18:36
Yşk mekany ataş, ataş mekany arş -10/ dowamy
Ol aryflygyň yşkyna düşüp asmandan-zeminden, jümle-jahandan, tükeniksiz älemlerden ýeke-täk Hakykaty - Haky - Hudaýy agtaryp, ulug aryflara öýkünip goşgy ýazdy. Şol pursadam Gara bagşynyň ogly Gaýyp bagşy geldi. Ikisi mekdepde bile okapdy, dostdy. Gaýyp goşgy ýazypdyr, ol goşgusyny Magtymgula okap berdi. Magtymgulam goşgysyny Gaýyp bagşa okap berdi. Ýaş bagşa dostunyň goşgysy gaty ýaran bolmaly, ol iki ýola goşgyny labyzly okap gördi. Soňam ony göçürip aldy. Magtymguly:
- Ol saňa nämä gerek? -- diýdi. Gaýyp gözlerini höwlendirdi:
- Magtymguly eşitmeýämiň, bu goşgyň durşuna owaz bolup, çasly çaý ýaly owsunyp gelýär ahyry. Bu goşgy owadan gyz ýaly sallanyp-seýkin basyp gelýär ahyry! diňle! diňle!synla! Ajaýyp aýdymyň sazy älemgoşar ýaly görünip gelýär ahyry!
Gaýyp bagşy duýdy. Her bir beýik şahyryň ajaýyp goşgusy öz owazy, gözelligi, heňi, hörpi, ruhy bilen dünýä inýär. Beýik Biribar adamy çyplak dünýä getirýär, emma beýik şahyryň her bir ajaýyp goşgusy owadandan owadan geýimli, bezemen halda dogulýar. Goşgynyň geýimi-aýdym! Her bir beýik bagşy hakyky goşgyny ýüregi bilen okanynda onuň owadandan rwsunjy owazyny, heňini, ruhuny tapýar. Şol sebäpdenem gelejekde Magtymgulynyň ýazan goşgularynyň ählisini dessine bagşylar aýdyma öwürerler, çünki onuň her bir goşgusy öz owazy,öz heňi bilen dünýä inen hakyky beýik goşgudy.
-- Eý, eý, ol aryf goşgusy!…Ol Hudaý hakyndaky goşgy ahyry…
Gaýyp bagşy goşgynyň tüweleýläp gelýän owazyny görüp, heýjana gelip, dünýäni unudyp, gözlerini süzüp aýdyma hiňlenip başlady.
Sen-sen araýşy jahan, hem jan Senden bihabar,
Sen jahana dolug Sen, jahan Senden bihabar.
Ýaş bagşy heserli hiňlenip, Magtymguly bilen hoşlaşmanam unu-dyp, şygryň dünýäsine girip, täze aýdyma öwrülip gitdi… Magtymguly onuň yzyndan garap esli durdy, soňam goşgynyň owazyny agtaryp ýaňadan okady.
Endişe derýasynda sürdüm sepinesini,
Ýüz tarapa ýüz berdim, seýran Senden bihabar…

Ger diýseler küfr olar, äşýa Senden haalydyr,
Menzil Senden mustagrak, mekan Senden bihabar.

Zemin-asman, garbu-şark bir tüýüňde gerdandyr,
Zamanaga Sen gerdan, zaman Senden bihabar.

Istäp seni deňizler, ýaýkanyşyp şowkuňda,
Sen olar içre mälim, umman Senden bihabar.

Asman diýrler zeminde, zemin diýrler asmanda,
Bir-birine gümanda, güman Senden bihabar.

Magtymguly, gör indi, aşnalara ne işdir,
Ýok, imiş bu äşýada, heman Senden bihabar!

