23:13
Yşk mekany ataş, ataş mekany arş -15/ dowamy
AGRAP

Nedir şa ýurda ortalyk diýip Eýranyň şaýy-sünni ulamalaryny, ermeni arhiýereýlerini, Isaýy katolik ýepiskoplaryny, jöhit rawwinlerini çagyryp, olara Zebury, Töwrady, Injili pars diline terjime etdiripdi. Musulman ulamalary gezekleşip şahynşaha Töwradyň, Zeburyň... terjimesini okap berdiler. Şahynşa onlarça salgytdan boşan halkynyň, garyp-gasarlaryň, daýhanlaryň, han-begleriň, häkim-hukkamlaryň, galaba ruhanylaryň baý hem berkarar ýurduna, sahawatly şahyn-şasyna buýsanýanyna ynanýardy. Ol synçy nazaryny dikip, özüni, dini öwrülişigini ýigrenýän ruhanylary hem daşyndan tanap otyrdy. Ol pygamberleriň halka bagş eden dinini şa bolup, soltan bolup gylyjyň-gürziniň güýji bilen düzedip bolmaýandygyny bilýärdi, ýöne dünýä baky gelen ýaly, mukym işini tutup gaty uzaklara seredýärdi. Ok atman Hindistany alan Nedir şa hä diýmän Mogoldan- Hytaýdan ar almaga dört ýüz müň ýygyn jemlär. Kimde-kim Ymam Japar Sadygyň mezhebine meýletin geçen iki paý bolup, Çynmaçyndan ata-babalaryň aryny almaga gider, ARYŇ aňyrsynda bolsa tükeniksiz olja, gul-gyrnak, baýlyk, hanyman ýatyr. Çynmaçynyň ähli hazyna-depinesini, genji-känini, mal-garasyny sürüp getirip, bäşinji mezhebe geçen şaýylara iki, sünnülere bir paý paýlar. Baýlyk, pul, tylla adamdan melgun, melgundan adam ýasaýar! Heý şaýylar genji-hazynany, san-sajaksyz gul-gyrnagy görüp durka sünni bolmazmy! Şahynşanyň şol beýik maksatlarynyň öňünde bolsa osman soltanyň ýekeje möhüri bilen goly bent bolup dur!
Döwletmämmet aga hem şol terjimeçileriň arasyndady. Gynanýardy, gün geçdigiçe ruhanylar bilen şahynşanyň arasyndaky gorp giňäp barýardy. Kethuda içinden:” Eý, pelek, zalym pelek, sen Nedir şany neýlediň? Eý, tükeniksiz genji-hazyna, sen halk ogluny, ýurduň halasgärini neýlediň? Owsarsyz hökmürowanlyk, howalaly tylla tagt, sen pähim-parasatly Nedir şahynşany neýlediň? Hany ol “wäk!” diýseň, “waheý!” diýip duran Nedir şa? Hany gözlerini açsa göwni, agzyny açsa ardy görnüp duran türkana Nedir şa?
Nedir şa ýene musulman dünýäsiniň halyfy osman soltanyna nama taýýarladypdy. Köşk ulamasy jemagatyň öňüne çykyp namany okady. Ulamalar ýeke-eke çykyş edip namany oňlaýardy. Nedir şa sol gözüni süzüp, tüpeňiň nili ýaly sag gözüni kethuda dikip:
--Hany sünni piri Döwletmämmedem diňläliň—diýdi. Emma kethuda bu saparam düýbünden tersden gopdy.
--Kyblaýy älemim, hezreti pirler, ulamalar meniň pikirimçe, osman soltanyna nama-da ibermeli däl, wekilem, sebäbi? Sebäbi ulug ýurdumyzyň şaýylary Hudaýyň hakyna, pygamberimiziň hakyna, ulug Eýranyň, agzy-birligiň hatyrasyna bäşinji mezhebe geçjek bolýar, ýurdumyzyň şaýylarynyň-sünnüleriniň dost-dogan bolmagynyň hatyrasyna Ymam Sadygyň mezhebine geçjek bolýar! Meniň pikirimçe, Osman soltanynyň—ýagny halyfyň ony tassyklamagynyň geregi ýek. Birinjiden, osman soltanlary halyflygy basyp alan basybalyjylar, olaryň hiç biri hakyky halyf däl! Kurany-Kerimi okap çykmadyk soltanyň fetwasy nämä gerek! Eýranyň beýik tutumyny, döwletli işini diňe asmanda Allatagala kabul eýlesin! Bolany!
Döwletmämmet piriň sözleri şahynşany oýurgandyrdy. Bir şaýy ulamasy ardynyp, ýerinden gobsunyp:
--Sünni piri dogry aýdýar. Biz osman soltany üçin däl-de,ulug Eýra-nyň ýaňadan beýik döwlet, berkarar ýurt, halkymyzyň agzybir, abadan ýaşamagy üçin bäşinji mezhebe geçýäris!—diýdi. Bir dargursak ulama:
--Ek, hezreti pirler, ulamalar! Näme diýip osman soltany halyf halyna biziň döwlet namamyza fetwa goýmazmyş! Goýar, islese-de goýar, islemese-de! Osmanlylar hiç haçan Eýranyň öňünde durup bilen däldir, indem durup bilmez! –diýdi. Jaýy dolduryp oturan ulamalar şahyn-şanyňam ikinji pikiri goldaýanyny duýup, Yssambyla ulamalary ýella-magy dogry tapdylar.
Nedir şa ýene Yssambyla ilçiler toparyny ugratdy.
hhh
Kyýamat Medet agalarda gopýardy.Ol içine urup, sessiz aglasa Göwher, Atageldi dagy möňňürip hünübirýan aglaşýardy.Ýüzi-gözi çişip giden Ogulgerek eje birden agysyny ýelup, gara daş ýaly doňup şum ajala gara-şyp oturan Meňlä seretdi:
--Sen awyny nirden tapdyň gyzym?
--Sandykdan aldym…baryny içdim…
Birdemde Ogulgerek ejäniň ýüzüne nurana şatlyk bilen yzaly ýylgy-ryş çaýyldy. Birdenem dälirän ýaly ol ýaňadan bir aglap başlandyr-ow, onuň ozalky agylary dagy wiçjik eken. “ -- Waý, waý meniň akmajyk gyzym diýse! Waý, waý, saçy-kesilmiş diýse…» --diýip, ol hem aglaýardy, hem gülýärdi, hem gyzyny gujaklaýardy. Meňliniň buz ýaly jansyz nazarlaryna gorky inip, ejesi dälirändir öýtdi. Beýleki otagda söm bolup, perýada-pygana öwrülip duran Medet aga, Göwher dagy Ogulgerek ejäniň hem aglap, hem wahahaýlap gülýändigini eşidip, onuň aklynyň üýtgändigine—dälirändigine ynandylar. Ogulgerek eje ajy ýaşlaryny, begenç ýaşlaryny seçeläp, gülüp-aglap Meňlini bagryna basyp:
--Gyzym, gyzym, gyzynyň yşka düşüp, hüýlenip ýörenini bilýän ejeň öýde zäher saklar ýaly samsykdyr öýdýämiň? Perizat gyzynyň yşka düşüp heserläp, Leýli bolup ýörenini bilýän ejeň heý sen tapar ýaly ýerde awy goýarmy? Men ol awulary äkidip zibilhanada gömdüm...
--Onda sandykdaky näme? -- Meňli zordan gepledi.
--Gyzymjan, sen ejeň ýürekagyry dermanlaryny içipsiň, gyzymjan! -- diýip, Meňliniň ýaňagyndan, maňlaýyndan ogşaşdyryp, ejeli gyz biri-birini bagryna basyp, ýaňadan bir aglaşdylar,ozalky agy dagy ýalan eken, eneli-gyz heziller edip aglaşdylar…

* * *

Asmany-zemini çaýkandyryp, agdarylyp-düňderilip, wagşyýana möwç urup ýatan däli umman birdemde togtap, daglaryň gerişleri ýaly örküç-örküç tolkunlar howada doňup galdy. Kyýamat suruny uwladyp, asmany-zemini elendirip, haýýady göterilen apy-tupan birdemde togtap, aýylganç harasat howada magallaklap galdy. Ýerleri-gökleri lerzana salyp,arşdan gara ýere sanjylan ýalaňaç ýyldyrymlar dünýäniň oňurgasyny söken elhenç gümmürdisi bilen doňup galdy. Däli bedewini ýüzin saldyryp owzahy göterilen dünýäsinden çykyp barýan Magtymguly birdemde togtap, töwere-gine nazar aýlanynda, özüniň düýbünden ýat dünýä düşenine haýran galdy. Gözlerini höwlendirip duran ümsümlik, ýadyrgap duran imisalalyk gulak-laryny gapara getirip şaňlaýardy…
Munuň ýönekeýje sebäbi bardy: ýenaçylar ýeser Ogulgerek eje bilen guda bolup, Magtymgulyny Meňlä, Meňlini Magtymgula geleşdiripdiler. Magtymgulynyň dünýäsini godukladyp, golundan çykyp barýan Meňli indi onuňkydy! Magtymgulynyňkydy! Indi jümle-jahanda Meňlini Magtym-gulydan, Magtymgulyny Meňliden aýryp biljek hiç hili güýç ýokdy! Diňe şondan soň Magtymguly aklyna aýlanyp, yzyna seredip, özüniň neneňsi bişeýkel, niçiksi göz-gülban ýagdaýa düşenine akyl ýetirdi. Ol oýlandygyça utandy, pikir kyldygyça uýaldy, zandy hanzada, asylzada, salyhatly, il içinde sylagly-sarpaly şahyr Magtymguly gör-ha, bir gyzyň yşkyna aklyny aldyryp nähili ýagdaýa düşüpdir! Ol Meňli gyzyň yşkyndan däliräp-düwläp gör nämeler etmändir! Ol Meňliniň yşkyna düşeli bäri başyndan geçen wakalary ýatlajak boldy, emma suwytly zat ýadyna düşenok! Ol indi ýagşyzadakybap kethuda dädesiniň, perişdekybap Arazgül ejäniň gözüne nädip görner? Ol indi toýda-ýasda eteginde namaz okabermeli nurana aksakallaryň gözüne nädip görner? Ol daşa çyksa, agalaryndan-eňňele-rinden utandy, öe girse kitap tekjelerinde özüne syn kylýan Hapyzdan, Haýýamdan, Rumydan, Jamydan, Sagdydan utandy. «Haý, akmak, dünýäde sen ýaly aşyk bolan görülmedimi?!» diýip, başyny ýaýkap hapa boldy:

ÝA yşkyň zyýada şeýle güýçlimi?
