Şumat meniň aýdanym bolýar, diýenim gelýär!
Janaman agasynyň alkymyna baryp gözlerine dikan seretdi, agzyny ysgady. Bagtdan ýaňa uçganaklap ýören Kynyş begiň şeýlebir keýpi çagdy, asyl söz bilen beýan eder ýaly däldi.
--Beglerim,göwnüňiz näme küýseýär? Diýen zadyňyzy dessine bitirýän.
--Kynyş dädem, meni şu demde on ýedi ýaşa elt!
--On ýedi ýaşda körüň barmy?
--Meni on ýedi ýaşa eltip bilýämiň ýa ýek?!
--On ýedi ýaşap näm etjek?
--Öýlenjek!Nedir şanyň körpe gyzyna ýeýlenjek.Şahynşanyň köre-keni boljak. Ýaňyja on alty ýaşap ýören türpe jenan Hoşhaljan perimiş, peýkermiş. Hoşhaljany aldygym, şahynşanyň tagtyny aldygym!
--Pahaý, arzuw etmänem oňarmaýan pöwhe peläket!
Orta ýazylan ýaglygyň üstüne çörek, çally jam, börtmeli okara goýuldy. Kynyş beg Janamana:
--Bar eliňi ýuw!—diýdi. Janaman ýekuş gördi. Mantymguly ýylgyrdy:
- Howa bilen teýim edäýsene!
Käkilik börtmesi şeýle bir datlydy,asyl iýip doýar ýaly däldi. Janaman heziller edip, keýpine dilini-dodagyny şapbyldadyp, lezzet bilen iýýärdi. Kynyş beg:
--Şapbyldaman iýsene—diýdi. Janamanyň:
--Şapbyldaman minnet iýilýändir,şapbyldaman tötek iýilýändir Kynyş däde! Heý käkilik börtmesinem şapbyldaman iýip bormy?.. Janaman-han onuň şapbyldysynam şapbyldadyp heziller edip iýýär!—diýdi. Bir salymdan Kynyş beg bilen Magtymguly çekildi. Janaman bolsa golunyň göterdiginden aňyrsyna atýar.
--Boldy edäý indi.
--Pahaý, Kynyş däde, men entek düýnki, öňňünki ýarymaç gezen günlerimiň kazasynam iýemok.
--Iýiber eliň garraýança.
--Nähili? Käkilik börtmesi süýji bolupmy?
--Kes iki gulagymam Kynyş däde, wäk diýsem çek gulagymyň düýbüne! Walla, ömrümde şeýle datlyja, süýjüje börtme iýip görmändim—Janaman aýratyn lezzet bilen sözlerini süýjetdi.
--Baý, baý datlyjadyr-a,süýjüjedir-ä! Sebäbi näme?—diýip Kynyş beg Janamana seretdi, ol eginlerini gysdy. Magtymguly:
--Sebäbi ol käkilik janawerleň süýjüje jany-da!—diýdi.
--Anha, Janaman han, sebäbini Magtymgulydan eşt!—diýip, Kynyş beg uludan dem aldy.—Günämizi Biribaryň özi geçirewersin-dä!..—Ol başyny ýaýkady.—Adam atly mahluk, wagşy, ýyrtyjy, nadan süýjüje ýaşajak bolup janly-jandarynyň şirin janyny öçüriberýär-dä!..
--Nätjek-dä, al-asmanda uçup barýan ak guwlary, gök durnalary synlap ýerde ok-ýaý ýasan adam ogly-da biz!
Kynyş beg Magtymgulynyň aýdan sözüne aňk bolup, köp wagt tiňkesini dikip durdy. Onýança Janaman:
- Çyn-Maçynyň ilaty howada uçýan, ýerde ýöreýän,suwda ýüzýän ähli janly-jandarlary iýýämiş, şonda-da ol ýurduň halky şeýle bir hormuş, görgüli-lerde çybyn çakmaga-da gan ýekmuş. Hindistanyň halky bolsa hiç bir janly-jandaryň janyny öçürmeýämiş,miwe-siwe,iýr-iýmiş bilen kör-oňňut ýaşaýa-myş, horlugyndan ýaňa kölegesi ýere düşme-ýämiş—diýip hekerdi. Magtymguly:
--Hudaý ýekdan bar edýär, adam bardan ýek edýär.
Söz Allanyň adama beren peşgeşi hem bahasyz baýlygy: emma haasu-aam onuň gymmatyny bilmän, ýele sowrup ýör. Magtymguly ýaşlykdan ylla tüpeň oklan ýaly her bir jümläni manydan-maňyzdan, pähimden-paýhasdan oklamaly-dygyna akyl ýetiripdi. Boş söz, palak-pak jümle gögermeýär, pagtabent jümle nyşana degmeýär! Ol oýlanyp:
--Serediň, Biribar gara garny doýurmak üçin ýekeje ýyrtyk—diýip, garnyna, soňra serine barmak çommaltdy –bu gara kelläni doldurmak üçin bolsa dört sany ýyrtyk: iki çyragly göz, iki eşitgir gulak goýupdyr. Gara garny doýurmaga el ýaly çörek ýeterlik, emma telpekgeýeri doldurmak üçin uzyn-uzyn ömürem gysga bolýar—diýdi.
--Käkiligiň şorja börtmesinden soň eşiden gepiň akylly bolup dur-aýt— Janaman keýpihon gägirdi. –Kelamy—kibar, kibary—kelam est, kepläber Magtymguly—diýdi. Kynyş beg:
--Gören zadyňyzdan, eşiden zadyňyzdan netije çykaryp atyberiň gara başyňyza,iru-giç geregi çykar! Emma adam bolýar gara garnynyň ugrunda hallan atyp, hars urup,bütin ömrüni ýekeje ýyrtyga pida edýär, adam bolýar, bütin ömrüne gara başyny ylymdan-bilimden, pähim-paýhasdan doldurjak bolup azap tartýar. Ynha, Janaman han,sen birneme akyllanaýmasaň, ömrüňe garynotuňa işläp geçjek janawerlerden bolarsyň—diýip, Janamanyň başyny sypalady. Magtymguly:
--Kynyş däde, bi many gepleri nireden tapýaň-aý? Walla, sen melhem ot-çöpüň deregine many-many,dana-dana kep ýygnaňda, hezreti Eflatuna şägirt bolup bilerdiň—diýdi.
--Men nähili manyly,parasatly zat aýdyp bersem,ony Döwlet dädemden eşidendirin, nähili gyzykly zat aýdyp bersem, ony Selim dädemden eşidendirin.
--Atam Magtymgulydan eşiden gyzykly gürrüňleriň ýekmy?
--Bar, gaty bir gyzykly, iru-giç siziň bilip goýaýmaly bir wakaňyz bar, emma men ony size aýdyp bermeýän.
--Näme diýip?
--Sebäp dädem pakyr hiç ýerde,hiç kime aýdyp beräýme diýdi-dä!
--Kynyş däde, Hudaý çapsyn, men senden şeýle bir öýkelärin, ynha, seret şeýdip öýkelärin, mundan buýana seniň keýik kakmajyňam, käkilik çorbaňam, kömelek gutabyňam, gelnejemiň edip berjek dogramasynam iýmeýän! Mundan buýana seniň beren gürrüňleriňem,hekaýatlaryňam diňle-meýän, men ýüz esse öýkelesem,Magtymguly senden müň esse öýkeleýär!
--Hah-hah-ha! Ikiňizi nädip öýkeledip bilerkäm diýip görgä galyp ýördüm, bü-ýä allanäme bolaýdy!—diýip,Kynyş beg çyny bilen güldi.—Men size bir wakany aýdyp bereýin.
Kynyş beg oglanlary hasam gyzykdyryp, Döwletmämmet aganyň ýaş mahaly Bagdatda, Rumda, Şamda,arapda-ajamda okaýşyny,ýigrimi bäş-ýigrimi alty ýaşaýança öýlerine-de gelmändigini, ahyry dergazap bolan Magtymguly ýenaçynyň Gürgeniň kerwenine goşulyp Bagdada gidişini, hezreti piri ynjydyp, ogluny zor bilen alyp gelşini gürrüň berdi.
--Ýüz-ýüz elli düýeli kerwen Arabystanda bir köse dagyň jülgesi bilen gelýärkä, ýetmiş-segsen atly-ýaragly galtaman dökülýär kerweniň üstüne! Kerweniň goragçysy Atanyýaz hanam müň bir jeňňe-jüňňede için-den ot-ýalyn geçen serkerde, otuz-kyrk beginem, atam bilen Döwlet dädemem, süregçilerinem alyp göterýär ökjäni: tüpeňlisi, ýaýlysy söweşen bolup, iki-eke galtamany atyp...kerweniň bar baýlygyny,hany-manyny taşlap... Galtamanlar onuň kerri-per söweş täridigini bilmän, züwwetdin gorag-çyly kerwene duşanlaryna hoş bolýar. Şeýlelikde, galtamanlara galyber-ýär dünýäniň baýlygy, genji-hazynasy. Zaňňarlar kerweni yzyna dolap güw gidýärler, olar dar derbentden geçip, buljum, buky ýerde aňsat ele düşen oljany, maly-dünýäni paýlaşmaga başlaýar, özlerem alagoh, her kim köp baýlyk aljak, her kim tüçjar baý boljak! Bedibagt alamanlar elliniň eliniň, aýaklynyň aýagynyň baýlyk bilen duşalýanyndan, gözlüniň gözüni, gulaklynyň gulagyny baýlyk bilen gapdyryp awlanýanyndan bihabar borly. Olar ummasyz köp baýlygy bölüşip bilmän,biri-birleri bilen dawa-jenjele başlap, ber-başagaý bolan çaglary Atanyýaz han atlylary, süregçileri bilen dagyň gädiginden geçip, çozýar olja paýlaşýan galta-manlaryň üstüne! Hah-hah-ha! Baýlyk paýlaşýan galtamanlar ýaragly-ýaragyny tapyp, atyna atlanýança zaňňarlary pürreleýärler, gaçany gutulýar, gaçyp ýetişmedigi tutulýar. Şonda Tüweleý dädem bilen Döwlet dädem şeýle bir söweşip duşmana tomaşa görkezipdir, hatda ömrüni jeňňe-jüňňede geçiren tamam gerkeziň hany Atanyýaz Kadyram, onuň beglerem aňk bolaýypdyr. Garry ýabyly dädemiň, hümmet hasaly pyýada Döwlet dädemiň haçan, nädip päkize arap atyny, Dymşyk gylyjyny, suw ýaly iňlis tüpeňlerini edineni görübem ýetişmändirler. Garasaý, olar ençe galtamany ýesir alyp, şol ýurduň patyşasyna tabşyrýar. Kerwen Gürgene gelýärkä Atanyýaz han :
--Magtymguly aga, dagarman serdar ogluňy, serkerde ogluňy ylma nahak beripsiň-dä—diýip gynanypdyr.