…Zandy şahyr ýigit oglanlygyndan jümle-jahanyň gözelliginiň bendiwanydy. Ol ýaz aýlary ýazlaga göçüleninde gözetimsiz ýaýlalarda ýaşyl gyrtyçlaryň gözüniň öňünde paşyrdap ösüşine ölemen aşykdy. Ýagyşly-ýagmyrly Nowruz gelip, ýagyş ýaly gyrtyçlar galkyp, zenanbeden owsunjy baýyrlaryň alu-ýaşyl maýsalary, gözüň ýagyny iýip barýan dürli gülleriň, gülälekleriň müşki-enwerini kükedip, heserlije ýele owsun atyşy onuň serini sämedip akyl-huşuny çaşyrýardy. Kuhurud, El Burz, Sünt, Kemerli, Hasar, Soňudaglarynyň Hudanyň ýaňyja ýaradan uçmahy jülgelerinde seýli-seýran edip, başy çal dumanly gerişlere çykanynda onuň oglan kalby lerzana gelip, sarç-sarç duýgulary ýeldirgedip barýardy. Pörňül-deşip akyp ýatan çeşme-çaýlar onuň zehinini tutaşdyryp, ylhamyny tüweleýldeýärdi, kalbyndaky möwç urýan wagşyýana heýjandan ony diňe söz halas edip bilýärdi. Gursaga sygmaýan agynyň hykga bokurdaga dolup, gözlere hüjüm edişi ýaly, duýgular zybanyna hüjüm edip kalbyn-dan çyrpynyp, ýyldyrymlap şygyr çykýardy. Ol dädesi Döwletmämmet Azadynyň, Sagdynyň, Rumynyň, Hafyzyň, Haýýamyň, Hakanynyň, Dehle-winiň, Ferdöwsiniň, Nowaýynyň, Nyzamynyň, Rudakiniň, Bediliň, Baba Tahyryň, El-Maarynyň,Jamynyn, şahyrlaryň pygamberi adyny alan Enweriniň goşgularyny okanynda sözüň gudratyna haýran galýardy. Hezreti Arastunyň, Gorastunyň, Bukratyň, Sokratusyň, Eflatunyň, Ahikar halypanyň eserlerini, gadymy ýunan hem Rum şahyrlarynyň goşgularyny okanynda bu pany dünýäde sözüň Bakydygyna, real dünýäde sözüň Keramatdygyna,arşdan berlen şygyrlaryň gudratdygyna akyl ýetirdi. Gör-ha, müň ýyl, iki müň ýyl,üç müň ýyl mundan ozal döredilen şygyrlar, pähim-parasatlar ýas-ýaňy ýazylan ýaly, ataşy çabrap dur, sebäbi olarda Allahyň gudraty, keramaty bar. Isaýylaryň Injili ýönelige Söz-- Hudaý diýmeýär! Söz—Gudrat, keramat! Gudrat, keramat bolsa garramaýar, könelmeýär, ölmeýär, sebäbi olar Alladan…
Magtymguly gören, eşiden zatlaryndan netije çykaryp, okan diwan-larynyň çäjini ammaryna atýardy. Ammary baýadygyça köp oýlanýardy, köp oýlandygyça pikirleri röwşenlenýärdi. Dünýä gelen çaga birki ýyldan dil çykarýar, ene süýdi bilen ene mährine, ata gany bilen ata ruhuna eýlenen çaganyň kalbyna, aňyna, emer-damaryna üç müň, dört müň ýyl bäri ata-babalarynyň dahanyndan-- dat, ýüreginden-- ot alan sözler, jümleler ata-babalarynyň ruhy bolup ornaýar. Biziň ene dilimiz turkmen halkynyň ençeme müňýyllykda toplan ruhy kuwwaty, ruhy taryhy, ruhy diýary, ruhy watany, ruhy genji-hazynasy! Her bir söz göwher-lagyldan gymmat hazyna. Öz ene dilini ýitirip, başga dile geçen kişi milletiniň çygryndan çykyp, müňýyllyklarda kemala gelen Ruhy Watanyny ýitiren bedibagt-dyr. Watanyny ýitiren aglar,aýlanar, dolanar, gaýdyp gelip ýene watanly bolup biler. Ilini ýitiren eňrär, efgan dartyp,ahyry yzyna gelip, ýene iline goşulyp biler. Emma dilini ýitiren kişini başga diliň ruhy-ha kabul etmeýär, öz ýitiren diliniň ruhuna bolsa gaýdyp gelip bilmeýär. Ol kişi ruhy gatyr!..
Söz! Onuň Aly hezretleri Söz!
Gudraty güýçli Allatagala bir söz bilen tükeniksiz älemleri, asmany-zemini, Aýy-Güni, jümle-jahany ýaradyp, gudratly, keramatly sözem Adam ogluna bagyşlapdyr! Kyýamat ahyr bolanynda Biribar bi akyldan daşgary äleminde ýekeje söz bilen kyýamat gopdurmaly!
Magtymguly gije-gündiz oýlanýar, pikir kylýar, seriniň içini agdar-düňder edip netije çykarýar: dünýäniň beýik-beýik daglaram, däli-däli ummanlaram, tereň-tereň derýalaram, çölleri-sähralaram, gorgan-gorgan şäherlerem baky däl. Gerdanlaram, heňňamlaram, eýýamlaram baky däl! Jümle-jahanda diňe söz baky! Adamyň akyl-paýhasyndan, Allanyň bagş eden zehininden çyrpynyp çykýan dana setir, beýt, goşgy, pähim-paýhas baky! Läheň-läheň akyldarlar, beýik-beýik şahyrlar setire girip, pähime girip, goşga girip Bakylyga öwrülip galypdyr!