Heddiň bilmeý aşa-aşa düşüp sen…
Iller saňa haýran,sen hem illere,
ÝA aklyň aldyryp çaşa düşüp sen..

Emma entek dünýä Magtymgulynyňky ýaly akyldan daşgary beýik yşky görmändi, Ýer ýasalyp gök bina bolaly bäri Biribar heýjanly hem heýhatly dünýäsine ençe-ençe läheň şahyr getiripdi, ýöne Magtymguly ýaly çakdan aşa uly, gudratly hem keramatly, Hakyň hak, halkyň halk şahyrynyň weli, meger, dünýä ilkinji gezek gelşidi. Dünýä Magtymgulynyň dünýä inmegine million ýyl garaşypdy!...
Beýik Allatagala tükeniksiz älemleri, milliard ýyldyzly, milliard syrly asmany, diňe aşyk bolup, diňe söýüp-söýlüp ýörmeli owadan dünýä-ni ýaradyp, ýyldyrymy bilen arşdan zemine Arş oduny peşgeş berenin-den soň, adamzadyň haýwanlaryň arasyndaky mahluk ýaşaýşy tamam bolup, adam ogullary gara gyşyň gursagynda ot ýakyp, sowukdan-tümlükden gora-nyp, ojak başynda jemlenip, lukmasyny bişirip,höregini oduň tagamyna daglap, gündiz Güni, gijeler alawly ody Hudaý saýyp, ynsan ýaşaýşyna göterilipdi…
Allatagala hezreti Adam atanyň ogullaryna gudratly, syrly, jadyly Yşky peşgeş berip, olary hakyky Adam derejesine göteripdi...
Magtymgulynyň çakdan aşa uly şahyr bolmagy üçin zemine çakdan aşa owadan gyz gerekdi. Onuň gursagyndaky harsaň zehini alawladyp goýbermek üçin adatdan daşary owadan, hüýr jemally, peri kaddy-kamatly Meňli gyz gerekdi! Şygry aýata-doga öwürip, sözi keramata, gudrata, şahyrlygy pygamberlik derejesine göteren dünýäniň beýik şahyry Magtymgulyny dünýäniň ýangynly şahyryna öwürmek üçin ynsan yşkyndan has beýik, Ylahy Yşka barabar YŞK gerekdi! Biribar Meňli-ni Magtymgula, Magtymgulyny Meňlä duşuryp, entek görlüp-eşdilmedik yşka-da sezewar eýläp, Meňlini yşk mülküniň melikesi, Magtymgulyny jümle-jahanyň kalbynyň soltany edip, olary ýagşyzada, perişde dereje-sine ýekary göterdi...
Pygamberlerimiziň daglara gidip şöwür çekenem bir gowy zat. Ulug şahyrlaryň, ulug aryf-sopularyň daglara gidip şöwür çekýänem bir gowy zat…Yşka aklyny aldyran Magtymguly gijeler gijä sygman, gündizler gündize sygman, daş çyksa asman astyna, öýde öýüne sygman,özi özüne sygman “Gaçgynym köplükdir,gözlegim hylwat” diýip, gijäniň bir wagty ýarpy horjun kitap alyp, atyna atlanyp daglara tarap güw gidip barýar. Türkmen aga ýöne ýere “Gudrat göreý diýseň,daglara bar!” diýmeýär! Daglar, goja daglar, hatda peslerem öz belent derejesine göterip, beýikleriň bolsa aklyny çaşyrýar! Daglar, gudratly daglar! Garyp göwünleriň göçgüni daglar, däli ýürekleriň guşguny daglar! Goja bolup barsaň nowjuwan edip, nowjuwan bolup barsaň şahyr edip goýberýän keremli daglar, Kowusly,Kyýasly, erenli daglar! Garyp bolup barsaň baý edip,baý bolup barsaň beg edip, ýaramaz bolup barsaň ýeg edip goýberýän keramatly daglar! Pir bolup barsaň pygamber edip, şahyr bolup barsaň Hudaý edip arşy-agla çykaryp, heýjana getirýän gudratly daglar! Daglar, gara daglar Magtymgulynyň ýeke-täk syrdaşy, dertdeşi, meslekdeşi, şöwürdeşi!..

* * *

Anna güni jemagat bolup namaz okan Döwletmämmet aga meçjitden öe gelip, ýektaýyny çykaryp, göwşüllän donuny geýdi.Ol bir salym böwrüni diňläp, diňşirgenip durdy, öýden çykyp, howlynyň derwezesini açyp, gözlerine ynanyp bilmän, açalak-ýumalak edip aňk boldy. Ýel bile ýagşy senalary sanap hezreti pir ýetip gelýärdi. Buýra-buýra sakgalyna,saçyna mazaly çal sepen başy külahly, goly hümmet hasaly, agajetden uzyn pir nurana nazaryny kethuda dikip, mähriban ýylgyryşa öwrülip, öý eýesini synlady. Birden Döwletmämmet aga «hezreti pirim!» diýip onuň aýagyna ýykyldy, emma piriň kuwwatly gollary ony saklady.
-- Hezreti pirim, siz nire, Hajygowşan nire?
Hezreti pir ýylgyryp durşuna kuwwatly gollary bilen Döwlet-mämmet agany bagryna basdy. Döwletmämmet aga piri gujaklap durşuna:
-- Hezreti pirim, siz nire, biz pakyryň umytly ojagy nire? – diýip, şatlygy kalbyna sygman elewredi. Olar biri-birini goýberip, biri-birini dowamly synlap, ýene biri-birini gujagyna basdy. Döwletmämmet aga çaga ýaly uçaýjak-uçaýjak bolýardy:
-- Hoş gelipsiz hezreti pirim, sapa getirip siz!
Döwletmämmet aga arzyly myhmanyny öe saldy. Arazgül eje sygyr sagyp duran Nurjemala:
-- Nurjemal, şol süýt bessir! Dessine gap-gajyňy mazaly ýuwup, süýdi atar…Hezreti pirimiz gelipdir – diýdi. Ol ojagyň oduny gallap, tüňçeleri oturtjak bolup ýören Zübeýda – Gyzym, melleklere aýlan, bägülleriň ýagşysyndan ýagşysyny saýlap, üç sany çemen bog!... - Özi bolsa öňňün Muhammetsapanyň bazardan getiren nazy-nygmatlaryny mazaly ýuwup, gaba salyp, içerik girdi. Ençeme ýola uly mertebeli myhmanlary garşylap gören obanyň keýwany aýaly Arazgül eje dürli naz-nygmatlardan saçagyň üstüni doldurdy. Alma, narynç, turunç, hoz-pisse, bugaryp duran süýt, çiggaýmak, garaz hezreti piriň hezzetini ýetirdi. Zübeýda öz gapyla-ryndaky, Kynyş dädesiniň, Selim dädesiniň gapysyndaky güllere aýlanyp, penje-penje açylan bägüllerden üç sany çemen baglap, ejesine getirip berdi, emma ejesi:
-- Bar gyzym uýalma, gülleri suwly gaby bilen birini hezreti piriň, birini dädeňiň öňünde, birinem tekjede goý. Hezreti Haali Zaman piri görmegem sogapdyr, bar, ulug piriň alkyşyny alarsyň – diýdi. Ýaňy on üç-on dört ýaşyna girip bägül ýaly gunçalap başlan Zübeýda uýalyp öe girdi. Çemenleriň birini hezreti piriň öňünde, beýlekisini tekjede, üçün-jisini dädesiniň öňünde goýup gapa ýöneldi. Pir:
-- Alnyňy Hak açsyn gyzym, ine piriňize şundan uly serpaý bolmaz – diýdi. Hezreti Haali Zaman Kaýseri pir Eýranyň – Turanyň, arabyň – ajamyň, Rumuň-şamyň ulug piridi, aryfydy. Ýedi yklymyň ilaty oňa ýykylýardy, sygynýardy, azyzlaýardy. Döwletmämmet aga ýaş ýigit çaglary Haali Zaman Bagdatda hezreti Seýit Syrajetdin Arşaýy piriň medrese-sinde ýedi ýyl bile okapdy. Ikisi hem musulman dünýäsiniň beýik piri Seýit Syrajeddin Arşaýynyň mürididi. Ikisi bile haj parzyny biti-rip, Medinede – Pygamber şäherinde Hakyň resulynyň mazaryny düýnäp, bile mynajat kylypdy. Ulamalaryň arasynda dostluk bolýan bolsa, ikisi ýegre dostdy…
Hezreti Haali Zaman Kaýseri piriň atasy Izmiriň, kakasy Kaýse-riniň beglerbegisi bolupdy. Onuň ata-babalarynyň arasynda Osmanly soltanyna wezir bolany-da, sypahsa-serkerde bolany-da bardy. Has dogrusy, olaryň neberesi at üstünde at alyp, abraý gazanyp, han-häkim bolýan hanzadalardy. Diňe ýaşajyk Genç bäş-alty ýaşyndan kitaba ýapyşdy, şondan soňam onuň göreni mekdep-medrese boldy. Beglerbegi beýik Arşaýy pir bilen pir oglunyň hormatyna Bagdatda uly medrese, meçjit, hanaka saldyrypdy. Piriň hakyky ady Genji Zamandy, Arşaýy pir ýaş başyndan ulug pir çykan müridine « Sen Genji Zaman däl, sen Haali Zaman!» diýip, belent at beripdi.