Sag-aman Gürgene gaýdyp gelensoň Atanyýaz han dädem bilen, pir çykan Döwlet dädemi myhman alýar. Dädem iç–daşa çykanynda Atanyýaz hanyň ýetişen sahypjemal gyzyny görüpdir. Asylly, maýa-maňyzly gyz oňa diýseň ýarapdyr. Göreniňiz, dädem Garagaý-da! Dördünji gün serdar olary ugradarman bolanynda:
--Atanyýaz han, oňlasaň,ene bir hepdeden guda geljekdirin—diýipdir. Atanyýaz hanyň gaşlary çytylypdyr.
--Enaçy, garamaýaga berer ýaly gyzymyz ýekdur!
--Atanyýaz han, men oglumy ylma nähak beripdirin! Döwletmämmet han çykmaga mynasyp gerçek,özem pirlige ýetişen ýigit!
Uzak ýelda bütin ömrüni ylma-bilme bagyşlan salyhatly ýigidiň özüni alyp barşy, galtamanlara garşy söweşde arslan ýaly arlap,döwüş kylşy Atanyýaz hana gaty ýaran eken! Gerkeziň hany aýalyna maslahat salýar, aýal gyzyna maslahat salýar. Gyzam, ejesem Döwlet dädemi gören eken. Asyl-ha şa kaddy-kamatly dagyň gaýasy ýaly serdar ýigide sahypjemal gyzyň syny oturyp, sulham alan eken! Garasaý, şeýdip Magtymgulyjan han ganly, han babaly bolmaly boldy. Anha Garagaý ýenaçynyň ediberşi!
--Baý-bow, tutuş oba Atanyýaz han nädip han gyzyny ýenaça berdikä diýip, geň galyp ýördi weli, asyl syr munda eken-ow!—diýip, Janaman ýylgyrdy. Kynyş beg:
--Synlaň, Döwlet dädemi! Iki gulaç boýly, şasuwar kaddy- kamatly, zirek paýhas-parasatly Döwlet dädemi hanlar beýle-de dursun, şalar köreken edinmeýämi!—diýdi.—Sizem Garagaý, Tüweleý ogullarysyňyz! Howalaňyz arşda, gözüňizem han-begleriň gyzynda bolsun!—Kynyş beg eline tüpeňi aldy.—Şol galtamanlardan dädem Magtymguly ýenaçynyň olja alan tüpeňi! Döwlet dädemiňki bolsa sizde, Selim dädemlerde!
--Obada atamy göreşde ýykan bolmandyr diýýäler, dogrymy şol Kynyş däde?—Magtymguly sorady.
--Kim onuň bilen göreşe çykyp biljek! Dädem şeýlekin bethaýbatdy, bedähet daýawdy. Onuň äpet göwresi—apy-tupanyň mesgenidi, owazy bilen ýer sürübermelidi. Dergazap bolup haýkyranda haýkylygy gökde ýyldyrymlap, kölegesi ýerden jaýryk bolup geçer giderdi.. Apy-tupan ýa gara ýel geleninde adamlar “Mazalyja synlaň, o bela apy-tupan bolman Magtymguly ýenaçy gelýän bolaýmasyn”-diýip gülüşerdiler.Ýaş oglanlar tüweleý geleninde “içinde jyn-arwah bolýar!” diýip, pyçak, hanjar zyňardylar. Degişgen wäşiler “Haý, peläketler,tüwelee hanjar zyňyjy bolaýmaň, içinden Magtymguly ýenaçy çykyp gulagyňyzy keser” diýip, henek ederdiler. Çagaka Magtymguly ol henekleri gaty görerdi,indi bolsa dälibaş atasyna-da, lakamlaryna-da buýsanýardy.
Kynyş beg tüpeňini alyp, nämedir bir zady nyşana aldy. Ony synlap oturan Magtymguly:
--Tüpeň atjak bolaňda sol gözüň näme diýip ýumulýar, Kynyş däde?—diýdi, özem öz soragyna jogap berip uludan dem aldy.--Sag gözüň etjek bolýan etmişini görmejek bolup!
Olar dürli-dürli datly gürrüňlere gümra bolup, ýassynlar düşege geçmez-den ozal Kynyş beg Janamanyň ýagyrnysyndan saldy gamçyny. Ol allaniçiksi halda honda towsup düşdi:
--Näme urýaň-aý, Kynyş däde?
--Şu günki eden bezzatlyklaryň üçin.
--Men bu gün bezzatlyk etmesem nä Kynyş däde?
--Aý, keleçöw, uzak gün bezzatlyk etmän, sen näme molla dogmasy boljakmy?—diýip, Kynyş beg gamçyny ýaňadan saldy, emma sarç Janaman towsup gamçydan aman sypdy. Olar gülüşip düşege geçdiler. Magtymguly gögüne garap ýatyşyna haýran galýardy, ol heserli Hasar dagynyň depesinde däl-de, göwher ýyldyzlary patraşyp duran asmanyň gujagynda, ertekiniň goýnunda ýatan ýalydy. Gije ýaryma golaýladygyça ýyldyzlar parlaşyp ýanýardy, gijäniň şemaly çigredigiçe, gözleriňi gamaşdyryp, çym gyzyl, gök-ýaşyl köreşip, Magtymgulyny keramatly arş oduna çoýýardy. Käte-käte imisala gijä ot berip ýyldyz süýnýärdi, onuň dünýä saçýan ýalkymyny Magtymgulynyň sypalaýasy gelýärdi. Ol ýyldyzly asmanyň gujagynda ýatyşyna, goluny uzadyp islän ýyldyzyny eline alyp synlaýardy. Jadyly dünýä! Gudratly dünýä! Göwher damjasy ýaly balkyl-daşyp duran ýyldyzlaryň pynhan-pynhan pyşyrdysyny dodaklaryndan okap oturmalydy. Ýyldyzly asman ynsanyň aklyna sygmaýan Ylahy aýdymdy.Magtymguly:
--Baý-baý ýyldyzlar owadan süýnýär-ow!—diýdi.
--Atam pakyr “Perişdeler zemine saňsar daşyny atýar!” diýerdi.
--Kynyş däde,ömrüň uzak bolsun! Sen attar bolmanyňda biz şeýdip ýyldyzlary parlaşyp duran asmanyň gujagynda ýatyp bilmezdik—diýdi.—Asman şalygynyň genji-hazynasynyň goýnunda ýatyp bilmezdik.Allanyň bu dünýäsi şeýle owadan, şeýle ajaýyp, onsoň onuň uçmahy dagy nähilekä?
Magtymgulynyň şahyr bolmazlyga çäresi ýekdy...Ol entek aklyňy heýjana salýan otly gözelliklerden ot, datly gözelliklerden dat, heserlije ýellerden baat alýardy. Onuň arzuw-hyýallary gökde pelpelläp, göwni telwas urup, hyjuwy-hyrujy çyrpynyp, gözelliklere benidiwan bolup owsunýar-dy, bir şahyryň “Maňa tebigat uçganaklap duran ullakan bagt berip, ony näme etmelidiginem aýtman goýberipdir” diýşi ýaly, Magtymguly gursagyndaky heýjan urýan bagtyny, baýlygyny, ylhamyny, sarç-sarç duýgularyny kalbyna sygdyryp bilmeýärdi, olary näme etmelidigini bilmeýärdi, ýaş gelýärdi...
Magtymguly ýelleriň sypalap, asmanyň apalap ýören ýaşyl baýyrla-rynyň içi bilen barýardy.Ýaşyl maýsalara tolkun atdyryp olaryň üstünde ýazyň ýadan ýelleri ýatypdyr. Maýsalar şeýle bir ýaşyl,asyl ýaşyl ýeşasy endamyňa ýekaýjak ýaly, ýaşyl maýsalar şeýle bir ýaşyl, asyl gözleriňi ýaşardyp barýardy. Onuň öňünden häli-şindi güsürdäp al-ýaşyl ot ýaly käkilikler ýüregini gopduryp, duýgularyny tisgindirip göge göteril-ýärdi. Magtymguly alysda albaý bulap howalanyp oturan ýaş çynar agajynyň golaýyna bardy.Çynar hakykatdan-da ýaşdy, bolaýsa ýüz-ýüz ýigrimi ýaşyndadyr.Eý, Alla, dünýäde daragt ýaly, onda-da çynar daragty ýaly owadan närse barmyka? Gör-ha,ýaşaýşyň ýaşyl tugy ýaly,zeminiň ýaşyl aýdymy ýaly ýalňyz özi parlap-pajarlap otyr.Ýalňyz çynar ýaşyl şowhun bolup, zeminiň joşgunly, möwçli ýaşyl şagalaňy-şatlygy bolup asmana atylyp dur.Owadan çynar bir desse çemene meňzeýär.
-- Görogly beg ýaly bedähet gerçek bolsaň, bir desse serçemen edip Agaýunus perä beräýmeli—diýip, Magtymguly ýylgyrdy.
Eý-ho, çynaryň göwdesiniň owadandygyny! Ol gözelligiň aşygy Magtymguly gelip synlar diýip, daşky gabyklaryny—geýimlerini sypyryp-dyr, çynaryň gögümtilden ak öwüsýän ýalaňaç göwdesi kalbyňy heýjana salýardy. Depesi al asmanda howalanýan çynar ýelsiz ýerden ýel tapyp dünýäniň lezzetinden lezzet alyp, hamana ajaýyp aýdym diňleýän ýaly iki ýana yranjyraýardy. Ýek, ol goýry saýasynda oturan Magtymgulynyň ýüzüni ýelpeýärdi, kölegesini sallançak edip, geljegiň beýik şahyryny üwre-ýärdi.Tomusda daragtyň saýasyndan ajaýyp miwe bolmaýar. Onuň ýadyna bir rowaýat düşdi. Gadym-gadym zamanlar iki baý gardaş bolupdyr, ikisem uly maldar eken. Olar Oguz (Öküz) ýyldyzy dogan badyna ýazyň yzyna, demir-gazyga barýan durnalaryň yzyna düşüp üç-dört aýlap şemal tarapa gider ekenler, Oguz ýyldyzy ýaşanynda güýzüň durnalarynyň yzyna düşübem gyşlagyna geler ekenler. Şeýdip ýaşap ýörşüne, bir gyş güni inisi ýere bir nahal ekjek bolýar.