Läheň-läheň şahyrlar,beýik akyldarlar halklaryň kalbyna, paýhas-parsadyna girip, dünýäniň kämilligine basgançak bolupdyr!
Asmanda Allatagala baky! Zeminde aly hezretleri Söz baky!
Allanyň ýaradan pany, ötegçi dünýäsinde diňe söz baky!
Allatagala başy ölümli adam ogluna söze girip, Baky galmaga,jawudan bolmaga yş goýupdyr!
Ýalan dünýäde göweçden çykan zer ýaly,göwünden çykan jümle, ýürekden heserläp çykan goşgy çyn hem baky! Eýýamlar, heňňamlar, zamanlar sözüň gudraty bilen hekaýata, rowaýata girip, ulug aryflar, beýik akyldarlar, Hakdan içen şahyrlar akyl-paýhasyny, pähim-parasadyny, göçgünli duýgularyny, heýjanly şygyrlaryny kitaba jemläp, Bakylyga öwrülýär!
Şahyr ýüregi kaknus guşuň höwürtgesi.Daglaryň astynda adaty kömü-riň ýanyp göwhere öwrülişi ýaly,şahyryň yşkyna sataşan sözler süýnen ýyldyz ýaly jümle-jahana şugla saçyp, keramata öwrülýär!..
Magtymguly ymykly akyl ýetirdi. Pul-mal,genji-hajyna—dünýäniň baýlygy. Adam ogullary gözel ömrüni nagt berip, dünýäniň karz baýly-gyny, altyn-kümşüni ýygnaýar, ölübem goýup gidýär.Kime? Nesip edene!.. Dünýäniň hakyky baýlygy, genji-hazynasy söz, onuň aly hezretleri söz! . Sütün-sütün ata-babalar eziz topragyň goýnuna girip, Watany mukad-desleşdirse, olardan miras galan dana sözler, pendi-nesihatlar, nakyllar, parasatly tymsallar, rowaýatlar ruhy genji-hazyna öwrülip, röwşen Gelejege paýandaz ýazylýar! Her bir maşgalany mukaddes ojak bilen perişdeli saçak, halky-halaýygy keramatly watan birleşdirýär. Ol ajaýyp aýdymyň—şygryň-dessanyň diňe milleti däl, halklary däl, Geçmiş bilen Geljegi hem birleşdirýän mukaddes, keramatly, gudratly ojakdygyna ynandy. Aýdymyň mekany ýürek, ýüregiň mekany yşk! Bagşylar bir gije aýdym aýdyp, agyr märekäni aýdymyň pähim-parasadynyň derejesine göterip, kalplaryny baran ýaly ýuwup, yşk bilen päkläp, ruhuny tüweleýledip, olary asylzada adama öwürýär.Ol goşgy ýazmaly! Halkyň aýdymyna aýlanjak goşgy ýazmaly!..
Emma Magtymguly ulug aryf bolmaly ahyry! Ulug aryflaram goşgy ýazýar, beýik şalar-soltanlaram goşgy ýazýar! Hatda pygamberlerem goşgy ýazýar! Hezreti pygamberimiz Muhammet aleýhessalam şahyrlara, şygra kän bir pitiwa etmedik-de bolsa, oňa inderilen gurbany boldugym Kurany-Kerimiň ençeme ýeri goşgy bilen ýazylypdyr ahyry! Keramatly aýatlaram, gudratly dogalaram goşgy ýa saj (rifmaly kyssa) bilen beýan edilipdir ahyry! Magtymguly «Injiliň» täzesinem, könesinem, beýleki asmandan inen kitaplaram öwran-öwran okapdy, olar hem goşgy bilen, goşga gaýra dur diýdirýän saj kyssasynda ýazylypdyr ahyry!
Arşy-agladan iberilen kitaplar goşgy bilen ýazylan bolsa, Alla-tagala hem şahyr bolaýmasyn?... Allatagala şahyrmy, şahyr dälmi, belli däl, emma onuň ýaşyl ýaýlaly sährasy-çöli, degresi ala garly daglary, owsunjy deňizleri, parlak-parlak ýyldyzly asmany, uçmahdan akyp gelýän çeşme-çaýlary, jümle-jahany şahyrana akyl-paýhasdan, heserli-husurly poeziýadan ybarat!