Ýedi yklymdan hezreti Haali Zaman pire ýykylyp, onuň medresesinde sapak alýan sopularyň sany ýetmiş-segsene bardy. Garasaý, onuň medresesi Eýranyň-Turanyň, Rumuň-Şamyň, arabyň-ajamyň meşhur medresesine öwrülipdi. Meçjidiň hanakasyna günde telim derwüş gelse, telim derwüş pirden pata alyp gidýärdi. Eýran-Turan,arap-ajam ulamalary oňa yklym eýesi diýýärdiler, çünki ol gudratly, kerem-keramatly pirdi, gyssanan çagyň çagyrsaň dadyňa ýetişýän pirdi.Eýranyň-Turanyň, arabyň-ajamyň iň hatyraly piri Haali Zaman piriň kethudanyňka gelmegi, tutuş obany haýran galdyrdy. Hajygowşanyň aksakallary hezreti pir bilen didar-laşmaga geldi. Barlynyň bazary ýanynda diýlenini edip, Selim Magtym-guly ir bilen bir öweji öldürdi, ol öz ýanyndan agasynyň abraýy üçin pire söwüş etdigidi. Emma hezreti pir bilen kethudanyň gürrüňi alşypdy.Olar kä arap,kä pars,kä türkmen dilinde danyşýardylar. Hezreti pir Döwletmämmediň juw-ak saçyna-sakgalyna geňem galmady, ol barada dilem açmady.
-- Döwletmämmet, Magtymguly öýde ýokmudy?
Ulug aryfyň Magtymgulyny soramagy Döwletmämmet agany geňir-gendirdi. Ony aňan pir:
-- Hä, Magtymgulyny bilýänime geň galdyňmy? – Pir nurana ýylgyr-dy – Tüweleme, ömri rowaç bolsun, ýaş başyndan Magtymgulynyň ady ile zahyr bolupdyr…
Azady piriň sözlerine monça bolup:
-- Magtymguly öýdedir tagsyr – diýdi.
-- Magtymgulyny çagyr, onuň bilen gürrüňim bar, Döwletmämmet…
Kethuda bu gezek hasam haýran galdy. Ýeri, ýedi yklymyň eýesiniň ýaş ýigdekçe Magtymguly bilen näme gürrüňi bolup biler? Kethuda pikire batyp daşaryk çykdy, bir salymdanam yzyna gaýdyp geldi. Ol:
-- Hezreti pirim, obamyzyň aksakallary siziň bilen didarlaşaýsak diýip gelipdirler. Onsoňam… - diýip, Azady pire Ýagşymyrat baýyň haý-şyny nädip aýtjagynyň ebeteýini gözledi. Pir:
- Magtymguly bar ekenmi? – diýip, ýaňadan sorady.
-Magtymgulynyň daglara gidäýmesi bardy… Düýn daglara gidipdir ýatymlyk, yzyndan oglan ýolladym, derrew alyp gelerler hezreti pirim…
Haali Zaman pir bilen Azady daşaryk çykdy. Üzüm dalbarynyň öňünde döwre gurup duran aksakallara pir salam berip, ýeke-eke elleşip görüşdi. Ady-awazasy jümle-jahana dolan pir derwüş geýim-gejimindedi. Düe ýüňünden bol biçilen hyrkasy ýama-ýamady. Buýra-buýra sakgaly döşüne düşüp durdy, külahyň aşagyndan çogup çykan tütün ýaly saçlary egnin-denem geçýärdi. Aýagynda mesi-ädigi, elinde tesbisi bardy. Derwüş-ler ýama-ýama hyrka geýýärler, ýöne olaryň köne hyrkasy, täzeden päkize bolýar. Haali Zaman pir bolsa pygamber edähedini ýöredip müşk hem sepinerdi, gyşy-ýazy ýok, suw görse düşmän geçmezdi. Hakyky derwüşiň geýim-gejimem, on iki synasam, kalbam namazlyk ýaly mydama päkize bolýar. Hakyky derwüşler mydama Haka duşaýjak ýaly tämizdir, päkizedir, ölse jesedini ýuwup-päkläp oturmagyň hem geregi ýokdur!
Obanyň aksakaly:
-- Hezreti pirimiz, biz siziň hormatyňyza obanyň barjamly adam-lary bolup sadaka beräýsek diýýäs…
-- Biziň hormatymyza däl, Hudanyň hormatyna beriberiň sadaka-ňyzy…
-- Sadakany meçjidimiziň ýanynda edelimi ýa Döwletmämmediňkide?
-- Aksakallar, gazan-gazan nahar ataryp,dok adamlary doýranyňyzdan, göwnüňizden näme çykaran bolsaňyz, obaňyzyň garyp-gasaryna, ýetim-esirine, mähtäjine-gallajyna beriň… Şondan uly sadaka bolmaz!..
hhh
Magtymguly baýyrlaç daglaryň etegindäki gadymy harabalykdan geçip barýarka geň bir waka duşdy. Öňden eşegini ýergasyna goýberip, Şyhym Harpyk çekenedäki mallaryny görmäge barýardy. Aňyrdan bolsa inerli Ak gojuk gelýän eken. Birden onuň düýesi esräp, başyny talawladyp, patanaklap eýesine baş bermän, gaýtdy ok bolup eşekliniň üstüne! Her towsanda ýarym menzil böküp, atylyp gelýän ineri görüp gözleri hanasyn-dan çykan Şyhym aga eşeginden towsup berdi paýyrdygy. Emma hany gaçyp çykaýmaga dag barmy, münäýmäge belent daragt barmy? Pakyr janhowluna gaçdy, düe kowdy, hatapda köje döwýän Ak gojugam bir öwrüm-de düýesinden düňderildi. Şyhym Harpyk jajajaýlap gygyryp, tüweleýläp gaçdy, Ak gojuk walalaýlap, düýesiniň yzyndan kowalady. Rejäniň geň däldigini gören Magtymgulam basdy Sakarguşa gamçyny. Patanaklap, ýerleri sarsdyryp gelýän däli ineriň öňünden Şyhym aga gaçyp gutuljak däldi. Jan süýji, ajal ajy! Şyhym Harpyk iner ýetiberende emel edip, hyrra yza öwrülip, berýär ýazzyny. Äpet janawer bolsa badyny saklap bilmän esli gidip, soň onuň söbügine düşýär. Magtymguly içinden “ Haý işigaýdan bir zaman esrik ineri urandyr-ow! Ýetdigi bendäni bagyrtlar!” diýip, Sakarguşa uçuryp gelşine Şyhym aganyň dadyna ýetişdi. Ol dälirän ineriň öňünden çykyp, gamçysyny bulap, gollaryny daldalap, esrik ineri gaýtardy.. Aňyrdan ala gykylyk bolup ylgap gelýän Ak gojuk:
--Çilimiň taşla, çi-li-mi-ňi!—diýip zowladýardy, emma janynda jan galmadyk Şyhym aga gep eşidýärmi? Magtymguly saňňyldap, sazanaklap duran Şyhym Harpygyň penjesinde ala tüsse bolup duran çilimi gördi. O zamanlar Eýranda iňlis, ermeni, pereň, ors söwdegärleri temmäki ýapragyndan düýrlenip ýasalan bir garyş çilimi— pereň sigaryny satýardylar. Üşükli eýranlylar dessine ýerli ak temmäkiden pereň çiliminden has gowy, tüssesi ýakymly sigary ýasap başlapdylar. Ak gojuk paýynç sözleri paýradyp gelşine Şyhym aganyň elinden çilimini alyp, aldygyna sorup, tüssesini ineriň burnuna üfledi. Arasynda:-- Bi akmak çilimkeş, düpkeş bolupdyr.Örküjini gaplaň awlamyş! Ak gojukdan mal bakmany öwrenme sen, mähnet çekmäni öwrenme sen! Gör-ha, çilim çekmäni öwrenýär-ä! Häý şahyňa gurt düşmüş!”
Birneme özüni dürsän Şyhym aga Ak gojugyň penjesine seredip, ýüzüni bürüşdirdi:
--How, Gojuk beg, eliň çory dagy näteňet?—diýdi. Ak gojuk owurdyny çilim tüssesinden dolduryp, düýäniň burnunyň aşagynda ala burugsy tüsseletdi, gerdenlerini gerip, magtandy:
--Sen entek meniň aýagymyň çoruny görsediň...
--Senem adam çagasy ahyry. Ýuwunaýsaň, suwa düşäýseň bolmaýamy?
--O gün düşdüm suwa...
--Suwa günde-günde düşmeli! Günde-günde ýuwunmaly!
Ak gojuk garşydaşynyň diýip duran gepine haýran galdy:
--Aýrylsanaý, men näme dünýä suwa düşmäge geldimmi!.. Sen obanyň baba-lysy gerek? Gidem-de kör bolup ýuwarsyň!...
Magtymguly ýylgyrdy, ol ömründe birinji gezek çilimkeş düýäni, çilim tüssesini düýäniň burnuna üfleýän Ak gojugy synlap başyny ýaýkady.
…Aşakdan seredeniňde Goşa gümmez gerşi beýle beýikdir öýtme-ýärsiň. Awçy çarany aýlanyp-öwrülip, kä aşyk inip, kä ýekaryk çykyp, kä terse, kä dürse gidip, ahyry Goşa gümmeziň depesine çykýar. Beýikligiň ýely şeýle-dä! Magtymgulynyň adalatly ýüregi, romantik kalby, möwçli zehini, hyjuwy-hyrujy, göçgünli ruhy berdaşly göwresine sygmaýan güýji-gaýraty gorkunç, töwekgel garşydaş küýseýärdi, jümle-jahany endiretjek gudrat, dünýäni düldüretjek keramat isleýärdi… Gara daň bilen Kemerli dagyna dyrmaşyp barýan Magtymguly birde özüniň nämälim gelejegine çykyp barýan ýaly, birde ata-babalarynyň şanly taryhyna çykyp barýan ýaly, birde pynhan syr bolup ýatan beýik dünýä çykyp barýan ýaly, birde keramatly daglaryň keramatyna aralaşyp barýan ýaly duýgyny başdan geçirýärdi.Şeýlelikde,ol hem geçmişe, hem geljege aralaşyp, tas günorta bolup barýarka Goşa gümmeziň çür depesine çykdy. Beýikden aşaky jülgä seredeniňde, Magtymguly dünýäniň depesine çykanyna ynandy. Hanha jülgede uzyn örklenen Sakarguşy atgarynja ýaly bolup görünýärdi. Ol gaýanyň gerşinde oturyp hähini aldy. Magtymguly dag gerişleriniň iň beýigine çykypdy, emma onuň göwni hanha ýene al asmanda! Göwnüň derejesine ýetmek ýek borly…
Demirgazyk tarapdan şeýle bir jana şipaly şemal öwüsip, ruhuňy galkyndyryp, şähdiňi açyp, göwnüňi uçuryp barýardy. Dünýä döräp zemi-niň çaňyna-tozanyna bulanyp görmedik asmanyň arşaýy ýellerini başyňa çeki, doýar ýaly däldi, Allanyň arşy-aglasyndan gelýän heserlije ýeller göwnüňi ýeldirgedip, seriňi sämedip sermest edýärdi. Magtymguly gara daglara däl-de, gudratyň, keramatyň, pynhan syrlaryň belentligine çykanyny jany bilen, ini bilen, gany bilen, ruhy bilen duýýardy. Ol goja daglaryň goýnuna geleninde gadymy ata-babalarynyň huzuryna gelen ýaly ynjalýardy. Gojaman ýaňly daglarda Gorkut atanyň, Jygaly begiň, Görogly soltanyň,atasy Magtymguly ýenaçynyň keşbini görüp, olaryň bakylykdan gelýän owazyny eşidýärdi. Ol depesi garly daglara, degresi injirli-narly jülgelere seýli-seýran edeninde düýbünden başga bir dünýä düşenini duýýardy. Ol häzir düýbünden başga Magtymgulydy. Ses-selemsiz sary güýzleriň gelşi ýaly, döredijilik hesretiniň gelşi ýaly, bulutlaryň kölegesiniň sessiz-selemsiz gelşi ýaly, onuň dana kellesine ygym-sagym hydyraýy,hyrawa pikirler gelýärdi.