--Ekme, biz maldar ahyry.
--Aý,aga, daragtdyr-da,goý gögersin.Belki,miwe-de berer.
--Haý,inim ýalňyşýaň, sen ahyry şol agaja baglanarsyň.
Agasynyň aýdany hem bolupdyr. Dört-bäş ýyldan ýaňky nahal ullakan daragt bolup, miwe getiripdir. Inisi hem şol baga baglanyp,ömürlik oturymly bolup galypdyr.(Bag sözi şeýdip döränmiş) Şondan bäri oturymly çomrular obasynyň içini bagdan doldurýar.Her kimiň bagy--onuň ýaşaýyşdaky tugy! Türkmen aga gadym-gadym zamanlardan bäri mazarynyň baş ujuna bir, aýak ujuna hem bir jür oturdýar.Şol jürem hökman çynardan, derekden ýa taldan edilýär, sebäbi olar köksüz gögerýär. Gadym zamanlarda her ölen türkmeniň başujunda bir, aýakujunda bir daragt älemini pasyrdadyp oturypdyr...
Magtymguly saýalap oturşyna töweregine seretdi. Eý-ho!.. Owadan dünýä--jadyly aýdymdy, näzenin dünýä--ylahy ertekidi! Hanha, saý ýerde çaýkanyp ýatan kölüň ýakasyna bir süri ýabany kepderi gelip gondy. Häzir-häzir kepderiler gür-gür silkinip, bir bölek peri-peýkere öwrülip suwa düşer! Ylahy erteki jana, göwünler heýjana geler! Gudrat görmäge bendiwan Magtymguly uzak wagt olara syn etdi. Onuň göwnüne owadan ýabany kepderiler häzir-häzir rowaýatlaryň hüýr-perilerine öwrüläýjek-öwrüläýjek ýalydy. Kepderilerem Magtymgula nazar aýladylar, olar ýa oglany ýaş gördüler, ýa-da köli telper gördüler, garasaý, olar perizada-da öwrülmedi, suwa-da düşmedi!..
Magtymguly çynaryň üstüne çykyp, töwerek-daşyna syn etdi. Eý-ho! Hanha bäş-alty sany keýijek baýryň eteginde peýwagtyna otlap ýör. Serdar keýik bolsa şahlyja başyny her ýana öwrüp töwerege eserdeň bakýar. Janawerleriň gözelligini beýan eder ýaly däl. Olary synlap duran Magtymgulynyň birden gamhor göwni gyýyldy. Bu pähim-parasatdan ýaradylan owadan dünýäde käkilik, sülgün, ýaşylbaş sona, guba gaz, şeleplije durna ýaly perrendelere, keýik, aýrak,boz maral ýaly derrendelere beýik Ýaradan gözellikden, owadanlykdan,ezizlikden gaýry ýarag bermän ýyrtyjydan, wagşydan, gözlerem aç, garynlaram aç mahluklardan doly dünýä getiripdir! Ähli ýyrtyjy haýwan,adam ogullary olaryň ganym duşmany! Akyl-paýhasy, beýnisi gara garnynda oturdylan, manysy ardyndan çykýan adam atly mahluk mukaddes gözelligi bilýämi, ylahy owadanlygy bilýämi, günäni-sogaby bilýämi?!.
Magtymguly töweregine garandy, çynaryň gaýra tarapynda uzynlygy iki-üç kilemetr, beýikligi otuz-kyrk gulaç dag gerşi ýaşyl umman bolup owsunyp ýatan baýyrlykda daşa dönüp galan mähnet dinozawra meňzäp ýatyrdy. Gerşiň başlanýan ýeri, endigan beýgelip, o başy uçuda baryp direýärdi. Magtymguly şol gerşiň etegi bilen gelýän Kynyş begi, Janamany görüp zähresi ýaryldy, ol allaniçiksi halda:
--Gaçyň! Gaçyň! Yzyňyzdan gaplaňlar kowalap gelýär—diýip jynssyz gygyrdy. Janaman Magtymguly henek edýändir öýdüp güldi. Birdenem yzdan gelýän harryldyny, hassyldyny eşidip, ýeňsesine seretdi. Kynyş begem yzdan tüweleý bolup gelýän bethaýbat peleňleri gördi. Ikisi-de berdi paýyrdyny. Gorky başa çykyp, jan aýaga geldi! Emma heý iki aýak bilen dört aýakly wagşylardan gutularmyň? Heý ýeriň tanapyny dartyp gelýän ýyrtyjylar agzyna gelen awuny sypdyrarmy?.. Magtymgulynyň janynda jan galmady, Janamanam janajygyna eýmenç gygyrdy, emma owazyň ornuna jany çykdy. Magtymguly dünýä gelip şeýle pajygaly ýagdaýy görmändi. Onuň jandan eziz agalarynyň yzyndan ajal alarlap gelýär. Eşek ýaly mähnet peleňler gitdigiçe arany ýygyrýardy. Ol eýmenç-den eýmenç gygyryp pelekleri gorkuzjak boldy, emma olar heý gykylykdan-haýkylykdan gorkjakmy? Bolsa-da, Janaman bilen Kynyş beg gaplaňlara ýetdirmän çynaryň astyna geldi. Magtymguly uzyn ellerini uzadyp, ilki Janamanyň golundan dartdy, has dogrusy wagşyýana güýç bilen tas onuň goluny sogrupdy, soň ikisi Kynyş begiň golundan-egninden çekip çynara zordan çykardy, emma olary kowalap gelýän gaplaňlar çynaryň bäş-alty ädim gapdalyndan ala şuwwuldy bolup geçip gitdiler. Olar haýran galdy. Görseler, dag gerşiniň gaýra ýüzünden iki-üç sany dag goçy ýel bolup gaçyp barýar eken. Asyl, gaplaňlar Kynyş beg dagyny kowalaman, dag gerşiniň o ýüzünden gaçyp barýan daggoçulary kowalap, olar uçuda ýetmänkä öňünden çykjak bolup barýar eken. Gaplaňam gaplaňdyr weli, daggoçam Allanyň dury akyl bilen ýaradan janaweri! Olar ýöne ýere ýük edip burum-burum äpet şahlary göterýän däldir! Janawerler gaçybatalgasyny bilýän eken! Daggoçular ok bolup barşyna keserip ýatan gerşiň gutarýan ýerindäki uçutdan towusdylar aşak! Gaýa belentdi, gaplaň-lar bökmäge ýürek edip bilmän, gyllygyny akdyryp, ät galyp gitdiler ýüzüniň bakyp duran tarapyna. Kynyş begiň, Janamanyň bolsa jany, reňki-peti gidip, dili-zybany ýitip, gara der gelipdi. Magtymguly:
--Kynyş däde, sen nirede?..Kynyş däde, Kynyş däde, sen kaýda?—diýip, çyna berimsiz gygyryp, soňra henek edýänini bildirip güldi-- Aý-how, Kynyş däde, asyl sen telpegiňe girip gidipsiň-ä!
Janaman:
--Men bolsa gorkyma o tarapymdan çykyp gidipdirin!—diýip, çyny bilen penjesini urup, balagyny barlaşdyrdy, birdenem düýpden başga hörpde--Aý alplar alpy Alp Arslan soltan-ow! Aý, Görogly soltan-ow! Görogly soltan halyňa iki sany garry pişikden gaçyp çynara çykmaga utanmadyňm-aýt?Bilip goý, gaplaňlaryň ata-babasy pişiklerdendir! —diýip, Kynyş bege degsindi. Kynyş beg çym-gyzyl gyzaryp:
--Jygaly beg Görogla gaçmany öwretmändi. Kynyş beg, Kynyş beg, sen kimden öwrenip ýörsiň gorkmany.
Magtymguly çyny bilen asmana bakyp:
--Eý, keramyl-kätibeýin, bir petde sogaby Janamanyň adyna ýazaweriň! Gör-ha, ol ýenaçynyň agtygy halyna iki sany peleňiň hamyny alman aman goýberdi!—diýdi...
Agşam ýene milliard ýyldyzly asmanyň goýnunda,owadan düýşleriň gujagynda, arşy-agladaky Akmaýanyň ýelundan ýasalan sallançagynda ýatan Magtymguly dagy säher-säher ümür-dumanyň, lemmer-lemmer çygjymak pamyk ýaly bulutlaryň gujagynda oýandy.
--Kynyş däde, melhem ot-çöpi-hä ýygnap bolaýdyk öýdýän.
--Dessine, ýuwunyp-ardynyň, men gowurdak gyzdyryp, çaý demläp goýdum, döwüm-dişlem garbanalyň.
Magtymguly giç oýananyna gynanyp:
--Daň bilen turup agasyna çaý-nahar etmedik ýüzüň nämesini ýuwjak?—diýdi.
--Ümürli günüň öýläni ýalbyrap gün çykmasa,hatynym talak diýenmiş Çommat aga.
--Onda Çommat agam küme ýaly heleýsiz galýa şun! Ümürmi şüý? Biziň üstümize lemmer-lemmer bulut çöküpdir. Görmeýämiň, atanagyň bolsa sümekläp egrip oturmaly! Ýassygyň bolsa penjeläp-penjeläp dykyp oturmaly! Ganaryň bolsa gapgaryp, dolduryp oturmaly pamyk...
Bulutlar dür damjalary bilen olaryň ýüzüni ýuwdy, pamykdan ýumşak bulutlar ýüzüni süpürdi. Olar ak bulutlara garyp çörek iýdiler, bulutlaryň göwsüni sokjap ak süýt emdiler.
Howa Çommat agany hatynsyz goýmajagyny duýdurdy,eýýäm guşluklar lemmer-lemmer ak bulutlar ýukaldy. Hanha, Magtymgulynyň kellesi lemmerlenip duran ak bulutlardan ýekarda,asmandan bolsa Gün lowurdap tyllaýy nuruny saçýar. Gözüň ýagyny iýip barýan jowur-ak bulutlar Günüň çoguna burugsaýar, gaýnaýar, tüsse kimin towlanýar. Magtymguly ömründe birinji gezek jowur ak bulutlaryň depesine çykyp, bulutlar bilen uçup gördi...