Magtymguly oýlanýar: her obada, kentde, galada, şäherde ençe-ençe attarhana,san-sajaksyz hekim,tebip bar. Bir kişiniň baldyry syzlap, başy agyrsa,onuň derdini bejerip, keselinden gutarmaga döwtalap tebip, hekim kän, emma kalby ýaradar bendäniň uçran derdini bilýänem ýek, halyny soraýan ýek. Ýüregi ýaradar är derdini ilden bukup, ýaraty bolan keýikleriň, aýraklaryň ganyny sarkdyryp,daglara çykyp,mumyýa agtarşy ýaly, akylly kitaplardan, dana diwanlardan ýarasyna melhem agtarýar. Olaryň derdine diňe hümmetli söz, keramatly söz, ýürekdeş mährem söz melhem bolýar. Bir awuly söz bilen adam ogluny öldürip bolýar! Oňa türkmenler “Är ärden bogaz boldy” diýýär.Ene bir söz bilen ony jana getiribem bolýar! Ýürekden çykan söz gudrat!
Gözüň iýmiti owadan-owadan gözellik, gulagyň iýmiti ýakymly, labyz-ly owaz, diliň iýmiti dymyşlyk,bedeniň iýmiti hereket, ýüregiň iýmiti owadan goşgy,beýniniň iýmiti jaýdar aýdylan parasatly jümle,pähim-parasat.Ýaramaz naharyň ajygýan ýeriňe barmaýşy ýaly,sadyr atan suwuň teşne ýeriňi gandyrmaýşy ýaly ýürekden çykmadyk söz ýürege baryp bilmeýär. Ýürege ýürekdeş söz gerek!
Emma barybir Magtymguly goşgy ýazmaz, şahyr bolmaz!..
Ýöne ol şygyrdan, şahyrlykdan gaçdygyça zehini ot alyp, ylhamy tüweleýläp, tutuş dünýäsi poeziýa aýlanyp, sözler, jümleler, setirler zybanyna hüjüm eýläp, goşgular çagbalap gelýär!..
Magtymguly görer gözleri bilen okan,eşder gulagy bilen eşiden zatlarynyň ýagşylaryny gara kellesine atyp kämillige barýar. Çarhypelek jykyr kimin aýlanyp, her güni bir golça ýaly dünýäden alanyny Magtym-gulynyň kalbyna, serine guýýar. Günler,hepdeler, aýlar,ýyllar oňa basgan-çak bolup beýiklige göterýär. Ol basgançakdan basgançaga çykdygyça gözetimi, pikir ediş çygry, akyl aýlaýan örüsi giňeýär. Şeýdip ol adamzadyň akyl çygrynyň aňyrsyna-- akyldar Magtymgula tarap barýar!
Magtymgulynyň dädesi onuň ulug aryf bolmagyny islese, käbesi Arazgül eje, agalary Kynyş beg, Selim Magtymguly dagy, inileri onuň ata çykyp beg, han, serdar bolmagyny isleýär. Selim Magtymguly aram-aram Hanjary, Abdyllany, Mämmetsapany, Arslany, Magtymgulyny, Janamany, Janeseni, Gaýrygulyny, Guljany, Seýidi…jemläp:
--Köpeý ogullary, sizden-de bir han-beg bormy, ähliňiziň piki-zikiriňiz Nedir şaha han bolup, beg bolup gulluk etmek! Haýsydyr bir ýenaçynyň ogly tagta çykyp şa bolanynda siz şunça ýenaçy bolup, heý birden biriňizde ulug serdar bolup, şa bolup, soltan bolup halkyňyzy, ýurduňyzy düldüretmek maksadyňyz bolmazmy?!-- diýip, çyny bilen käýinýärdi.
Akly goýalyp, ýülügi dolup, bili-bilegi bekäp ýetginjekligiň gyra-syndan girdigiçe Magtymgulynyň aryflyk, şahyrlyk möwji köşeşip, ata çykyp serdar bolmak arzuwy alyp gaçýardy. Näme diýip ol babasy Atanyýaz Kadyr ýaly, daýysy Döwletaly han ýaly han bolmaly dälmiş?! Keremli Allatagala Magtymgula şalara-soltanlara mynasyp akyl-paýhasy, şasuwar kaddy-kamaty, berdaşly daýaw göwräni, gujur-gaýraty, adalatly ýüregi näme diýip berendir eýse?! Ol özüne: «Eýse, seniň gursagyňda Magtymguly ýenaçynyň tüweleýläp duran ruhy ýekmy?! Eýse seniň arkaňda dünýäni düldüreden Görogly soltan ýekmy?! Eýse sen şu şasuwar kaddy-kamatyň, gujur-gaýratyň,pähim-parasadyň bilen egniňe haýsydyr bir aryfdan galan ýama-ýama hyrkany geýip, obadan-oba,kentden-kende «Huw-Hak!» diýip entäp ýörjekmi?!» diýip käýinýärdi. Nije müň ýyl mundan ozal Oguzhan ýaly pygamber serdary dünýä berip, dünýäniň depesinde tuguny pasyrdadyp, ençeme-ençeme döwletleri gurup, ençeme ýerleri-ýurtlary basyp alyp, jahany tagtlan türkmeniň her biriniň ganynda, aňynda, ruhunda, emer-damarynda dünýäde bäş gün ýaşasaňam han bolup, beg bolup ýaşamak duýgusy ýaşaýar. Han-beg boljak bolsaň, at münüp, ýarag dakynyp söweşe girmeli! Jeň görmedik ýigitden beg bolmaz. Türkmen aga gadym zamanlardan bäri bedew atyny uçmahdan çykan behişdi bedew diýip keramatlaşdyrypdyr.