Ol Kynyş dädesiniň ýekegöz dürbisi bilen çarýany dürbiledi. Hanha, gara dagyň gaýasyndaky äpet gowak agzyny açyp, jaýryk-jaýryk owazy bilen Gadym dünýäden güňlenç-güňlenç gygyrýar. Magtymguly ol gowaga birnäçe gezek girip görüpdi, her gezegem gowaga däl-de, geçmişiň gam-gussaly, ahy-pyganly dünýäsine giren ýaly bolýardy. Gamgyn gowak hamana gadym-gadym zamanlarda Adam ogullarynyň sülsadyny dünýä çykaranyna puşeýman edýän ýaly perişandy.
Pähim-parasatly Magtymguly zemindäki ýaşaýşyň ýedi gatdandygyna akyl ýetiripdi. Ýaşaýşyň birinji basgançagy—daglar-daşlar,toprak: ikinji basgançak otlar-çöpler, dal-daragtlar, ösümlikler: üçünji basgançak mör-möjekler,janly-jandarlar: dördünji basgançak Adam ogullary: bäşinji basgançak--ýagşyzadalar,erenler: altynjy basgançak perişdeler, melaýkalar: ýedinji basgançak—gudraty güýçli beýik Biribar! Aşaky alty gatlagam ösüşde, arzuw-hyýalda: hemmesiniň ümzügi, ümüdigi öňe, hemmesi ösmegiň, kämilleşmegiň yşkynda! Daglar, düzler, çöller,toprak:--ot-çöp,dal-daragt bolup gögermegi, otlar-çöpler:-- janly-jandarlar ýaly jana gelmegi--ýöremegi, uçmagy--janly-jandarlar:-- akylly-başly adam bolmagy, adam ogullary:-- ýagşyzada öwrülip arşa-kürse akyl ýetirmegi, ýagşyzadalar, erenler:-- perişde bolmagy, perişdeler bolsa Hudaýa garyl-magy arzuw edýär! Magtymgulynyň pynhan arzuw-hyýallary, pikiri-zikiri, maksady-matlaby, doga-dilegi-- ýagşydan ýagşy, beýikden beýik, danadan dana bolup keramatly, gudratly ýagşyzada öwrülmekdi.

* * *

Meňliniň Magtymgula geleşdirilenini eşiden Şanazar beg däli-räp ugrady. Onuň Meňlä bolan söýgüsi, arzuw-hyýallary dowzah oduna öwrülip, içinden ýandyryp, daşyndan köýdirýärdi. Şanazar beg namysa galypdy, han ogly atdan ýykylana dönüp, gijesi-gündizi ah urup,efgan dartyp, gahardan-gazapdan ýaňa näme ederini bilmeýärdi. Gör-ha, han oglunyň awuny kimse kakyp alyp ýör!... Garyndaş Şanazar begiňki, Meňliniň ene-atasam Şanazary köreken edinmegi arzuwlap ýör, Şanazar begiň baýlygy çaşyp ýatyr, dünýäniň eýesi Şanazar beg, emma… Ol uzyn gije ah urup, perýat çekip gijäniň bir wagty hiç kese duýdurman, ýaragla-nyp, atyna münüp Magtymguly bilen ýaňadan bellisini etmegiň kül-külüne düşüp, ýola çykdy. Beýik Biribar birewüň bagtyny ýatyrjak bolsa, ilki onuň aklyny alarmyş…Şanazar Magtymgulynyň Garajaryň daglara sapýan ýerinde şöwür çekýändigini bilýärdi. Ol ýa özüni öldürmeli, ýa Magtymgulyny! Ýegsam ol ýagty jahanda ýaşap bilenok! Şanazar beg iki tarapyny deňläp at gamçylap, gün öýlä aganynda Garajaryň daglardan gözbaş alýan ýerine geldi. Ol töweregine algyr nazar salyp, Magtymgulyny agtaryp ýörşüne, ahyry onuň atyny gördi: bedewini hüşgär sürüp, belent bir baýra çykdy, onuň ýüzüne ajy ýylgyryş ýaýrap gitdi. Ol ýaňadan töweregine ser saldy, bagtyna adam-gara-da ýok. Hanha, onuň duşmany bolsa ullakan gara daşyň üstünde oturyp, bir işe mübtela. Şanazar beg serdar bürgüt ýaly güberip oturan Magtymgulyny synlady, onuň gahar-gazaby böjäp, gursagy ot goýberilen tamdyra döndi. Onuň gijeler perýat dartyp, gündizler gözlerini ýaşlap, jigerini daglap söýen ýary güberip oturan şol kişiniň goýnuna girmeli! Uly hanyň han ogly bolsa hijranyň-pyrkatyň goýnunda uwultyrap Meňliden katumyt galmaly! Ömründe edenine däl diýilmän halys göwni göwresinden çykyp, gözleri gyzaryp giden han ogly heý Meňlini gezip ýören ykmanda berermi! Ol Meňlini gara ýere rowa görer, özüni gara ýere rowa görer, emma aýatda amanka Meňlini hiç kese bermez! Ol öler, öldürer, emma maksadyna ýeter!
-- Çyk döwşe, şahyr! – diýip, ol gylyjyny gynyndan çykardy.
Şanazaryň çak edişi ýaly Magtymguly tisginmedi, gorkmady, gaýta äwmezeklik bilen ýeňsesine gaňryldy. Magtymgulynyň ornunda Magtym-gulydan has daýaw Mämmetsapany gören Şanazar allaniçiksi hala düşüp, gözleri gorkudan hem geň galmadan höwlenip gitdi. Serdar bürgüt ýaly güberip, käkilik ütüp oturan ýigit ýerinden galyp, epeý-epeý basyp, Şanazara dikan bakyp golaýlady. Mämmetsapanyň durkunda, ýüzünde-gözünde gazaply ýewuzlyk bardy. Şanazar her zada garaşýardy, emma bu ahwala weli, garaşmandy. Ol Mämmetsapanyň mundan bir hepde ozal gulamlykdan-nökerlikden boşap gelenini eşitmändi. Bir ýarym ýyl Nedir şanyň goşunynda gulluk edip, ençe-ençe döwşe-söweşe gatnaşyp, ençe ýola ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolup, içinden ot-ýalyn geçen, ot-ýalnyň içinden geçen Mämmetsapa Şanazara dergazap bakdy:
-- Bigaýrat, asyl sen Magtymgulyny aňtamaga milt edip ýörmiň? Düş atdan!
Iki tarapyny deňläp ata çykan Şanazar beg özüni ele alyp:
-- Gaýratyň bolsa, sen ata atlan! – diýdi, emma sandyrap çykan sesin-den özi utandy.
--Düş atdan, seniň ýaly gurrumsak bedew atyň üstünde ölmäge mynasyp däl!
Şanazar beg Mämmetsapanyň sowuk ýarag ýaly sowuk gözünden gözüni aýryp bilmedi. Neresse hakyky äre duşdy, şire duşdy. Ol ýa öleýin ,ýa öldüreýin diýip ata çykypdy ahyry, emma Mämmetsapanyň algyr nazaryna uçrap, erkinden aýrylyp, nädip atdan düşeninem duýmady.
-- Men saňa Hanharabadan bäri geçäýmegin! – diýipmidim?
Şanazar ysgynsyz «ýok» diýdi…
--Gurrumsak! Indi ony Mämmetsapa beg saňa aýtmalam boldumy? – diýip,Muhammetsapa dergazap halda onuň gursagyndan urdy penjäni, ol bir penjede Şanazar begiň ýüregini sogrup zyňaýjak ýaly,çaňňaly gaty gazap urdy. Şanazar köýneginiň içinden gäwmiş gönünden sowut geýeni üçin, Mämmetsapanyň penjesine onuň göwsi, ýüregi däl-de, eýlenen gaty sowut doldy. Mämmetsapa dergazap bolup:
-- Asyl sen Magtymgulynyň kastyna çykdym diýsene, it ogly! – diýdi. Ol onuň alkymyna dykylyp, gözlerine dikan garady—Sen Magtym-gulynyň kimdigini bir bilýämiň?! Sen haram baýlygyňa garaklaryňy gapdyryp, ýenaçylara duşman bolup ýörmüň?!-- Ol elhenç penjesini onuň bokurdagyndan urdy. Şanazar gözleriniň peträp hanasyndan çykyp barýa-nyny, janynyň babyrbilek Mämmetsapanyň janalgyjy penjesine düşenini duýdy. Gözleri bilen ýalbaraýyn diýse, gözlerine erki ýetmeýär, merdi-merdana öleýin diýse, onuň gözgyny öläýmekden gaýry çäresi galmady. Mämmetsapanyň ýüzünde rehim-şepagat görmedik han ogly namart ölmeli bolandygyna ynandy. Şanazar özüni daglaryň şiri, ärleriň äri saýýardy, emma ol entek bili bekemedik sypaýy ýaş oglanyň ýanynda şir eken! Hanha,neresse hakyky şiriň penjesinde gara gan siýdikleýär! Hakyky şiriň dergazap garaýşyndan Şanazaryň gursagyndaky gerçekligi, şirligi, ärligi öldi. Birden bethaýbat ajal penjesi dem salyp onuň hykyrtmagyny goýberdi, ýöne dem almaga howa ýokdy. Mämmetsapa ýaňadan onuň hykyrtmagyndan alyp, itiberip goýberdi. Şanazar beg arkasyndaky daşa urulyp, agdarylyp, arkanlygyna ýykyldy. Mämmetsapa jikge ýatan ýigidiň bokurdagyndan edikli aýagy bilen basdy:
-- Gaýdyp Hanharabadan bärdäki toýda-ýasda görnäýseň, ordaňa gan çaýkaryn! Gaýdyp Magtymgulynyň oýuňa-hyýalyňa getiräýseň obaňa gan çaýkaryn! Gaýdyp Magtymguly hakda pikir edäýseň, diriligiňe ýere gömerin! Eşitdiňmi?