Olar ençeme gün Hasar dagynyň depesiniň ýazyny ýazlap, Kynyş begiň görkezen gülleriniň, gaýry ot-çöpleriniň tohumyndan halta-halta ýygnap, haýsydyr bir jülgäniň tomus gujagyna düşdüler. Kynyş beg bu jülgede hem birki gün bolup, melhem ot-çöpleriň tohumyndan ýygnamagy müwessa bilipdi.
Maýsalaryň sary saman bolandygyna garamazdan jülge owadandy, görüp doýup bolmaýan gözellikdi, Janaman Magtymgula seretdi, ol başga dünýädedi, ony soňsuz oý-pikirleri, akly alyp gaçypdyr. Kynyş begem dürli gülleriň tohumyndan ýygyp ýör. Gepläýmese içindäki gepi güjükläp barýan Janaman işine gümra Kynyş bege degsindi:
--Kynyş däde, näme dymdyň?
--Pikir edýän,inim,pikir edýän.
Janaman gözlerini höwlendirip, hamana Kynyş beg aýtmasyz bir mojuk zady aýdaýan ýaly:
--Aý, ýedi yklymyň soltany Kynyş däde-mow, waý, Iskender şahly aga-mow, direnişip duran iki sany gerçek iniň ýanyňdaka sen nämäniň pikirini edýärsiň! ÝA ýenaçynyň ogly halyňa güzeranyň pikirini edýämiň? Hä?...Kynyş däde, sen bu dünýä soraşyp geldiňmi, arz edip, ýalba-ryp-ýakaryp, geldiňmi ýa para berip geldiňmi? Rast Biribar saňa sala salman dünýäsine getiripmi: getiripdir,baý eklär-ä!—diýip, dädesiniň köp aýdýan jümlesini aýtdy-- Aýagyňy uzyn salyp, garnyňa suw sepip, arkaýyn ýat, Kynyş däde! Mydama saňa derek Janamanjan ýatyp, dynç alyp ýörmelimi?! Jümle-jahanyň keýpini görüp, kölegeden kölegä geçip ýat! Perwerdigär keremdir, eklär! Perwerdigär eklemese, hanha Magtymguly eklär!—diýdi.Kynyş beg Janamana seredip ýylgyrdy:
--Pikirim güzeranyň pikir-ä däl inim!
Janaman ör-gökden geldi:
--Aý-ho! Eý-ho! ÝA senem indi oň ýaly,--kellesi bilen Magtymgulyny görkezdi-- dünýäniň aladasyny edýämiň? ÝA senem Magtymguly ýaly dünýä akyl ýetirjek bolýamyň? Pahaý, janly-jandaryň hamyny eýläp ýören ýenaçylaryň işi gaýdypdyr! Bir ýenaçy-ha tagta çykyp, dünýäni basyp aljak bolup, at segredip gylyç syryp ýör, beýleki ýenaçylaram şol dünýä akyl ýetirjek!..
--Kynyş däde, sen Janamany halys depäňe çykarypsyň,ol how saňa näme diýesi gelse diýip dur-la!
--Magtymguly, Janamandan hiç haçan hiç zady gaty görmeli däldir!
--O näm üçin?
--O ýyl çynmaçynyň kerweninden Selim dädem bilen Şeker gelnejem ogullary öýersek gerek bor diýip on-onbäş sany daş çäýnek satyn aldy, şeýle bir owadanja, ýöne synlap, ýöne sypalap oturmaly çäýnekler! Emma çynmaçynly täjir çäýnekleriň owadanlygy bilen olaryň gözlerini gapyp, moýly, kemli bir çäýnegem sokup goýberipdir! Hah-hah-ha!.. Alla-janam ýenaçylara Hanjar beg, Arslan beg, Abdylla beg, Muhammetsapa beg ýaly gerçek ogullary berip, arasynda Janamanam süssürip goýberipdir, kyrkyň içinde akmagyny bileslerem ýek diýip.
Gowy gürrüňe hezil edip gülüşdiler.Janaman çyny bilen:
--Magtymguly bir dana jümle karzyna bersene,menem Kynyş dädemi bir duzlaýyn-la!—diýdi. Magtymguly başyny yrady.—Onda sataý-how!..
Magtymguly:
--Aýtmasyny oňarmarsyň—diýdi. Ýene gülüşdiler.
Adam uzak mahallap tämiz tebigatyň goýnunda ýabany ýaşasa asylky zandyna, tebigatyna aralaşyp, ýaradylmyş dünýäsine golaýlap, özüni düýbünden başgaça duýup başlaýar eken. Magtymguly ses-selemsiz imisa-lalygyň ýel ýaly özüne süýkenişini, wagtyň sary saman-sypaly sypaşdyryp geçip barşyny görýärdi. Howalanyp oturan agaçlaryň ýapraklarynyň sesi,çeşmäniň owazy oňa Bakylygyň pyşyrdysy bolup eşidilýärdi. Guşlar oňa guş dilinde, ýeller ýel dilinde habar gatýardy. Magtymguly oýlanýardy hem haýranlar galýardy: dünýäde howada uçýan, suwda ýüzýän, ýeriň üstünde-astynda ömür sürýän sanýetmez janly-jandarlaryň her biri-niň özgäniňkä mezemeýän daş hem iç keşbi, gurluşy, görnüşi, sypaty, mazmuny, tagamy,zerurlygy bolup, hersiniň aňyrsynda beýik Allata-galanyň parasadyndan-paýhasyndan dörän ähmiýet, borç, perman, hikmet, pähim ýatyr. Herki ot-çöpler, ösümlikler,dal-daragtlar, janly-jandarlar dünýäde nämedir bir zady iýýär, nämedir bir zadam dünýä berýär, nämedir bir zada hem aw bolýar.Anha, ähli ähmiýet her närsäniň dünýä berýän zadynda: eger ähmiýetiň, dadyň-tagamyň bolsa towugyň ardyndan gaçsaň-da, iýerler, peýdalanarlar,eger ähmiýetiň, dadyň-tagamyň bolmasa, perişdäniň agzyndan gaçsaň-da gereklän bolmaz!..
Magtymguly şeýle oý-pikirleriň ýumagyny çöşläp gelejege barýardy. Has dogrusy, nowjuwan Magtymguly ýyllaryň aňyrsyndaky Gimalaý daglary ýaly syrly akyldar Magtymgula tarap barýardy! Ol pikirlerini külterläp bir öwrümden öwrülen badyna gözlerini höwlendirip sakga saklandy. Köp mahal synlap durdy, soňam ýeňsesine gaňrylyp yşarat bilen Janamany, Kynyş begi çagyrdy. Magtymguly bir zada duşandyr öýdüp, ikisem ýetip geldi. Olaram agyzlaryny açyp, gözlerini mölerdip doňup galdylar... Ýylky, düe, sygyr ýaly asylly janawerler sürüsinden arany açyp, görer gözden gaçyp köpelýär. Ynha,bu janawer sygyram ýabany ýere gelip tanalapdyr. Gölesini ýaňy birki ýela emdirip, aýaklandyran çagam haýsydyr bir aç möjek gelipdir. Ýaşajyk göle üçin aldym-berdimli söweş bolupdyr. Sygryň ýüzi, boýunlary, endam-jany daraw-daraw, persalady. Möjegiň penjesini uran ýerlerinden gan akyp, lagta-lagta doňup, gurap galypdyr. Ahyry sygyr janawer möjegi abaýyna getirip, şahla-rynyň birini onuň aç bykynyndan geçirip, duşmanyny arkasyndaky ýalçy kert gaýa süssüripdir! Janawer dört aýagynam mäkäm ýere diräp, möjegiň arkasyndaky daşdan gaýanam agdarjak bolýan ýaly, dyzap durşuna ölüp galypdyr. Wakanyň birýarym-iki gün mundan öň bolany doňan ganlardan bildirip durdy. Möjegiň iki öň penjesi howany dyrnaçaklap, doňup galsa, sygryň gözleri açyklygyna galypdyr. Janaman:
--Sygryň ýüregi ýarylypdyr! Möjegi bagyrdadyp gaýa basan janawer ony sypdyraýsa, gölesini iýer öýdüp, dört aýagynam ýere mäkäm diräp ölüpdir! Ýegsam ýadardy, aýagyna dynç berjek bolardy, garasaý,möjegiň ölenini bilerdi...—diýip, netije çykardy. Kynyş beg:
--Allanyň gudratyny görüň, janawer ölensoňam gölesini emdiripdir, ýegsam bular ýaly jöwzaly tomusda ýaş göle ýarym gün enesini emmese ölýär gidýär—diýip, göläniň ýanynda oturyp ýüzünden sypalady. Magtymguly içinden:
“—Çaga jandan eziz diýleni-dä! Eý,Allam! Bu janawer sygra ajaldan rüstem, gorkudan uly, ölümden beýik nähili güýç-gudrat berdiň!”-- diýip pikir öwürdi.Şol pursat olaryň ählisini aňk eden hadysa boldy.Gölejik yra-dara ýerinden turup, sygryň ýanyna baryp, sokjap emip başlady. Olary has aňk eden zat: sygryň süýdi bardy. Göle emip bolansoň Kynyş beg baryp, sag eli bilen sol owujyna azajyk sagyp gördi, sagylyp dur, dadyp gördi. Ol hakykatdan-da gudratdy, sebäbi janly janawer ölen badyna damardaky gany doňýar, endamy doňýar.Janawer sygryň ölenine bir gün dagy bolupdyr. Doňan ganlar şaýat,emma Hudanyň gudraty bilen öli halyna gölesini emdirýär!
--Hudaýym,gudratyňdan aýlanaýyn-eý! Diri malyň süýdi ýaly süýt! Janaman, ýet Bozdumany alyp gel!
Janaman dessine Bozdumany alyp geldi. Kynyş beg Bozdumanyna atlandy,Magtymguly göläni göterip, öňüne berdi.
--Siz işiňiz bilen boluberiň, şu taýda Han obasy bar, bu merdana sygryň gölesini bir halas edeliň!—diýip, Kynyş beg jülgäniň içini syryp, atyny ýergasyna goýberip güw gitdi.Magtymguly Kynyş begiň perişan pajyga bolup barşyny, perzentsizligi zerarly görgüliniň ýüre-ginde galmandygyna gamlanyp, agasynyň yzyndan garady durdy...Şol pursat birden onuň ýadyna geçen ýyl bolan bir waka düşdi,ol waka Kynyş begiňem, Magtymgulynyňam abadan dünýäsini agdar-düňder edipdi. Şol elhenç waka aram-aram ýadyna düşeninde hem Magtymgulynyň beýnisi sarsyp,şahyrana kalby gyýym-gyýym bolýardy...