Magtymgulynyň owsarsyz fantaziýasynda Oguz hanyň aty Buz dagla-ryna gaçyp ýagşyzadalara duşup, nowjuwan Göroglynyň Gyratynyň erenlere sataşyp ak pata alşy, Göroglynyň perzent dilemän Gyraty dileýşi janlanýar!.. Türkmen aga atyny pirli saýyp, Baba Gambar pir bolup, bedewlerini saz bilen seýisleýändir. Has takygy, Gilgamyş aýtmyş-laýyn,türkmen öýüni ýykyp gämi ýasaýan, mülküni satyp at alýan halk… Gadym zaman bir türkmen mülküni satyp, bedew at edinýär, şonda onuň dana pars goňşusy: »Eý, pylany, seniň rysgal-döwletli mülküň bardy, sen oňa ders bererdiň, ol saňa arpa-bugdaý bererdi. Sen indi bir närse satyn aldyň, sen oňa arpa-bugdaý berýäň, olam saňa ders berýär» diýenmiş.
Türkmen aga «Eýer—tagtym, döwletimdir bedewim!» diýip ýaşaýan halk. Bir saýry dana wezir:
«--Şahym, şahym, şu hikmete düşüngin,
Eger gul eýlejek bolsaň turkmeni,
Ony öňi bilen atdan düşürgin!..»
Emma türkmeni atdan düşürip bolýamy? Magtymgulynyň hyýalynda begleriniň goja Oguz hana gop berip ata mündürişleri janlanýar. Ony gören saýry han:
«--Pahaý, biziň gorkup ýören hanymyzy goldap ata mündürýän ekenler!--diýýär, Oguz han:
«--Hawa, meni goldap ata mündürýärler, emma atdan düşürmäge müň gerçek ýigit gerekdir!—« diýýär…
Türkmen aganyň ynamy, «Atly öý,döwletli öý». Atyň-ýaragyň gurat bolsa, hak-heşdek berip ýygnyna aljak şa-da, soltan-da, beglerbegi-de, han-da, beg-de tapylýar. Şonuň üçinem köp ogully türkmen çagalarynyň arasyndan üşüklisini saýlap ylym-bilim berer, körpe ogluny öz ýanynda alyp galyp, hojalygy tabşyrar. Galan ogullary bolsa, at münüp gider gulluga! Maşgalada bir kişi şanyň-soltanyň goşunynda gulluk etse, dessine onuň yzda galan hossarlary gurgun hem mertebeli adama öwrülýär. Nedir şa bolsa halkdan çykan şady, üstesine şaýy bolsa-da türkmendi. Oňa nöker bolmak geljegiňe açylýan röwşen ýeldy, beýik hem berkarar döwlete barylýan basgançakdy. Abdylla-da, Muhammetsapa-da on ýedi-on sekiz ýaşap Nedir şanyň goşunyna gulluga gidipdi. Köp söweşlere gatnaşyp, özlerini görkezip, at alyp beg derejesini edinipdiler. Ýigdekçe Magtymguly hem ata çykanynda şahyrlygam, aryflygam unudýardy. Ol näme diýip bedew ata çykyp, gylyç syryp adalaty dabaralandyrmaly däl, näme diýip ol Görogly bolmaly däl!..
hhh
Hajygowşan obasy gudrat bilen birdemde Çardagly Çandybile, hajygow-şanlylar Çandybil halkyna öwrüldi. Gamgyn hem gaflatly asyrlardan aşyp, Gyratyny segredip, Görogly beg geldi. Kyrk däli begi, Agaýunus perisi, Sapar kösesi bilen. Ulllakan oba toýçulykdy. Heý kyrk begi bilen Görogly soltan geler-de hajygowşanlylar toý tutmazmy!