--Eşitdim,jan aga eşitdim!
--Bilip goý, Mämmetsapa diýýän zadyny iki esse edýän gerçekdir! – diýip, bar güýji bilen bokurdagyna basdy. Şanazaryň bäbenegi atylyp çykara geldi—Indem güm bol!
Şanazar ölümiň öýünde ýerinden galyp,emedekläp,ýykylyp-sürşüp gaçyp başlady. Mämmetsapa onuň ýerde ýatan gylyjyny alyp yzyndan zyňyp goýberdi. Ota güýmenip ýören atynyňam syrtyna göwnejaý depdi. Janawer eýesiniň yzyndan berdi paýyrdyny…Mämmetsapa hamana hiç zat bolmadyk ýaly, ýene daşyň üstüne çöküp, serdar bürgüt ýaly güberilip, käkiligiň ýelek-perlerini ütmäge başlady. Magtymguly daglara gide-ninde oňa görünmän mydama Janaman ýa Kynyş beg goraglaýardy, bu gezek bolsa Janamanyň işi çykyp, ýerine Mämmetsapa gaýdypdy…
Bir geriş aňyrda, jülgede şöwür çekip ýören Magtymguly ýaňky goh-galmagaly eşidip, sesiň çykýan ýerine ýöneldi. Ol hezreti Seýit Syra-jetdin piriň dädesine aýdyp giden howp-hatarly sözlerinden bihabardy, ýöne ol hanjak şöwür çekmäge gitse, ýa Kynyş begiň, ýa Janaman, ýa Çaňlynyň özüne görünmän ony goraglap ýörenini syzýardy, duýýardy, bilýärdi. Olaryň ýigit çykan Magtymgulyny oglansyradyp, hamana öwlüýä ýyky-lyp alnan ýeke dikrar ýaly penalap ýörmekleri onuň degnasyna degýärdi, gaharyny getirýärdi…Inisine gözi düşen Mämmetsapa:
-- Inim bilen käkilik şarasyny iýäýeýin diýip awa çykypdym-da… Gel inim – diýdi. Magtymguly agasyny synlap köp durdy:
-- Gardaşym, Janaman ikiňiz Hudaýa bir ynanýaňyzmy?
--Howwa ynanýas…
-- Onda näme mydama meni goraglap ýörsiňiz?
-- Ýokarymda Hudaý bar, Magtymjan, men awa-şikara çykdym. Men seniň bi daglardadygyňy bilmesem näme?
-- Mämmetsapa, Magtymguly özüni çybyn-çirkeýden gorap bilýä! Daşymda pelesaň kakyp, kökenek bolup ýörşüňiz meniň mertebämi pesel-dýändir öýtmeýäňizmi!
Mämmetsapa sapalaga ýer galmady, ol inisine dikan bakdy:
--Beg ýigit, sen buz üstünden tozan arap durmuň ýa göwnümemi?
-- Buz üstünden tozan araýan, beg ýigit!
-- Onda men seniň tozanyňy kakyp beräýerin! – diýip, ol gollaryny köne esgä süpürip,gaplaň ýaly apaň-apaň basyp, Magtymgula tarap ýöneldi.
--Tozanymy,çaňymy kakdyrmaga amatly bir gul agtaryp ýördüm-dä!—diýip, Magtymgulam dessine döwşe häzirlendi. Olar büküdip, gollaryny gowaldyp, birek-birege algyr nazaryny dikip, biri-birine topuldy. Olaryň gylyk-häsiýetine näbelet kişiler iki dogan uruşýandyr öýder, emma gara güýçlerine göwni ýetýän gardaşlar oglanlykdan bäri mahal-mahal güýç synanyşyp, birek-biregiň gylawuny-gaýratyny barlaýardy. Mämmetsapa bilen Magtymguly girdi ýakalaşa! Girdi basalaşa! Olar biri-birine gaýratyny görkezip, baýyrlaryň üstünde çynlakaý garpyşdylar. Kä Mämmetsapany Magtymgulyny aşagyna bassa, kä Magtymguly Mämmetsapany aşagyna alýardy. Mämmetsapa:
--Zaňňar, bolsaň bolupsyň-da atamyň söwer ogly! Toý gezegimi alany-ňy az görýämiň sen! Men saňa Şanazar beg däldirin! – diýip gižželedi.
-- Sen birki ýyl gulam bolup, asyl Görogly beg bolandyryn öýdüp ýörmidiň?! – diýip, ikisi sözem uruşdyrýardy. Magtymguly bilen Mämmetsapa gara suw bolýança ýakalaşdylar, basalaşdylar. At gamçylap Çaňly gelmedik bolsa usurgaýança gidişerdiler.
-- Haý-ha, begler, döwüş kylýaňyzmy?... Salam dagy alyp biljekmi siz! – diýip, Çaňly güldi. Mämmetsapany:
-- Magtymjan, sen Çaňly bege serpaý ýapaý, Gaýtarmyş ata bolup dadyňa ýetişdi – diýip, lahlahlap, özünden öňürti Magtymgulynyň üst-başyny kakyp başlady. Çaňly:
-- Magtymguly, Bagdatdan ulug pir gelipdir! Haali Zaman Kaýseri pir! Döwletmämmet agam saňa dessine gelsin diýdi.
-- Asyl sen gorkyňa pirleri, ýagşyzadalaram kömege çagyrdyňmy? – diýip,agasy ýene oňa degsinip güldi… Magtymguly oňa mähriban nazaryny salyp ýylgyrdy…
hhh
Magtymguly gapydan girip, edep bilen salam berip, hezreti pire tagzym kyldy. Ýaş ýigidi ör turup garşylan pir onuň görmegeý görküni, agajetden uzyn boýuny, berdaşly göwresini,syratly kaddy-kamatyny, nurana, nazarkerde keşbini synlap göwni dokundy, oňa oturmaga garşy-syndan ýer görkezdi. Magtymguly ýüzünden-gözünden Hakyň nury ýagyp duran peşeneli piri ozal görüpdi, emma şunça kellesine agram salsa-da nirede görenini ýadyna salyp bilmedi. Hawa, ol dädesi bilen hezreti pirden pata almaga iki ýela Bagdada gidipdi, emma keç bagtyna onuň bilen duşuşyp bilmändi. Magtymguly ady-awazasy jahana dolan hezreti piriň kitaplaryny höwes bilen okapdy, onuň pygamber däldigini, ýöne pygamber mugjyzasyny görkezip bilýändigini, alty aýlap ölüm ýassygynda ýatan hassalary sagaldyp, zynjyrlaýmaly gyzyl jynlylary keramaty bilen bejerip bilýändigini eşde-eşde gelýärdi. Ýöne ol piri huşunda gördü-mikä ýa düýşünde gördimikä? Ýadyna düşürjek bolup kösenýärdi, emma piri göreni weli hakdy.Dessur boýunça hal-ahwal soraşan pir Döwletmämmet aga seredip, çalaja ardyndy. Kethuda özünden duýup jaýdan çykdy, olar ikiçäk galdy. Magtymguly oýurgandy, ol jaýda nähilidir bi r keramatyň, gudratyň owsunyny, mähirini duýdy, emma depesinden dabanyna çenli ýanardag ýaly ýanyp duran ýaş ýigit oňa ullakan ähmiýet bermedi. Pir Magtymgula dikan bakyp:
-- Magtymguly, oglum, soňky üç…dört aýda näme üýtgeşik zat gören bolsaň, niçik hikmete duşan bolsaň, bolşy-bolşy ýaly pir agaňa gürrüň ber—diýdi. Ýigit tisginip, hamana pynhan syry açylan ýaly ýalta pire seretdi.
-- Düýş gördüm hezreti pirim…
Pir nurana ýylgyrdy:
-- Seniň ylahy düýş görüp, ýagşyzadalardan ençe-ençe bada şerabun-terahumy içeniň ýüzüňden-gözüňden görnüp dur. Onuň sermesligi seriňden gitse-de, entegem gözleriňde galan sermeslik dumanlap dur ahyry…
Magtymguly her gezek aýna bakanda gözlerindäki ýyldyrdap duran jan yşygynyň üstünde ümez dumanyny görýärdi, ol ony Meňli gyzyň yşkyndan gözlerinde galan heserdir öýdýärdi.
—Üç-dört aýyň içinde nähili hikmete sataşdyň Magtymguly?
Ol hezreti piriň ýüzüne çiňerilip bakmaga ejap etdi. Emma piriň pynhan wakany bilşine haýran galdy. Magtymguly munda üç ýarym aý ozal düşünip hem düşündirip bolmaýan hikmete uçrapdy, ol ony dädesine, hatda Meňlisine-de aýtmandy, hezreti pir bolsa aýylmadyk-aýdylmadyk syry bilýär. Ýigit böwrüni diňläp, esli salym oturdy:
-- Hezreti pirim, mundan üç ýarym aý mundan ozal zyýan tapyndym…
-- Zyýan tapyndym?
-- Howa, zyýan tapyndym… bir hili aklym üýtgedi…
-- Ony hiç ýerde hiç kime aýdan dälsiň-dä?...