Ol öten ýyl Kynyş beg bilen Daşguýy obasynyň iler tarapyndaky tokaýlygyň içinden dermanlyk ot-çöpleriň tohumyny ýygmaga barýardy. Tokaý beýle gür däldi. Aga-ini at ýanaşdyryp sürüp barýaka olaryň burnuna ýakymsyz ys urdy. Kynyş beg töweregine garanyp, gyrymsy garak-laryň aşagynda şagallaryň sürenini gördi:
“--Ýaradar bolan bir janawer şagal ýa tilki sürenine gelip ölüp galan borly! Haý, pelek,pelek,ynsu-jyns dünýä inen tüneginde aýagyny uzyn salyp ölmäni eziz görýä-dä”-diýip, şagallaryň çala görünýän süreniniň ýanyna bardy, birden Kynyş begiňem,Magtymgulynyňam depesinden gaýnag suw guýlan ýaly, erbet tisginip, allaniçiksi boldular.Süreniň bäş-on ädim aňyrsynda biýz köpeni ýyrtyk-ýyrtyk bäbejik ýatyrdy. Haýsydyr bir orramsy-ograşdan bolan mahluk dünýä synalary kemli inen çagasyny öldürip, ak biýze dolap, gije gömüp giden borly. Ogry syrty müýnli diýenleri, netikaza gyr-gyssag bolandyr-da, bäbejigi geregiçe çuň gömmändir, şagalmy,tilkimi –belli däl, haýsydyr bir meýdan möjegi läş ysyny alyp, neressejigi gazyp çykarypdyr,emma mahluk ýaly mahlugam bäbejigi parçalamaga, iýmäge dözmän-dir.Toprak-toza bulanan köpende ýatan çagajy-gyň ýüzüni-gözüni garakly bolup görer,ýürekli bolup sereder ýaly däldi. Bäbejik adamzadyň pynhan etmişini asmana aýan eýläp, eräp akan gözlerini göge dikip ýatyrdy.Şonda perzendiň dyrnajygyna zar Kynyş beg gözüni ýaşlap:” Uçmahyň akja guşjagazy, haýsy wenezzyna seni beýdip taşlady!” diýip aglapdy... Magtymguly şol elhenç wakany unutjak bolup Kynyş dädesiniň yzyndan uzak wagtlap seretdi durdy. Birden Janaman:
--How, how, Magtymguly,sen göz ýaş edip, aglap durmuň-aý?--diýip zowzuldady. Magtymguly tisgindi, ýöne barybir gözleriniň owasyny dolduran ýaşyny gizläp bolmajagyny bilip, ajy gürledi:
--Janamanjan, dünýäniň hapa tarapyna seredip, gözlerimi hapalaý-dym-da! Aglamok,gözlerimi ýuwýan...
Janaman ilki bir eli,soňra iki eli bilen sygry itiberip gördi, sygyr ýykylarly däldi.
--Ynha,muňa erkek ölüm diýerler!
Olar ýene melhem otuň tohumyny ýygyp başladylar. Magtymguly ýaňky ýatlan pajygaly wakasyny unutjak bolup, bäş-alty günlükde gören bir düýşüni ýatlady. Ýekarda aýdyşymyz ýaly, Magtymguly Nurjahan enesinden, dädesinden köp-köp dini rowaýatlary eşidipdi,okaýan diwanlarynyň aglabasy dini kitaplardy, şonuň üçin onuň görýän düýşleriniň galabasy çaganyň görjek düýşi däldi. Magtymgulynyň düýşünde Allanyň şiri hezreti Aly biserhet sähralyk bilen Düldülini maýdalyna sürüp barýar-dy, birden ol alnynda arkasy horjunly goja kişini görüp, atyna gamçy çalyp, onuň yzyndan ýetjek boldy. Düldül ýüzin salyp,eriň tanapyny çekip barýar,emma pyýada goja bilen Allanyň şiriniň arasy daşlaşmasa ýakynlaşmaýardy. Hezreti Aly bu ýerde bir hikmetiň bardygyny bilip, Allany çagyryp Düldüline gamçyny dözümli çaldy. Düldül ýyldyrymlap uçup, bir salymdan gojanyň yzyndan kowup ýetdi.Hezreti Aly haýran galdy: egni agyr horjunly horyda baba atanak egrip,hiňlenip barýan eken. Allanyň şiri salam berdi,goja salam aldy.
“--Atam, gel ata mün, siz ýaly aksakal baba pyýada barýarka,bize atly barmak uslyp däldir.
--Ek,oglum,men dogup-döräp ulaga münen däldirin.
Hezreti Aly baba köp ýalbardy, emma goja Düldüle münmekden ýüz öwürdi. Ýüregi ýuka, ynsanperwer Şahymerdan:
--Babam,hiç bolman, horjunyňy bir ber—diýdi.Baba myssa ýylgyryp, egnindäki doly horjunyny ýerde goýdy.Allanyň şiri eglip, horjuny atyň ardyna aljak boldy, emma horjuny ýerinden gozgabam bilmedi.Hezreti Aly ýeňsuz güýji-kuwwaty bilen dergazap bolup horjuny ýaňadan çekdi. Düldüliň aýaklary dyzyna çenli ýere girip gitdi, emma horjun ýerden galmady. Şahymer-dan namys edip ýaňadan nagra dartyp, dergazap bolup horjuny dartdy, Düldül janaweriň garnyna çenli gara ýere girdi, emma barybir horjun ýerindenem gozganmady.Baba hezreti Ala ýylgyryp syn edip durşuna:
--Bu ýüki götergenler götersin,oglum—diýip,horjuny horja goly bilen göterip egnine atdy.
Bu rowaýaty Magtymgula dädesem aýdyp beripdi, enesi Nurjahanam. Rowaýat ýekarky ýaly gutarýardy, emma Magtymgulynyň düýşünde rowaýat dowam etdi. Hezreti Aly:
--Babam, Allaň şirine götertmez ýaly horjunyňda näme bar?—diýdi.
--Oglum hezreti Aly, maňa Çarhypelek baba diýerler.Meniň bu horju-nymda memleketleriň halklarynyň-halaýyklarynyň sogaby bilen günäsi bar.
--Babam, goja halyňa sen ol horjuny nädip göterip bilýäň? Onuň hikmeti, syry nämedir?
--Hikmetimmi? Men günäni sogaba, ýigrenji söýgä, ýamanlygy ýagşy-lyga, ýalany çyna, namartlygy mertlige, nadanlygy akyla, haramzadany ýagşyzada... göterdýän” –diýip, atanagyny aýlap, ýeluna rowana boldy...
Magtymguly Çarhypelek babanyň düýşünde aýdan sözlerini huşun da gaýtalady: “günäni sogaba, ýigrenji söýgä,ýamanlygy ýagşylyga, namart-lygy mertlige, nadanlygy akyla, haramzadany ýagşyzada göterdýän..” Şeýlelikde rowaýat düýbünden başgaça rowaýata öwrüldi. Magtymguly gaty begendi, sebäbi Hak Alla oňa düýşünde başga bir kämil rowaýaty bagş edipdi...
Olar on birinji gün Hasar dagynyň etegine düşdiler, atlaryň her birinde ullakan horjun, sagrysyna bolsa,kiçeňräk ganar kese basylandy. Bu sapar Kynyş beg diňe melhemlik otlaryň tohumyny ýygnadansoň, ýükleri beýle agyr däldi. Janaman:
--Kynyş däde,atlarymyzyň ýüzüni sallaşyp barşyny synla, janawerler namys edýär ýaba-baýtala ýük uran ýaly ýük uranymyza—diýdi.
--Peläketler,men näme sizi Şa Abbas şanyň toýuna alyp gaýtdymmy, münerler agta ýabylaryňyzy—diýip, birden Kynyş beg ot alan ýaly bolup ganjyga berkidilen tüpeňine ýapyşdy. Magtymguly bilen Janaman onuň aw görenini aňyp, dessine daş-töwerege göz gezdirdiler. Dag eteginiň boldumly otlary sary saman bolup ýatyrdy, onda-munda iki-eke agaç hellewläp otyrdy.
--Haý,agajan, päliňden gaýdawer, seniň dag tekesi diýip didiwana mündürip duranyň çekenäniň gär geçisi.
--Mazalyja synlaň! Entek beýle närsäni gören dälsiňiz--diýip, Kynyş beg dowamly nyşana aldy.Magtymguly dykgat bilen seretdi,görse äpet bir zemzen uzyn hem kuwwatly guýrugy bilen gär geçiniň art aýakla-ryny duşap, emjek bolup janaweri mugyra getirýärdi. Äpet zemzeniň göwresi geçiniň art aýaklaryna ýakyn bolansoň, Kynyş beg tüpeňläp bilmedi. Oglanlar ozal zemzenleriň, ýylanlaryň geçi emýänini kän eşidipdi, ine ýöne zemzeniň geçi emişini ilkinji gezek görýärdiler. Bir salymdan geçi kysmatyna kaýyl bolandyr-da, gerlip emdirmäge durdy, zemzen ine-gana sokjap-sokjap emip başlady...Tüpeň sesinden dünýäni tutup ýatan ümsümligiň zähresi ýaryldy. Kynyş beg okunyň dege-nini bilip, atyny gorduryp geçä tarap ýelk ýasady, Magtymguly bilen Janamanam atlaryna gamçy çaldy. Geçiniň aňyr ýanyndaky saýdan on üç-on dört ýaşly çopan oglan çykyp atlylara salam berdi. Kynyş beg salam aldy. Äpet zemzeniň iç-aşy çogup ýatyrdy, emma ýyrtyjy şindem geçiniň emjegini goýbermän,iň soňky deminde bar güýjüni edip sokjady,süýt gyrmyzy gana goşulyp, onuň ýyrtylan içegesinden çogdy.
Olar tas bir gulaja golaý zemzeni synlap köp durdular...
hhh
Magtymguly agasynyň edip oturan işine haýran galyp synlady: Kynyş beg kendir haltanyň üstünde ýaýylyp ýatan ýarym hokga töweregi käşir tohumyny bişen kerpiç bilen kendire owýardy. Hamana ham eýleýän ýaly bar güýji bilen kerpiji ýöredip, zire-zire tohumlary “eýleýärdi”.