Wasdan ýaýanda-göýendesi bilen gelen aýdyjy bagşy ilkinji gün Çowdur hanyň öýünde “Görogly” dessanyny aýtdy. Magtymguly ozal bagşylardan dessanynyň hemme şahasyny diňläpdi, ýöne ýaýanda-göýendeli aýdyjy bagşyny weli ilkinji gezek diňleýärdi, has dogrusy aýdyjy bagşynyň, ýaýanda-göýendäniň janlandyrýan dessanyna ilkinji gezek tomaşa edýärdi. Bagşy Göroglydy, sazandasy ýaýandady, gyjakçysy göýendedi, olaryň biri Köse bolmaly bolsa Köse,ikinjisi Agaýunus peri bolmaly bolsa,Agaýunus peri, kempir bolmaly bolsa kempir bolýardy. Garasaý,tamam Hajygowşan halky Göroglynyň janly durmuşyna-- teatra tomaşa kylýardy. Magtymguly aňk bolup diňleýärdi, aýdym-namalar gudrat bolup onuň kalbyna, ruhuna, emer-damaryna, süňňüne, hakydasyna-ýadyna girýärdi. Ol aýdyjy-bagşyny, ýaýanda-göýendäni diňläp uçganaklaşyp oturan obadaşlarynyň Çardagly Çandibil halkyna aýlanşyna haýran galdy: gojalar “Görogly” dessanyna girip, Magtymgulynyň gözleriniň öňünde ýaş ýigide, beg ýigide aýlansa, jahyllar hyjuw-hyruçdan ýaňa garaklaryndan ataş syçradýardy. Şumat bagşy “Atlanyň-aý beglerim!” diýdigi –olar geçmişe gidip Baly begiň köşki-saraýyny, galasyny-kendini weýran etjek-ler. Gör-ha, Hajygowşanyň gelin-gyzlary hem Agaýunus perä öwrülip barýar. Magtymguly diňe Göroglyda däl, onuň her bir namasynda hem gudrat görýärdi. Öz ýanyndan atasy Magtymguly ýenaçyny Jygalybege, Kynyş dädesini Sapar Kösä, Selim dädesini Handan batyra meňzedýärdi. Magtymguly ilkinji gün Çowdur hanlarda bagşy diňläninde dädesi Döwletmämmet aganyň pirdigine, dädesiniň bagşylary öýünde aýtdyrmajagyna gynandy. Emma Selim beg bilen Kynyş beg Döwlet dädesinden idin alyp, bagşylaryň hatyrasyna Kynyş beglerde toý tutarmen boldy. Kynyş bege ýedinji gün toý nobatyny berdiler.
Magtymguly bagşylaryň şiwe diline-de, göçgünli-göçgünli jümle-lerine-de,tüweleýli howalasyna-da aşyk bolup, düýrmegi bilen diňleýärdi, dessan hamana wideokamera ýazylan ýaly onuň hakydasyna ýazylýardy. Gaýyp bagşy uly bagşy bolansoň şu dessanlary hökman aýtjakdygyny, şonuň üçinem hakydasy güýçli Magtymgula ony ýat tutup ýazyp bermegi haýyş edip elewräpdi. Ol dostunyň sözüni ýykman, toýdan soň bir aý iş edip, tutuş dessany ýazyp berdi, Gaýyp bagşy onuň daşyny Gulmuş hatdata jiltletdi.
Hajygowşan obasynyň depesinde asman bilen zemin arada Görogly begiň namalary ýaňlanýardy. Magtymguly Görogly begiň pähim-paýhasdan, hyjuw-hyruçdan doly badyhowa aýdymlaryny görýärdi, namalar gudrat bilen lowurdaşyp owsunyp gelýärdi. Ol Göroglynam, Sapar Kösänem,kyrk däli begem, Agaýunus perinem ýanynda duran ýaly synlap, bagtdan ýaňa uçup ýördi, sebäbi ýene iki günden bagşylar Kynyş beglerde, Magtymguly-laryň howlusynda dessan aýtmalydy. Ýyllar geçer,ol ýazar:
Şerap içip,serhoş bolup,segresem,
Ganym janyn gyýym-gyýym dograsam,
Görogly dek dagdan-daga ugrasam,
Ýa,Reb,habar bilerinmi Ýar Senden!