-- Ýok, hezreti pirimiz…Dädeme aýtjak boldum, emma ýüregini agyrt-maýyn diýdim…
Hezreti pir hoşhal bolup Magtymgulynyň dumanlap duran didesini, nurana ýüzüni uzak synlady, ýigit bolsa, utanjyndan ýere girip barýardy.
-- Oglum, ertir ikimiz seniň zyýan tapynan ýeriňe gideris…
-- Daş ýer-dä ol hezreti pirim…
-- Bagdatdan-da daşmy? – diýip, pir mährem ýylgyrdy.
…Ertesi gara daňdan olar ýola ugrady. Magtymguly ejesiniň ýola salan azykly horjunyny aljak boldy, pir aldyrmady. Magtymguly atly gideli diýdi, pir pyýada ýola düşdi. Pir bilen Magtymguly obadan çykýança obadaşlarynyň özlerini nazarlary bilen ugradýandygyny, olaryň ählisiniň piri ýüzüne sylýandygyny synlady. Olar sümme tokaýdan çykyp, at gaýtaraýmaly boş ýere bardylar.
-- Ynha, şu ýerde zyýan tapyndym pirim…
Hezreti pir daş-töweregi mähir bilen synlap:
-- Indi bolşy-bolşy ýaly gürrüň ber – diýdi.
Magtymguly ýaýdanyp, pirine garap gürrüňe başlady.
-- Hezreti pirim, men şöwür çekmäge gaýdypdym, şujagaz depä çyka-nymda nämedir bir zatdan gorkan ýaly erbet tisgindim:bir görsem, men ömrümde görmedik jülgäm bilen barýan. Jülgäniň ortasynda ak köpük bolup çasly çaý ses edip akyp ýatyr. Gulagyma aýylganç owaz eşidilýär, ýöredi-gimçe ses güýçlenýär. Ýeňiljek ümür duman basan jülgäniň egremçesinden geçdim, görsem al asmandan şaglawuk şaglap akyp ýatyr. Äpet şaglawuk jülgäniň daşlaryna urlup, ýene göge göterilýär, ondan syçyraýan suwlar bir menzil ýerde jybarlap ýagyş ýagdyrýar. Men şaglawugyň golaýyna baryp, onuň haýsy uçutdan gaýdýanyny synladym. Göwnümemi, gözümemi, asyl şaglawuk asmanda magallaklap duran uçutdan däl-de, lemmer-lemmer ak bulutlaryň göwsünden gaýdýardy. Şaglawuk birde suw ýaly,birde ümür-duman ýaly. Suwsuzlykdan ölüp barýanym ýadyma düşüp, erk-ygtyýarsyz telbe ýaly girdim şaglawugyň aşagyna. Güýçli akym meni entiredip-tentiredip, ýykyp barýar. Men süýt ýaly janyňa şipaly şaglawugyň suwundan gana-gana içýän, hamana suw däl-de jadyly owaz içýänim ýaly, näçe içsem-de teşneligim gananok, suw suwsaýan ýerime baranok. Birden şaglawuk gaýnag suwa öwrülip depämden eňterildi, men gaçyp çykjak boldum, rowgatym ýok. Dem salymda gyzgyn suw lowlap-güwläp duran ýalyna, ýangyna öwrüldi, men özümden gidipdirin… Bir haýukdan buz ýaly sowuk suw meni özüme getirdi. Janym heziller etdi, birdenem bethaýbat batly şaglawugyň buz ýaly suwy meni gagşadyp, doňduryp taşlady. Şaglawuk gök buza öwrülip, meni goýnuna alyp doňup galdy. Men ýene özümden gidipdirin. Näçe mahal beýhuş bolanymy bilemok, bir özüme gelsem, ynha şu depede ýatan ekenim. Meni haýran eden zat: depe tozap ýatyr, üstüm-başym bolsa süllümbaý myjjyk suw.
Hezreti pir Magtymgulyny gujaklap uzak durdy, haçanda ol Magtymgulyny gujagyndan goýbereninde piriň gözleriniň ýaşlydygyny gördi.
--Magtymguly,seni Allahym ýalkapdyr! Sen Allatagalanyň azyzy! Ol saňa innel—Hak içiripdir! Gözüň aýdyň,Magtymguly!
--Innel-Hak bolanda näme bolýar,hezreti pirim?
--Gyssanma,wagty geleninde düşündirerin. Sen… sen ozal meni görüpmidiň, Magtymguly? – diýip, pir sowal berdi.Ol çala başyny atyp:
-- Hezreti pirim, men sizi ozal gördüm, emma nirede görenimi ýadyma düşürip bilmän kösenýän.
-- Howa, sen meni gördüň, menem seni gördüm. Men seni nirede, nähili halda görenimi bilýän, sen bolsa hatda nirede göreniňem bileňok… Magtymguly, sen meniň müridim borsuň!
Ýigit allaniçiksi tisginip gitdi, gözlerini höwlendirip pire garady.
-- Magtymguly, sen meniň müridim, men seniň mürşidiň! Üç ýarym aý mundan ozal saňa zyýan tapdyran hikmet maňa aýan boldy, ynha, men şondan soň Bagdatdan paýu-pyýada seniň ýanyňa geldim. Özem Allamdan aýlanaýyn, sen meniň ýürekdeş dostumyň, köp ýyllap duz-emek bolan meslekdeşim Döwletmämmet piriň perzendi bolup çykdyň…
Piriň teklibi Magtymgulyny tas uçurypdy, ol yklym eýesi Haali Zaman Kaýseri piriň adyna-awazasyna aşykdy, diwanlarynyň bendiwanydy! Gör-ha, Magtymguly şan-şöhrady ýedi yklyma dolan keramatly, gudratly piriň, nakyp piriň müridi bolmaly! Ol beýle bagty arzuwam edibem, hyýalyna getiribem bilmeýärdi! Iki ýela Bagdat ýaly alys ýela gidip, ak pata alyp bilmedik piriniň özi Bagdatdan gelip, ak pata näme, müridim borsuň diýip dur! Magtymgulynyň akly çalam-çaş bolup, göwresi guş bolup uçdy.Hezreti pir:
--Enşalla,men seni şähri Bagdada alyp giderin—diýdi. Birden Magtymgulynyň ýadyna Meňli düşüp, şol demde seňseledi, şol demde gara suw derledi, beýnisinde ýyldyrym çakyp, elhenç lakma (paraliç) göwresini iki jaýryp taşlady! Ol hut şu pursat Meňlili dünýäsinden çykyp barýan ýaly aljyrady, jadyly yşkyndan, heserli ýaşaýşyndan aýrylyp barýan ýaly hopukdy,essiniň aýylyp barýanyny duýdy, içinden Hudaýa ýalbaryp, piriniň ýanynda masgara bolmajak bolup,ähli güýjüni edip erkini ele aldy. Hezreti pir ony gabak astyndan synlaýardy...
Haali Zaman Kaýseri pir Magtymguly bilen ýanaşyp ýöräp,oba gelýärdi.
Hezreti pir:
--Magtymguly, sen aýna bakanyňda gözleriňde dumanlap duran heseri göoýäňmi?—diýip, ýaş ýigide nazar salyp, jogaba-da garaşman, sözüni dowam etdi.—Kerem-keramaty çoh Allatagalanyň göze görnüp duran gudraty gözlerdedir. Islendik kişiniň gözleri—şol adamyň kalbynyň, beýnisiniň gapysy... Beýik Biribar saňa SAŇA mynasyp GÖZ beripdir. Enşalla, sen o gudratly gözleriň bilen islendik adamyň ýüre-gine, beýnisine girip, delalat eýläbem, erk-ygtyýaryny alyp höküm eýlä-bem bilersiň! Dertlileriň derdine dowa-da bolup bilersiň...
Magtymguly Hudaýyndan hoş bolup, piriniň gürrüňiniň dowamyna garaşdy. Olar ekinligiň gyrasyndaky ýel bilen gelýärdiler. Pir ýela ýakyn ýerde gara derini saçyp işläp ýören bir daýhany üm bilen görkezdi.
--Şol kişini tanaýamyň?
--Tanaýan.Haýdar aga, talaban. Ýarlykly garyp...
--Howwa, ol ýarlykly garyp, pakyr-pukaralyk ony halys burup ýykyp-dyr. Ana şol kişi Hakyň rahmetine duçar boldy, emma ol ony şindi bilenok.
Haýdar hebeşi ýaly garady, salyhatlydan daýawdy, azapalla diýip dünýä inen jepakeş, dymmarak bendedi...Baýlygyň mesgeni diliň üsti, garyplygyň mesgeni diliň asty. Ol mydama dymar ýörerdi, agzyny açsa garyplygy daşyna çykaýjak ýaly. Haýdar käte bir degşeninde “meniň gara maňlaýym tamam göwrämem garaldyp zyňypdyr” diýerdi. Emma Hudaý diýen ýeri bar eken, o ýyl ol goňşy obadan garabaş gyrnak alyp gaçypdy, şaýy diýäýmeseň, gyrnak diýäýmeseň, ol aýyň parçasy ýaly owadan eken. Hezreti pir bilen Magtymguly golaýlanynda Haýdar hebeşi ýela çykyp, olar bilen salamlaşdy. Hal-ahwal soraşyldy. Hezreti pir:
--Eý, bende,sen kim?—diýip, mylaýym ses bilen sorady.
--Galandar aga,men bir garyp-pukara...
--Sen näme diýip pakyr-pukara?—diýip, pir sorady. Haýdar hebeşi uludan dem alyp, gamgyn ýylgyrdy:
--Bir serçe:”Bagtly boljak bolsam ejemde emjek bordy” diýenmiş. Pir aga biz bir gara gul bolup dünýä gelen-dä...
Hezreti pir bir pursat Haýdar aganyň iki gözüne dikan seretdi. Ol sazanaklap, saňňyldap, galdyrap başlady, barmaklarynyň titreýänine utanyp penjelerini berk ýumdy. Birden hebeşi titremesi, sazanaklap-saňňyldamasy bilen doňup galdy.Pir oňa dikan bakyp köp durdy. Birhaýuk-dan sag penjesini onuň ýüzüne golaýladyp, aýlap goýberdi. Görgüli ýaňadan tisginip gitdi-de gözlerini açyp-ýumup erbet utandy. Hezreti pir ýene-de:
--Eý, bende, sen kim?—diýdi.