--Näme diýip käşir tohumyny owup-eýläp oturanymy bilýämiň?—diýip, ol inisinden sorady, Magtymguly başyny yrady.--Tohumyny şeýdip mazaly owup ekseň, her bir käşir edil hyýar ýaly iki tarapy deň, bir ölçegdäki owadan hem datly käşir bolar. Süýüjiligem aýdyp diýer ýaly däldir. Tohumyny owmasaň erkek käşir getirer.
Şol mahal öýden Nurjemal gelin öýden çykan ýüwürjisini ýanyna çagyrdy.
--Gel didäm, şu gursakçany geýip gör.—diýip, gursakçany Magtymgula uzatdy. Assary nah matadan, ýüzi gyrmyz donluk ibrişimden edilen gursakça agajetden syrdam Magtymgula şaplaşaýdy. Gelnejesi begendi—Bar,toýda tozdur,Magtymjan.
Şol wagt alamanlar ordasy ýaly bolup syganlar döküldi. Olaryň biri Kynyş begiň ýanynda saklanjak boldy, emma ol:
--Baryň, baryň, obada “heý amatlyja aldanyp bolmazmyka” diýip agzyny açyp, aňkaryp oturan akmak aýal kändir—diýdi. Syganlaryň biri Nurjemalyň, biri Ogulşekeriň ýanyna baryp, ellerinden tutup, esentanyş ýaly doga-dileg edip, pal atmaga başlady. Beýleki syganlar jaýlaryň arasyna siňip gitdiler. Ýarym göwün Nurjemal görgüli, gapydan gelen gedaýy, dilegçini boş goýbermezdi. Ol öýden iki sany kümüş pul getirip, sygana berdi. Emma sygan aýal ýa puly az gördi, ýa ony halallajak boldy, garasaý:
--Dogan, saňa näme diläýin?—diýip sorady.
--Näme dileseň diläý--diýip,Nurjemal göwnibir halda aýtdy.
--Näçe çagaň bar?--diýip, sygan aýal Magtymgulynyň başyny sypa-lady, ol ony Nurjemalyň ogludyr öýdüp, gelniň simlän ýarasyndan basdy. Şol pursat Kynyş begiňem, Nurjemalyňam ýüzleri gamaşdy, sebäbi özüni asanyň öýünde ýüpüň, gark bolanyň öýünde derýanyň gürrüňini edip bolmaýşy ýaly, bu garyp çatmada hem çaga gürrüňi olaryň ozalam ýaradar ýüregini persala edýärdi. Sadaka, doga, dilege perzent berilýän bolsa, bu öýüň jagyl-juguly ýetik bolmalydy. Nurjemal gelin çaltrak başyny gutarjak bolup, ýene:
--Näme dileseň diläýsene dogan—diýdi. Ömrüne aýallar bilen iş salşyp, aýyrha çykyp giden sygan kemmagal naçara duşanyny bildi.
--Çagaň ýek bolsa,çaga dilederler gelin!
Ýarasyna basylan Nurjemal gelniň gahary geldi.
--Doga-dilege berilýän bolsa, berlerçe boldy.
Sygan aýal gözläp ýören kişisiniň üstünden düşenine kemsiz ynanyp, öz-özünden joşup, sesini gataldyp:
--Hä,sen meniň doga-dilegim Ýekarkynyň ýanynda kabul bolmaz öýdýä-miň, ýa saňa bereýin diýse, Hudaýda perzent ýekdur öýdýämiň, ýa sen perizat kaddy-kamatyň bilen üç-dört sany sümüklä mynasyp dälmiň?!—diýip, Nurjemaly alarladyp barýar. Magtymguly gözüniň gyýtagyny aýlap, Kynyş begiň turup gidenini, ojagyň başynda biş-düş edip duran eje-siniň aňyrsyna bakyp, gözýaşyny sylanyny gördi. Sygan aýal bolsa:
--Häzir men seniň täleýiňe bakyp näçe perzendiňiň bolýanyny aýdyp bereýin--diýdi. Nurjemal ýüregini mundan artyk ýaralatmajak boldumy, ýa töweregindäkilerden utandymy, garasaý, ýene esli pul getirip, sygan aýaly zordan ugratdy. Magtymguly başyny aşak salyp obadan çykyp, ýenahana tarap barýan Kynyş beg aglaýandyr öýdüp, ýüregi gyýym-gyýym boldy. Gelnejesem agyr derdini zordan göterip dessine öýüne girdi. Magtymguly bilipjik dur, göwni ýarym, ýürejigi ýaradar gelnejesi şu mahal tördäki penjiräniň öňüne baryp, ses-selemsiz aglaýandyr, mellekdäki noýbalaryň arasyna kölege bolsun diýip seýrek ekilen mekgejöwenler bolsa ýaş gelinler ýaly her biri gujagyna ikiden-üçden mele gulpaklyja, gundag-lyja bäbejigini-golçuryny bedibagt Nurjemala güjeňleýändir...
Magtymguly agyr haşlap dem aldy. Kynyş beg bolsa hanha barýar agyr başyny aşak salyp. Dünýäniň derdini göterip ýören agasy perzentsiz-lik derdini göterip bilmän, gaýgy-gam, hasrat bolup barýar. Ataş külüň, adam gaýgy-gamyň astynda ýek bolýar!..
Magtymgulynyň ýadyna dädesiniň aýdyp beren rowaýaty düşdi:
“--Gadym-gadym zamanda bir täjir bolupdyr,ol hakyna kany, adamyň jany ýaly gowy adam eken. Ol bir gün Allatagala bilen raz aýdyşmaga barýan Ybraýym pygamberiň öňünden çykyp, zar-zelil aglap, özüniň kyrk ýaşap barýandygyny, perzendiniň bolmaýandygyny aýdyp, Alladan özüne bir perzent diläp bermegi haýyş edip ýalbarýar. Ybraýym pygamber hoş diýip gidýär,yzyna gelýärkä hem Hudaýdan täjir üçin perzent diländigini, emma täjiriň ýazgydyna perzentsiz geçmelidigi ýazylanyny aýdyp beripdir. Täjir pakyryň umydy ölüp, dünýä sygman başyny alyp daglara gidýär, gözleriniň ýaşyny sil kibi akdyryp, jiger-bagryny paralap hünübirýan aglaýar. Ynha şol pursat gökleri gümmürdedip,gykuwlap bulutlaryny kowalap Burkut baba gelýär, ol täjirden dady-perýat edip aglamasynyň sebäbini soraýar. Täjir özüniň garamaňlaý ykbalyny aýdyp berýär. Göreniňiz Burkut diwana, göni gidýär Allatagalanyň ýanyna! Ol Alladan täjire perzent dileýär. Beýik Biribar oňa-da Ybraýym pygam-bere aýdanyny aýdýar.Burkut diwana bolsa öz-özünden ot alyp:
--Aý, Hudaýym, seniň Hudaý bolanyň nire, bir ýagşy täjire üç sany ogul bermäniň nire?!
--Täjiriň takdyryna perzentsizlik ýazyldy.
--Eý,Allajan,seniň Alla bolanyň nire,takdyrda ýazylany bozup, ýaňadan ýazyp bilmezligiň nire! Sen täjire üç ogul, ýek alty ogul bilen bir gyz ber ýa ol bedibagt täjire perzent bermäge ygtyýaryň ýekmy ýa perzendiň tükenip durmy! Eý, Allam, sen Hudaý bolup bir ýagşyzada ýaly täjiriňi bagtyýar edip bilmezmiň!—diýip, Allatagalany gününe goýmandyr. Ýyllar geçýär. Bir gün Ybraýym pygamberiň ýely täjiriň öýüniň üstünden düşýär, ol geň galýar.Täjiriň öýüniň içi-daşy jagyl-da-jugul, ýöne çaga bolup durmuş. Ol täjirden bu wakanyň hikmetini soraýar, täjir gürrüň berýär.Ybraýym pygamber Hudaý bilen raz aýdyşmaga baranynda:
--Eý,Allajan, men pylan täjire ýekeje perzent dilänimde bermän, Burkut diwana dileg edeninde bolsa ýedi perzent beripsiň,gel, gel indi Ybraýym pygamberiň hatyrasy bir diwananyňkyça-da bolmadymy!—diýip, gaty öýkeläpdir. Şonda Hudaý:
--Sen täjire perzent dilediň, menem onuň takdyryna zürýatsyzlyk derdiniň ýazylanyny aýtdym, sen gaýdyp söz diýmediň. Men saňa aýdanymy Burkut diwana-da aýtdym, emma ol diwanalygyny edip, meni halys günüme goýmady,bir eýlämden gelip,bir beýlämden gelip,gözlerini ýaşlap bagyrdy durdy—diýipdir. Döwletmämmet aga rowaýaty tamam edip, meçjitdäki jemagata ýüzlendi:
“—Adamlar-- daragty topragyň, dünýä bolsa-- adamlary Yhlasyň, Ynamyň, Erjelligiň, Tutanerliligiň üstünde oturdýar. Adam ömrüniň binýady ynamdyr, yhlasdyr, tutanerlilikdir, erjellikdir,umytdyr...”
hhh
Bagdada! Magtymguly Bagdada barýar! Dädesi Döwletmämmet Azady bilen! Magtymguly begenjinden ýaňa uçaýjak bolýardy. ”Däli göwni dagda-düzde” diýilýän ýaş oglany gözetimden aňyrdaky gözellikler çagyrýardy. Onuň göresi, synlasy, öwrenesi gelýärdi. Tamam Arabystanyň paýtagty, dünýäniň iň uly şäheri Bagdadyň ady dillerden düşmeýärdi. Bagdat –gadym-gadym zamanlarda ertekileriň dörän mesgeni, rowaýatlaryň, dana hekaýatlaryň galkyp,dünýä göterilen mekany,siwilizasiýanyň sallançagy, ylmyň-bilimiň gözbaş alyp köküni taryha uran şäheri. Bagdat rowaýata lönen beýik Halyflaryň mesgeni. Ikinjidenem ol dädesi bilen ýelboýy ine-gana gürleşer, üçünjiden, Magtym-guly ýedi yklymyň keramatly, gudratly piri Haal Zaman Kaýseri piriňkä ak pata almaga barýardy.
Bagdat ýely uzakdy, emma ýadawlyk Magtymgulynyň golaýyndanam gelem-ýärdi. Çuň manyly söhbetler, gyzykly hem ähmiýetli gürrüňler uzyn ýely gysgaldýardy, agyr ýely ýeňledýärdi. Magtymguly:
--Däde, sen meçjitde wagyz-nesihat edeniňde örän täsin tymsallary, çuň manyly rowaýatlary, gyzykly hekaýatlary, ýiti pähim-parasatlary aýdyp berýärsiň, emma olary näme diýip diwanyňa ýazmaýarsyň?—diýdi.