Gudrat bilen nowjuwan Görogla öwrülen Magtymguly Çardagly Çandy-biliň adatdan daşary owadan jülgesi bilen barýar. Ol depesi ak garly, degresi hozly-çynarly daglara aşyk bolup nazar salýar, hanha Çandybil—Çaňlybil çaňjaryp, alyslardan baran gelýär. Magtymguly jülgeden öwrülýär weli, alnyndan Görogly beg çykýar. Gyratam, Göroglam zer-zerbap-dan geýnipdir. Ol uçaýjak bolup oňa tarap ylgaýar, barşyna-da gygyryp salam berýär:
Görogly uçganaklap duran Gyratyň başyny çekýär:
--Waleýkim,Magtymguly.
--Görogly beg,sen meni nireden tanaýaň?
--Heý,men gudratly Görogly beg bolup,seni tanamanmy? Bu gün men seni tanaýan,ertir tamam ýurt tanar,birigün seni dünýä tanar, Magtymguly!
--Görogly beg, halk hor düşdi, ýurt eýesiz galdy, türkmen serdarsyz galdy, külli türkmeniň başyny jemlemäge sen gerek!
--Sen näme diýip Görogly beg bolmaýarsyň? Hä?Görogly beg hökman Geçmişden ýa Geljekden gelmelimi? Ýek, Magtymguly, Görogly topragyň, halkyň, ýurduň Gursagyndan çykýandyr!
--Sen nädip Görogly beg bolduň,Görogly?
--Men Watanymy mukaddeslige, topragymy keramata, il-ulsumy ýagşy-zadalyga göterip, diňe ýurdum üçin göreşdim, diňe halkym üçin ýaşadym, ömrümi halkyma sarp etdim, halkym hem maňa jawudanlygy bagş eýledi.
Şol mahal Magtymgulynyň arka tarapyndan Janaman geldi. Ol:
--Görogly beg,salawmaleýkim!—diýip haýkyrdy. Magtymguly begen-jinden tas uçupdy:
--Görýäň gerek!Göroglyny görýäň gerek?
--Elbetde görýän, senem görýäň gerek?
--Görýän,görýän!
Birden Görogly gözden gaýyp boldy, Janaman kinaýa bilen ýylgyrdy:
--Eý,jijuş! Sen bu gün Görogly soltany görseň, ertir ýagşyzadalary, perişdeleri görersiň, birigün bolsa Selim magtymyň bimarhanasyndan çykarsyň!—diýip, Magtymgulynyň maňlaýyna pitikledi.Gaty gahary gelen Magtymguly guduz açyp: ”Janaman,men seniň aman janyňy jähen-neme iberýän!” –diýip topuldy... Janamanyň ýüregi ýarylyp arkan serpildi, ol ukuda meýmiräp ýatan Magtymgulyny oýarmaga gelipdi. Magtymguly ukudan, owadan düýşüniň içinden iki penjesini gerip, gygyryp turdy, gözlerini elek-çelek edip Janamana seretdi:
--Hany Görogly?
--Eý, eý, agam ogly,bu bolup ýörşüňe, sen ahyry Selim magtymyň bimarhanasyna düşýäň! Ýör, eýýäm öýle bolup barýar,”Görogly” dessanyny diňlemäge gideli. Magtymguly entegem ukudan hem düýşünde gören waka-syndan aýňalyp bilmän serim-saz dur...
Aýlar aýlanyp, ýyllar geçdigiçe Magtymgulynyň kalbynda ata çykyp, adalat gylyjyny syrmak höwesi apy-tupan bolup galkýardy. Kesewiňi dürtseň gögerdip duran sahy-sahawatly, rysgal-bereketli boz topragyň üstünde ulus-iller näme diýip aç-gallaç, garyp-kaşşak ýaşa-maly?! Ýaradanyň uçmahdan zyýada abadan, owadan dünýäsinde tükeniksiz uruş-gowga kime gerek, nämä gerek?! Beýik Biribaryň bagtyýar ýaşaň diýip ýaradan ajaýyp jahanynda bir atadan, bir eneden ýaýran Adam ogullary näme diýip birek-birek bilen duşman bolup ýaşamaly?! Eýse adam ogullary birek-birek bilen dogan-dost bolup bagtyýar ýaşamaga mynasyp dälmi?!...
Eýse ýüz ýigrimi dört müň pygambere-nebä-mursala, müňlerçe-müňler-çe ýagşyzadalara, alym-aryflara, ulug ulamalara düzetdirmedik dünýäni akyl-paýhas bilen, adalat gylyjy bilen düzedip bolmazmy?.. Ylahy akyl-paýhas, adalat gylyjy Adam atanyň ogullaryny bir saçagyň, bir ojagyň başyna jemläp, bagtyýar edip bilmezmi?!