--Galandar aga, men Haýdar Allaguly, Hudaýa şükür,gurgun adam.
--Erte däl-de,birigün sähetdir, gapyňda ojak gazyp, töweregiňi çagy-ryp bir janly sadaka ber.
Haýdar aga hoş diýdi. Pirdir Magtymguly onuň bilen hoşlaşyp ýela düşdi. Hebeşi bolsa uzak wagtlap äm-säm bolup, olaryň yzyndan garap galdy, sebäbi onuň sadaka bermäge malam ýekdy.
Hezreti pir:
--Magtymguly, gudraty güýçli Perwerdigär näme diýip ol garyby biziň öňümizden çykardy? Biribar ony bize duşurman hem gurgun adam edip bilýär ahyry! Onda näme diýip ikimize duşurdy?—diýip, Magtym-gula seretdi.--Sebäp seniň gursagyňda güman bar,sen maňa mürid boljagyňa öz ýanyňdan gynanýarsyň. Sen bu dünýäniň eziz närselerine aşyk. Nesip bolsa erteki gün seriňde aýlanýan pikirleriňden utanarsyň ...
Döwletmämmet aga hezreti pir bilen meçjitde ýassy namazyny okap gelensoň, pir Magtymgulyny özüne mürid saýlaýanyny aýtdy, Döwletmäm-met aganyň begenjinden ýaňa ýüregi tas çat açypdy, her hal salyhatly kethuda özüne erk edip, Seýit Syrajeddin piriň aýdan hatarly zatlary-nyň gylyny gymyldatman Haali Zaman pire gürrüň berdi. Gam-gussa batan hezreti pir “Habarym bar” diýip nazaryny bir nokada dikip agyr dymdy. Peşeneli piriň gözündäki yzany, perişan ýüzündäki hasraty görüp, Döwletmämmet aganyň jiger-bagryndan gyrmyzy gany joralanyp başla-dy, görgüli sorag berjek,anyklajak, aňyrsyna ýetjek boldy, emma beterin-den gorkup içinden toba etdi.Hezreti pir:
--Döwletmämmet, Magtymgulyny ozaly bilen beýik Allatagala gorasyn, senem Haka ýykyl,menem Haka ýykylaýyn, Allajan rehim-şepagatlydyr—diýdi.
hhh
Hezreti pir geleli bäri Ýagşymyrat baý yzly-yzyna kethudanyňka baryp, pire ýykylyp, oglunyň zyýan tapynyp, heläk bolup ýatandygyny aýdyp zar-zelil ýalbarypdy. Hezreti pir her gezek, «Allanyň bendesi, garaşyň, özümiz bararys» diýýärdi. Ýagşymyrat baý hezreti pir bilen Magtymgulynyň öýüne tarap ýönelenini görüp, ýola ýumlukdy. Ol ylgap barşyna, piriň aýagyna ýykylyp, zarynlady.
-- Pirim, söwer balamy halas eýle! Pirim, men tamam Gürgeniň, Kümme-diň uly baýy! Hany-manym siziňki… -- diýip, gözýaş eýledi, agy damagyna dolup gepläp bilmedi. Pir oňa mährem nazaryny dikip:
-- Gürgeniň, Kümmediň uly baýy bolup, sandyk-sandyk gyzylyň bilen, hany-manyň bilen söwer ogluňy gorap bilmediňmi? - diýdi.Ýagşymyrat baý başyny yrady.
Hakykatdanda ol Türkmensähranyň atly baýydy. Üç-dört aý mundan ozal ogly Saparmyrat zyýan tapynypdy,oglany Döwletmämmet pirem, Selim magtymam, Baky pirem okapdy,emma nepagasy degmändi.Ýagşymyrat baý ony Bagdada, hezreti piriňkä äkideýin diýip, ýol şaýyny tutup ýörkä, piriň özi üstüne geläýdi. Ýagşymyrat baý muny ýagşylyga ýordy.Hezreti pir bilen Magtymguly baranda Saparmyrat kakynyp-silkinip, gygyryp ýatan eken. Ýigidiň ýüzi, geýim-gejimi persalady. Işgilli gollaryny kelemendirip, gandally aýaklary bilen depirjikläp bolmajysy bolýardy. Onuň garaçygy ulalyp giden wagşy yşykly gözlerini göreninde Magtym-gulynyň endamy jümşüldäp gitdi. Ol ömründe ikinji gezek şeýle wagşyýana gyzyl däli diýilýäni görýärdi.Hezreti pir oglanyň ýüzüni emaý bilen sypalap, göni garaçygyna garap:
-- Oglum, hany gykylygyňy goý! - diýip, ýuwaşdan mährem gürledi. Pir iki aýasyny däliniň ýüzüniň üstünde ýöretdi -- Köşeş, oglum, köşeş.
Saparmyrat garaçygy owasyna sygmaýan gözlerini petredip, oslanmaýan bir wagşylygy etjek bolup, onam ýadyndan çykarana meňzeýärdi. Hezreti pir uzyn dogany sesine nazym-kyrat berip okap, üç ýola hassanyň ýüzüne çüfledi. Pir tesbisini Saparmyradyň eline tutduryp:
-- Tesbini oýnaber, oglum -- diýdi. Emma Saparmyradyň piňine däl, ol gözlerini höwlendirip ýatyr. Pir:
-- Hany ýigidiň elini-aýagyny boşadyň -- diýdi. Piriň arkasynda duran daýaw üç-dört pyýadanyň biri:
-- Hezreti pirimiz,Saparmyrat örän güýçli, bir sypsa, soň bize güýldirmez!
-- Boşadyň, Hudaý ýol berse, ýigidiň güýlündiginiň soňy bolar!
Daýaw pyýadalaryň biri Saparmyradyň golundaky işgili, biri aýagyn-daky gandaly aýyrdy.
Pir ýaňadan bir doga okap bolup:
-- Magtymgulydan başga hemmäň jaýdan çykyň -- diýdi. Jaýdakylar çykdylar. Şondan soň hezreti pir gaty uzyn dogany birhili owaz bilen, birhili labyz bilen şeýlebir yhlasly okady, şonda Magtymguly doganyň hem-de hezreti piriň mährem sesiniň gudraty bilen owsun atyp jaýa keramatyň dolup barýanyna göz ýetirdi. Asyl Magtymgulam erk-ygty-ýaryndan aýrylyp, cüýşüp süýjiden süýji keramat dünýäsine gidip barýar. Haýran galmaly ýeri gyzyl däli Saparmyrat gözleri ýarym açyk ýagdaýynda uklap galdy. Pir emaý bilen onuň ýüzüni sypap, gözlerini ýumdurdy. Magtymguly bilen pir daş çykdy Ýagşymyrat baý orta hal sandykda gyzyl çykaryp:
-- Hezreti pirimiz, ynha siziň aklygyňyz -- diýdi.
-- Baý, beýik Allatagala saňa uly baýlyk beripdir, senem ber, garyp-gasara, ýetim-esire, dul hatyna ber. Sadakam diýip ber, el-gözümiň haýry diýip ber. Sogapdan, alkyşdan, minnetdarlykdan daşyňa gala sal. Berýän el Hakyň eli, «dünýäniň ähli baýlygy meňki bolsun» diýip alyp ýatan el bolsa Melgunyň eli… --diýdi.—Baý,unutma,uly baýlygy beren Allatagala seni synaga salyp ýörendir…
Hezreti piriň diýen güni Haýdar hebeşini gapysynyň öňünde ojak gazanynda içi üç müň tyllaly hum tapypdyr diýen gürrüň oba ýaýrady.Hoş habaryň yzy bilen alakjap hezreti piri gözläp, Magtymgulylara hebeşi geldi. Ol bir duran ýerinde durup bilmän uçganaklap, zowzanaklap ýördi. Magtymguly ony tanaýardy. Ol üç müň tylla tapdym diýip zowzanaklap ýörmeli adam däldi.Haýdar aga tyllaly hum üçin däl-de, gudraty güýçli Allanyň özüne nazar salany üçin, Eýrana-Turana owazasy dolan piriň özüne tyllaly humy tapmaga ýel salgy bereni üçin begenjinden uçup ýördi...
Hezreti pir bassyr üç gün Saparmyrady okady, gandallanyp saklanýan gyzyl däli ýyljyraklap duran Saparmyrada öwrüldi. Pir Magtymgula syrly seredip:
--Hudaýym ikiňizi durmuşyň bir öwrüminde ýene duşurar, Magtym-guly—diýdi.
Pir Halap aganyň aý ýarym bäri ýarpy göwresi ysman düşekde ýatan aýalynyň derdini dep eýledi. Birnäçe gezek Hajygowşanyň meçjidinde jemagata wagyz-nesihat kyldy. Bir gün gara daňdan Magtymgulyny ýanyna alyp, Mir Huseýin Ybadullah pir bilen didarlaşyp, hal-ahwalyny sora-maga Mazenderana ugrady. Ol bende kesel ýatanmyş… Olar jahan mazaly ýaýrap, Gündogar al elwan öwseninde bir ýerde dynç almaga düşlediler. Hezreti pir gabak astyndan Magtymgulyny synlap:
-- Magtymguly, ynha sen-de yşkdan püre-pür… - diýip, söze başlan badyna tisginip giden ýigit özi bilmezden ör-gökden gelip, piriň sözüni kesdi.
-- Ony size kim aýtdy pirim?
Pir hoşhal ýylgyrdy:
-- Ony aýtmak nämä gerek? Sen yşk-heser bolup alawlap dursuň ahyry… Magtymguly ynha, sen-de yşkdan püre-pür, men-de yşkdan püre-pür. Sen-de meniň okan dogalarymyň aglabasyny bilýärsiň, ýöne sen kyrk ýyl okasaň-da o neressäni jynlylygyndan gutaryp bilmersiň… Sebäbi näme? Sebäbi sen ynsan yşkyndan, men Allanyň yşkyndan doly! -- pir gyssanman arasyny bölüp-bölüp gürleýärdi. -- Men seni Bagdada alyp giderin, okadaryn, ikimiz derwüş bolup Rumy-Şamy, Eýrany – Turany şäherme-şäher, galama-gala, obama-oba aýlanarys. Köp-köp hupbatly ýolla-ry geçip, men seni Hakyň dergähine barýan ýola düşürerin.Sen halklaryň-halaýyklaryň hak hossary bolup, ýetime-esire, pakyra-pukara, ejize-mazluma howandar, närowa-hassalara dowagär, dertlilere delalatgär bolup Hakyň gullugynda durarsyň!