--O nähili men ýazmaýamyşym?
--Men seniň ähli diwanyňy okadym, emma...
--Oglum, men obamyzyň kethudasy, meçjidimiziň ymamy, mekdebimiziň ahuny, ilimiziň piri. Ymamyň diwany meçjitdäki jemagatdyr. Men dana tymsallary, çuň manyly rowaýatlary, ýiti pähim-parasatlary maňa gulak asyp oturan jemagatyň ýüregine, aňyna, ruhuna, hakydasyna ýazýan. Wagt diýilýän rehim-şepagatsyz närse, ol kagyza, göne, demire, daşa ýazylan ähli zatlary öçürip goýberýär. Emma halkyň ýüregine, aňyna,ruhuna ýazylan pähim-parasatlar halk bilen ýaşap, olara Allanyň ýagşy dünýäsinde ýagşy bolup ýagşy ýaşamaga, päklenmäge, kämilleşmäge, hakyky adam bolmaga ýardam edip, nesilden nesile, asyrdan asyra, halkdan halka geçýär. Diwanlaryň ýagşysy—jemagatyň kalbydyr.
Dädesiniň sözleri Magtymgulynyň maňzyna batdy.
--Mahtymjan, hakyky akyldarlaryň diwany halkdyr, ýaşaýyşdyr, owadan tebigatdyr. Ol kitap ýüz müň ýyl bäri ýazylyp, ýüz müň ýyl bäri okalyp, ýüz müň ýyl bäri şol kitabyň içinde ýaşalyp ýör. Şahyr boljakmy, dana boljakmy, şol kitaplary okamany öwren!..
Magtymguly dädesi bilen ýelda gudratly waka duşdy, ol waka onuň bütin ömründe kalbynda, aňynda, ruhunda, ýadynda ýaşady.
Gyşdy. Gijara Magtymguly dädesi bilen at ýanaşdyryp Argamak obasyna golaýlapdy. Olar jeňňeligiň içinden geçýän ýol bilen gidip otyrdy. Bir salymdan jeňňellik sabap, ýol ýapa çykdy, töwerek-daş iňlär siňeksiz ýabany ýerlerdi. Ýoluň sag ýanynda bir zaman göçülen ýurduň san-sajaksyz harabaçylygy gugaryp ýatyrdy. Göçülen ýurt, ýykyk-ýumruk harabalar örän ýürekgyýgynç hem gorkunç bolýar, sebäbi harabaçylyk bir zaman ölen ýaşaýşyň gabrystany! Türkmen aga uruş-ewda çakdan aşa gyrylaýmasa, obasyny-kendini terk etmeýär. Elhenç gyrgynçylykdan galan sülsat göçmäge mejbur bolsa, obasynyň, öwlüýäsiniň, dagynyň, derýa-synyň adynam alyp gidýär… Göçülen ýurtda ahy-pygan, gam-gussa ýaşaýar, ýyllaryň geçmegi bilen gugaryp galan harabaçylykda jyn-arwah,iblis-al mekan tutýar. Ataly ogul tükeniksiz ýoldan, soňsuz gürrüňlerden ýadap, öz pikirlerini külterläp barýardy. Gyşyň aýazly howasy ýuwaş-ýuwaş süňňüňe aralaşýardy. Gün ýaşyp barýardy. Birden peýwagtyna barýan atlar hüşeri-lişdi. Magtymguly ýalta harabalyga seretdi. Gör-ha, onuň ertekilerde eşiden şaýly gelni messan-messan basyp, harabalykdan çykyp gelýär. Ýaş oglagyň endam-jany jümşüldäp gitdi, ýöne o gyz ertekilerdäki ýaly şaýlam däldi, gelnem däldi. Sallanjyrap gelýän gyzyň başynda tahýasy, tahýasynda gupbasy, gupbasynda-da üç-dört ýelek gyssyrylan owadan otagasy, bir golunda-da gol boýy taýagy bardy. Magtymguly ony jyn-arwah saýyp, üşerilip, dädesine seretdi, emma köpi gören Döwletmämmet aganyň piňine-de däl. Otagaly owadan gyz olaryň golaýyna geldi.Magtymgulynyň ini düýrükdi,emma Döwletmämmet aga «Gyzym, gurgunmyň?» diýip gara gadyr. Magtymguly heder etse-de gyzdan gözüni aýranokdy, asyl ondan gözüňi aýrar ýaly däldi. Durşuna syr bolup gelen görmegeý gyzda özüne çekiji, bendiwan ediji üýtgeşik mähir bilen zybalyk bardy. Gyz mähriban ýylgyryp:
-- Agam, oba çenli menem size ýoldaş bolaýaýyn -- diýdi. Döwletmämmet aga ýukajyk ýüpek köýneginiň üstünden daraýy don geýen gyza:
-- Gyzym, heý bi aldajy sowukda beýle ýeňil-elpaý geýinerlermi? Al, meniň possunymy egniňe at, gabaralam bolsa, agyr däldir -- diýip, nar gabygyna eýlenen narynç bagana possunyny çykaryp gyza uzatdy, gyz possuny egnine atdy.--Gyzym,oba çenli entek esli ýel bar.Hol haýata ýanaga-da, Magtymgulynyň atyna mün, ol atyň ardyna süýşer.
Gyz başyny yrady. Magtymguly dädesine siňe seretdi, dädesiniň näme diýip bi gyzyň ýöne gyz däldigine üns bermeýänine haýran galdy.
-- Ýöräsim gelip gidipdir agam, men pyýada ýöräbereýin.
-- Gyzym, obadan daşa gaýdypsyň, ýalňyz halyňa ýabany çöl-beýewanda gorkmaýaňmy?
Gyz ýylgyryp başyny yrady. Magtymguly haýran-serasime bolup gyzy synlaýardy. Iňrigiň garalýanyna garamazdan görmegeý gyzyň ýüzi-de, sol ýaňagyndaky peşehordasynyň yzy-da, syh-syh kirpikleri-de aýyl-saýyl görünýärdi. Gyz hamana howadan ýasalan ýaly, heserlije ýel ýaly şeýle ýeňil ýöreýärdi. Magtymgulynyň göwnüne bolmasa gyzyň aýaklaram ýere degmeýän ýalydy. Ol dädesiniň ýüzüne seredýär, emma onuň nurana keşbi beýle aýyl-saýyl görnenok.Magtymguly ilkinji gezek ýetişen gyz maşgala seredip, harabadan çykan gyzyň çakdan aşa owadanlygyna, eýjejikden näzeninligine aňk boldy. Ol zyba gyzyň ýöne gyz däl-de, gudratdygyna ýürekden ynandy.
-- Owallar gorkýadym agam… indi gorkamok… Indi menden gorksunlar - diýip, golundaky gol boýy taýagy mazamlap, gyz şelaýyn ýylgyrdy, emma Magtymguly ol owadan ýylgyryşyň aňyrsyndaky natuwan gussany gördi. Syrly gyzy synlaýardy, ýek,onuň göwnüne dagy däl,hakykatdan-da gyzyň aýaklary ýere degmeýärdi. Atlaram nämälim bir zatdan tebil tapýan ýaly häli-şindi gulaklaryny gaýçylap, töwerege garanýardy. Magtymguly onuň ýöne gyz däldigine ýürekden ynandy,emma şeýle mähriban, şeýle görmegeý, şeýle eziz gyzy al-albasdy,jyn-arwah sanybam bilmedi. Ol ýaş oglan halyna ýetişen gyza beýle tiňkäňi dikip seretmeli däldigini bilýärdi, utanýardy,emma gyzdan gözüni aýryp bilmese nätjek! Gyz Magtymgulynyň özüne bendiwan bolanyny bilip, ýylgyryp hasam näzenin nazar salýardy… Olar obanyň orta gürpünde ýerleşýän meçjidiň deňinden geçip, gojaman çynaryň duşuna baranlarynda, gyz saklanyp:
-- Agam, Alla ýalkasyn, ynha, men öýümize geldim. Possunyňyzy bolsa ertir alarsyňyz, emma possunyňyzy goýup gidiji bolaýmaň! Umydym siz-dir agam-- diýip, gapyny açdy. Gapydan çykan köpek gyza üns bermän atlylara üýrüp başlanynda hem ol gyz «agam, umydym sizdedir»--diýip, ýanjap-ýanjap aýtdy…
Olar ýassynlar daýysy Annagylyç aganyňkyda düşlediler. Obanyň kethudasy Annagylyç aga Döwletmämmet aganyň daşkynrak daýysydy. Kethuda ýegeni Döwletmämmet aga bilen ýaşajyk ýegençisiniň gelenine hoş boldy. Ertesi daňdan olar oba meçjidine baryp köpçülik bolup jemagat namazyny okadylar. Meçjitden gaýdyp gelýärkäler Döwletmämmet aga:
-- Daýy, şu öýde meniň amanadym bolmaly, şonam alyp geçeli - diýip, äpet çynaryň ýanyndaky jaýy görkezdi. Annagylyç aga öňe düşdi. Öý eýesi horja, keselbent ýaşuly egnine köne içmek atyp jaýyň ykyşynda mekge-jöweniň golçuryndan däne söküp, towuklaryny iýmlejek bolup oturan eken. Olar salam-helik etdiler, hal-ahwal soraşdylar. Öý eýesi Pälwan aga myhmanlary myhmanlajak boldy. Gapydan çykan ýaş ýigit bilen garry aýalam myhmanlary synlady.Ýaş ýigit salam berdi, Annagylyç aga dagy salam aldy. Şondan soň Döwletmämmet aga agşamky gyzly wakany aýdyp berdi. Pälwan aga serim-saz:
-- Sakaldaş, biziň öýde gyz maşgala ýokdur – diýdi.