Magtymguly hezreti piriň sözlerinden ýene seňseledi, ol piriň ýörite özüni alyp gitmäge geleninem, Meňliden jyda düşmeli boljagynam bilýärdi, emma barybir seňseledi.Hezreti pir pessaý ses bilen:
-- Magtymguly, men seniň ýagdaýyňa düşünýän. Sen apaty yşka sata-şypsyň. Häzir seniň üçin şol gyzdan eziz zat ýokdur. Şu mahal sen tutuş dünýäniň baýlygyny, şalygyny, soltanlygyny, pähim-parasadyny, kera-matyny---gudratyny şol gyzyň ýalňyz bakyşyna çalyşmarsyň! Oglum, sen ýüz ýylda bir ýola bagty çüwen şahyr ýigide berilýän beýik yşka sata-şypsyň! Beýik Allatagalanyň seni şeýle beýik yşka sataşdyrmagynyň sebäbini bilýämiň? -- diýip, ýigide dikan garady, Magtymguly başyny yrady… --Sebäbi seniň şol gyza yşkyň, Ynsan yşkyň gelejekde Ylahy yşka basgançak bolmaly! Biribar seniň gursagyňda zemin yşkyny ýakyp, seni asman yşkyna taýýarlaýar. Sen meniň bilen gidip, Hakyň hak ýeluna düşüp, gudratly, keramatly aryf bolup, ikinji basgançaga—Ylahy basgançaga çykarsyň!
Magtymguly özi bilmezden agyr haşlady.
-- Oglum, sen Hakyň hikmetine uçradyň, olam maňa aýan bolup seniň ýanyňa geldim.Seni müridlige men saýlandyr öýtme, ýok, seni gudraty güýçli Biribar saýlandyr.
Olar hemsöhbet bolup uzak ýol geçdiler. Magtymguly aýybam bolsa häzirlikçe Bagdada gidip bilmejekdigini aýtjak bolýardy, emma ol özüniň erksiz halda düýbünden başga zat aýdýandygyna haýran galýardy. Giç öýlän hezreti pir onuň bilen hoşlaşyp, allaýarlaşyp Mazenderana gitdi, ol yzyna dolandy…
Bir zaman Yşkdan sorapdyrlar:
--Eý,gudratly Yşk, seniň mesgen-mekanyň nirede?
--Hijrandan aňyrda!
--Senden aňyrda näme bar?
--Aýralyk bar,hijran bar...
Şahyryň yşky-- pisse, onuň iki gabygam pyrkat.
Magtymguly çuň pikirlere gümrah bolup yzyna gelýärkä, birden säginip, böwrüni diňledi. Ýeluň sag tarapynda hanasy atam eýýäm gömülen jar bardy. Ol kimdir biriniň özüni yzarlaýanyny duýdy. Magtymguly ylgap, ok ýaly bolup jara bardy.
--Kynyş däde,sen bärde näm işläp ýörsiň?
Duýdansyz üstüni basdyran Kynyş bege buýtar-suýtara ýer galmady:
--Magtymguly, men seni yzarlap ýörün. Döwlet dädem maňa “Kynyş beg, sen birki aý Magtymgulyny kölegesi ýaly bolup yzyndan galma,ol ýakyn günlerde ýagşyzada duşýar. O peläket Görogly ýaly päkize söwer ýar, çyrpy-nyp duran Gyrat, o dünýäsine iman baýlygyny diläp, perzent dilemäni ýadyndan çykaraýmasyn. Ýagşyzada duşdugy Magtymgula söwer ýarynyň barlygyny ýatlat—diýdi-dä!— Men seniň iki aýaly boruňdan gorkup yzyňda seňkildäp ýörün--diýip, Kynyş beg agzyny ýekaryk tutup, heziller edip güldi. Agasynyň tapan ýeser çykalgasyna Magtymgulam güldi...
hhh
Nedir şanyň şahynşa tagtyna çykanyna alty ýyl bolup barýardy.Uly il ýer ekýärdi,mal bakýardy,gurçuk tutýardy, gelin gyzlar ýüpek mata, haly dokaýardy. Iki ýyl bäri salgytdan azat bolan çarwalar, çomrular, hünär-menler, söwdegärler baýap, aýdylyşy ýaly tezegi tylla öwrülipdi. Şahyrlaryň dili bilen aýdanyňda halk düldüräp, Eýran beýikden berkarar, uludan kuwwatly döwlete aýlanypdy.Nedir şa Mary-şah-jahany Eýranyň gorhanasyna öwürdi. Merwe her gün ýurduň çar ýanyndan onlarça-onlarça kerwen demir, çoýun, mis, gurşun, däri getirilýärdi, her gün onlarça kerwen Marçakdan, Guşgudan, Bathyzdan pisse odunyny daşaýardy. Diňe pisse ody demri-çoýny eredip bilýärdi. Maryda her ýylda ýüzlerçe ululy-kiçili toplar, zembirekler, gumraklar, humbaralar guýlup, müňler-çe-müňlerçe top oklary ýasalýardy. Nedir şa Pars aýlagynda harby deňiz flotiliýasy döredip, Hazar deňzinde-de şeýle flotiliýa döretmäge perman beripdi: ol Pars aýlagynyňam, Hazar deňziniňem ýeke-täk eýesi bolma-lydy! Emma ymam Japar Sadygyň mezhebine geçiliberilmeýärdi.
Aslynda hezreti ymam Japar Sadygyň mezhebi bilen şaýy mezhebi-niň arasyndaky parh näme? Şaýy mezhebine uýýanlar Gurhanyň asmandan inmän, ýerde ýazylan kitapdygyny, Abu Bekriň, Omaryň, Osmanyň hezreti Ala degişli halyflygy zor bilen alandygyny, hadyslaryň dürli alym-lar tarapyndan döredilendigini tekrarlaýarlar. Ymam Sadygyň mezhebi bolsa Gurhanyň asmandan inendigini, ýagny Allanyň kitabydygyny Abu Bekriň, Omaryň, Osmanyň uzurpator däldigini, hadyslar diwanynyň Muhammet pygamberiň diwanydygyny ykrar edýärdi. Şaýylar Muhammet pygambere Alla tarapyn berlen gudratyň, keramatyň, güýjüň gönüden göni hezreti Ala geçendigini, hezreti Alydanam onuň neberelerine geçýän-digine ýürekden ynanýardylar. Görnüşi ýaly, müň ýyllap urşup-gyrlyşyp ýörer ýaly arada ullakan parh, tapawut, sebäp ýekdy. Onda näme diýip Nedir şa şaýylary bäşinji mezhebe geçirip bilmän ýör?.. Muňa sünni ulama-laram, şaýy hadymlaram haýrandy. Emma olaryň habary ýekdy, bu mahal Eýranyň şaýy-sünnileriniň birleşmek meselesi dünýä syýasatyna aýlanypdy. Eýran şaýylarynyň bäşinji mezhebe geçip sünnüler bilen birleşmegine birinjiden Osman imperiýasy garşydy, ikinjiden Efrenç ýurtlary, aýratynam iňlisler, orslar, pereňler garşydy. Ençe ýyllardan bäri Eýrandan, Turandan ýüpek, pagta, haly-palas satyn almaga gelýän söwdegärleriň, dünýä aýlanyp ýören jahan-keşdeleriň galabasy Ottoman imperiýasy (ewropalylar Osman—türkmen döwletini gysgaldyp Ottoman diýýärdi) bilen Eýranyň arasyna dawa-jenjel salyp, uruş oduny tutaş-dyrmaga gelýän jansyzlardy, içalylardy. Olar diňe haly-palasa satyn alman, pis maksadyna amala aşyrmaga ýardam etjek beglerem, hanlaram satyn alýardylar. Dünýä Eýran şaýylarynyň Ymam Sadygyň mezhebine geçmeginden gaty gorkýardy. Sebäbi?Birinjiden Ýewropany üçden birini basyp alan, külli Arabystany baknalyga salan ýurduň—Ottomaniýanyň--Rumustanyň soltany türkmendi, Eýranyň-Turanyň şahynşasy Nedir şa-da türkmendi, Hindistanyň imperatory Muhammedem türkmendi. Eger olar gadymy dana türkmenligini edip, bir çukura tüýkürip birleşäýse, Ýewro-panyň bagtynyň ýatdygydy! Iňlisleriň Hindistanda kowulmagydy! Onsoň Eýranyň, Turanyň, Ottomaniýanyň öňünde durup biljek güýç ýekdy. Şonuň üçinem jahankeşde, söwdegär, ilçi, wekil hökmünde gelen içalylar aşaklyk bilen Osman soltanyna eger Eýran şaýylary bäşinji mezhebe geçäýse,sünnüler şaýylar bilen dost-dogan bolaýsa Nedir şanyň öňünde durup bilmejegini, Eýranyň çakdan aşa kuwwatly döwlete öwrülendigini ynandyrýardylar... Osman soltanam Eýranyň ummasyz kuwwatly döwlet bolanyny görüp durdy. Üstesine, soltan Nedir şahynşaga ynanyp bilme-ýärdi, has dogrusy ynanasy gelmeýärdi.Söwdegär, ilçi, wekil hökmünde ýurda dolan içalylar Nedir şaha-da Osman soltanynyň hiç haçan bäşinji mezhebe pitiwa goýmajagyny, osmanlynyň hiç haçan Eýran bilen dost bolmajagyny tekrarlaýardylar. Onsoňam Osman döwleti döräli bäri Eýran bilen, Eýran Osman döwleti bilen duşmandy. Osmanlylar 1600-ýylda safawy şahynşasynyň Antoniý Şirli atly iňlis bilen Huseýin Aly begiň ýolbaşçylygynda ilçiler toparyny Ýewropa ugradandygyny, ilçileriň Orsýet, Germaniýa, Polşa, Awstro-Wengriýa, Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa patyşalarynyň, Rim Papasynyň huzuryna baryp, Ýewropa şalary bilen birleşip, osman imperiýasyny dünýä kartasyndan ýek etmek üçin guran pirimini unutmandy...





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 27 | Добавил: Haweran | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]