Döwletmämmet aga:
-- Ýaşy ýigrimä-de ýetmedik sag ýaňagy peşehordaly, başy otagaly, egni ýukajyk ýüpek köýnekli, ýaşyl daraýy donly gyzdy, üşäýme diýip possu-nymy berdim… Ol gyz agam ertir öýümize gelip possunyňyzy alyp gide-weriň—diýip, siziň öýüňize girdi--diýdi.Magtymguly:
-- Sol eliniň külembikesem ýek eken, sag gaşynyň ýanynda owadan meňem bar, özem uzyn boýly görmegeý gyz… - diýip, gyzy suratlandyryp başla-dy, gapynyň öňünde duran garry aýal özünden gitdi, oglan ony gujaklap öe saldy. Annagylyç aga:
-- Pälwan aga aýyp-syn etmäweri. Myhmanymyz gijelikde jaýy ýalňy-şypdyr -- diýip, desbi-dähil öý eýesi bilen hoşlaşyp ýola düşdüler. Bir salym dymşyp, jaýdan arany açansoňlar Annagylyç aga:
-- Ýegen, olaryň Dürjemal atly bir gyzy bardy, siziň salgy berýän gyzyňyz ýaly… Ýöne bir ýarym ýyl mundan ozal duşman dökülip ýowuz uruş bolanda, biçäre ýa öldi, ýa duşman goluna düşüp ýok edildi, garaz diri ýitig boldy-da-- diýdi. Döwletmämmet aga bilen Magtymguly birek-birege bakyp sessiz düşünişdiler. Döwletmämmet aga:
-- Boldy… boldy… ynha, indi göwnüme jaý boldy. Ol ýöne gyz däldi, garaňka garamazdan nurana ýüzi ýalkym saçyp durdy… Gören badyma bildim, ýüregim syzdy, ýöne Magtymguly gorkaýmasyn diýip biparhlyga saldym…
Annagylyç aga alysdan myhman gelen ýegenini söwüşsiz goýbermedi, Döwletmämmet aga-da gaty bir gidermen bolmady, çünki gyz oňa «Possu-nyňyzy goýup gidiji bolaýmaň, agam» diýip ýanjap-ýanjap aýtdy ahyry… Olar öýle namazyna üýşeninde meçjidiň agzynda bir çopan peýda boldy, ol köpçülige salam berip:
-- How jemagat! Men irden mal bakyp ýörkäm Gaýtar galanyň haraba-lygynda täzeje possun tapdym. Beýijek ýerde eplenip goýlan eken. Eýesi geler diýip kän garaşdym, emma hiç kim gelmedi. Täze possun eýesi tapylýança meçjitde dursa ýagşy bor diýip alyp geläýdim -- diýdi. Döwlet-mämmet aga:
-- Ýanynda gol boýy kerkaw taýak bar ekenmi? -- diýip, sorady. Çopanyň gözleri yşyrap gitdi.
-- Howwa, ynha, içinde,possuna doladym -- diýip, ol eplengi possundan taýagy çykardy.
-- Ýegen, possun seniňkimi?
Döwletmämmet aga possuny barlaşdyryp:
-- Possun meniňki, ýöne birewe amanat berlen possun Gaýtar galasyna nädip düşüp ýörkä? - diýip, ol Magtymgulynyň ýüzüne köpmanyly naza-ryny aýlady.
Berdimyrat han, Annagylyç kethuda dagy daýysynyňka gelýärkä, Döwletmämmet aga:
-- Daýy, bi ýerde bir pynhan hikmet bar. Obanyň kazysy bilen iki sany namazly-täretli kişini Gaýtar gala ugradyň. Olar çopanyň possuny tapan ýerini gazyp görsünler. Ýalňyşmasam, öten agşamky biçäre gyzyň jesedi şol ýerdedir. Ol görgüli perişan halda «agam, umydym sizdedir» diýip gaty kän özelendi…
Döwletmämmet aga ýalňyşmandy. Possunyň goýlan ýerinden Dürje-malyň jesedi çykdy. Gyzyň hossarlary aýakgabyndan, ysyrgasyndan, gupbasyndan, jonnuk barmagyndan, ýüzüginden Dürjemaly tanadylar. Dürjemal çagaka barmagyna okuma çykyp, külembike barmagyny hekim kesip aýrypdy. Jesediň diri ýiten Dürjemalyňkydygyna şek-şübhe ýekdy, emma gadymdan gelýän türkmen dessuram bardy. Jesede ee çykýan süňk hossarlary—ýagny ata tarapy süňküň üstüne öz ganyny damdyryp görme-lidi. Atanyň, doganyň gany jesede siňip gitse, jeset şol tohumdandy, üstünde damjalap dursa, jeset başga biriniňkidi...
Pälwan aga guşagyndan pyçagyny alyp, goşarynyň ýanyndan dözümli salyp, gyrmyzy ganyny gyzyň agaryp ýatan süňküniň ýedi-sekiz ýerine damdyrdy. Gan damjalary gyzyň süňküne göni siňip gitdi. Soň Pälwan aganyň iki ogly goşarynyň ýanyndan kesip, dädesiniň edenini gaýtalady. Iki doganyňam gany süňke siňdi gitdi. Gyzyň daýysy hem jesede ganyny damdyrdy, emma daýy gany agaryp duran süňke siňmän damjalandy durdy. Indi onuň Dürjemalyň jesedidigine asylha şek-şübhe galmady. Pälwan aga ýüzüni penjeläp, iniňi düýrükdiriji ses edip aglady.
Magtymguly aňk bolup synlaýardy, sebäbi ol ata-babalaryň jesediň süňküne gan damdyryp kimdigini takyklaýan dessury barada eşidipdi. Häzir bolsa gözi bilen görüp, türkmeniň dana parasadyna haýran galdy. Dürjemal gyzy şehit hökmünde şol ýerde bir depäniň üstünde depin etdiler. Döwletmämmet aga gyssanýandygyna garamazdan, gyzyň ýanjanlysyny özi berdi, üçüni, ýedisini sowuşdy, çünki Dürjemal oňa ýanjap-ýanjap «agam, umydym sizdedir!» diýipdi ahyry…
Berdimyrat han, Annagylyç aga,obanyň ýaşulylary oturyp Dürje-mala kimiň kast edendigi barada kelle döwdüler,emma gyzyň ölümini kimden görjegini bilmediler,sebäp güman imandan aýyrýar ahyry!..
hhh
Döwletmämmet aga bilen Magtymguly iki aý diýlende Hajygowşanyň alkymyna geldi. Olar hezreti pirden ak pata almaga alys ýela gidipdiler, emma olaryň bagtyna pir ýedi-sekiz gün öň Kaýserä giden eken. Eger olar Dürjemal sebäpli Argamak obasyndan saklanmanynda, hezreti pir bilen duşuşyp biljek eken. Pirden pata alyp bilmese-de, Magtymguly gören zatlaryndan hiç bir baýlyga çalşyp bolmajak täsir alypdy. Indi Magtymguly on bir ýaşly oglan däldi. Ol Kolumb ýaly täze bir dünýäni açypdy: şol mahallar dünýäniň iň uly, iň beýik,iň ösen şäheri--Bagdat Magtymgulyny başga bir Magtymgula öwüripdi. Ol dädesi bilen adyny sena edinip ýören ençeme pirleriniň, welileriniň,şahyrlarynyň mübärek guburlaryna sejde edip, iki aýda ömründe gören gözelliklerinden kän zatlary gördi. Iki aýda dädesi bilen ömründe etmedik söhbetini edip, mollalaryň on ýylda berip bilmejek sapagyny aldy.
Döwletmämmet aga bilen Magtymguly gara daňdan ukudan oýanyp, ýuwunyp-ardynyp, namazyny okap, ümüş-tamyşda ata atlandylar… Ynha, hä diýmän Magtymguly mähriban obasyna - Hajygowşana barar, hä diýmän ol Giňjaýyň baýyrlaryny görüp, ýüregi giňäp, kalby aram tapar. Magtymguly öz ýanyndan hoşhal ýylgyryp,hyýalynda hä diýmän boljak duşuşykdan lezzet alyp gelýärdi. Hajygowşana golaýlaşdygyça göwni telwas urup, şähdi açylyp, keýpi kökelýärdi. Hanha, Gündogar ilki mawymtyl gök,soňra al öwüsip, jahan ýagtyldy. Daňyň ýelleri öser-ösmez näz edýärdi. Bady sabanyň näzijek ýelleri onuň ýüzünem, ýüreginem sypalap öwüsýärdi. Birden ol kimdir biriniň yzyndan diken nazaryny duýup, gaňrylyp ýeňsesine seretdi. Eý-ho!...
Magtymguly gözlerine ynanman,gözlerini birküç gezek açyp-ýumdy. Hanha, Dürjemal gyz owadan ýylgyryp sag goluny çalaja bulaýar. Magtym-guly haýran galdy, ara on bäş-ýigrimi ädim bolsa-da ol gyzyň görejindäki ýyldyraýan begenjem gördi. Hamana saba-säheriň al howasyndan ýaradylan Dürjemal howada durdy, onýança dädesi çasly «Magtymguly!» diýdi. Magtymguly ýüzüni öwürip, ýene aňk boldy, hanha taýak atym öňde-de Dürjemal ýylgyryp, sag goluny ýuwaşja bulaýardy. Magtymguly ýalpa yzyna seretdi, yzda hem Dürjemal ýylgyryp garap dur. Birden yzdaky Dürjemal jadyly ýylgyryşa öwrülip, howada owaz ýaly, ýaň ýaly eräp gitdi, ol aljyrap öňe seretdi, öňdäki Dürjemalam näzenin bakyp durşuna heserli ýylgyryşa öwrülip gaýyp boldy gitdi. Döwletmämmet aga:
- Gördüňmi, oglum? - diýdi.
- Gördüm, däde…--Magtymguly gursagynda möwç uran tolgunmadan ýaňa uçganaklap durdy! Ol gözlerine ynanyp bilenokdy! Ýüregi küküregine syganokdy! Dürjemalyň belent husnyjemaly howanyň ýüzünde peýda bola-nynda ol ilkinji gezek Gudraty, Allahyň gyz keşbinde görkezen gudratyny gördi. Ol ömründe birinji gezek gudrat gördi, gudrat!..
--Ölüme dagy dözer ýaly maşgala däl eken - diýip, Döwletmämmet aga başyny ýaýkady. -- Magtymjan, pahyrjyk bizden diýseň hoşal bolupdyr… Gördüňmi, bizi görner-görünmez belalardan gorap, obamyza çenli ugra-dypdyr… Anha, ýalan dünýäniň çyn gudraty!..
--Anha, ýalan dünýäniň çyn gudraty! –Bu jümle ömür boýy Magtymgulynyň ýadynda ýaşar, Dürjemal gyz hyýalynda ýaşar!
- Anha, ýalan dünýäniň çyn gudraty!..





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 38 | Добавил: Haweran | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Материал]
+++

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]