Nädip, nädip zeminde Adalaty Hudaý edip bolar?..
hhh
Giňjaý--Hajygowşan bir Allanyň nazar salyp, ýalkan ýeridi. Ullakan obanyň degre-daşyndaky baýyrlaryň ýüzlerinde, källerde, saýlarda, alalarda, boz düzlerde düme ekilen güýzlik ak ekin Hydyr gören ýalydy. Düme ekilen arpa bolsa eýýäm halta-halta edilip, teblehanalaryň duluna basylypdy. Hajygowşanyň ýerden ýöräni baýyrlaryň arasyndady. Ak ekin orlup, harman döwülýärdi. Ýonaçylaryň neberesiniň harmanlaryna Kynyş beg esewan edýärdi. Hanha, alty harman döwlüp dur. Ýene on iki harman döwülmäge taýýar. Her harmanda ýanaşdyrylyp kökerilen iki garry ýaby bilen ýaşajyk ýonaçylar döwek döwýärdi. Biriniň başynda Magtymguly başyna jir ýaglyk aýlap, harmanyň daşyny agaç ýaba bilen gaňtarýardy, beýle-kisiniň daşynda Janaman agaç ýabaly güýmenip ýördi. Harmanlary synlap gözleri dokunýan Kynyş beg olaryň berekellasyny berýärdi. Gün günorta bolup, jöwza yssy jokrap beýniňi gaýnadyp barýardy. Janaman:
-- How, Kynyş däde, sen näme samany pide, bugdaýy un etdirjek bolýamyň? Gör-ahyr, dag ýaly harman ýere siňip barýar - diýdi. -- Seýitjan agşam ýatanynda hem çarhypelek ýaly aýlanyp, ýatyp bilmeýär.
Kynyş beg Janamanyň gaňtaryp duran harmanynyň ýanyna gelip, her ýerinden bir gysym samany alyp synlady:
-- Döwüberiň, entek döwüberiň.
-- Äl-aýt dymdaý… Heý bir öwüsgin dagy ösäýmeli dälmi? - diýip, Janaman derini ýeňine çalyp ýylgyrdy. -- Kynyş däde, günäsi meniň boýnuma, şemal tarapyňa bak-da, Mirhaýdar pire hüjüre-hüjüre sözleri paýratsana, ýegsa bu gün-de-ertede sykylyklap harman atyp bilmersiň!
-- Harmany sen atarsyň, sen! Baý-baý sykylyklap, harman atarsyň-a! -- diýip, Kynyş beg ýylgyrdy. -- Düýn agşam Gün ümeze batdy, ynha, nesip bolsa giç öýlänler, harmanyňy atyp başlarsyň!
Tüp yssy dymýardy, Magtymguly dymýardy, Kynyş aga-da dymýardy, gepläýmese içini it ýyrtyp barýan Janaman ahyry dymyşlyga çydaman:
--Magtymguly, gürläp otursana—diýdi.
--Näme gürläýin?
--Içim gysýar-ow, meniň bilen gürleşäý-dä.
Magtymguly gaty çyny bilen gürledi:
--Hezreti pirim Sagdy, sen azajyk tagapyl eýle, men Janamanjanyň samahyllylaryny diňläýin.
Ýerine düşen söze Kynyş beg agzyny asmana tutup, heziller edip güldi, soňra Magtymgula öýkünip:
--Nurjemal baý, senem azajyk garaş, men ýelem-ýüwlediň patarrakylaryny diňläýin, bendäniň çagasynyň akmaklygy içine sygman, ýarylyp barýar—diýdi. Janaman öýkeli:
--Aý, howwa-da, aly hezretleri Görogly soltanyň bajasy başyna jir ýaglyk daňyp, harman gaňtarsa, Allanyň azyzy Magtymguly harman döwse, nähili gürrüň bolup biler?
Şol mahal bir atly ýigdekçe gelip salam berdi:
-- Magtymguly, Döwlet dädem saňa derrew gelsin diýdi…
-- Yklymjan, sen ýalňyşýan dälsiň-dä… Döwlet dädem inim Janaman gelsin diýen bolaýmasyn? -- diýip, ol atla ýylgyrdy. Atly ýigdekçe ýylgyryşa ýylgyryş bilen jogap gaýtaryp ilerligine gitdi. Magtymguly üsti-başyny kakyşdyryp, çatmanyň kölegesinde asylan meşikden suw içdi. Kynyş beg:
-- Magtymguly, Seýit janyň gök eşegini münüp gidiber -- diýdi. Janaman Kynyş aga bir aýtmasyz zady aýdan ýaly çynaberimsiz gahar-lanyp:
-- Näme? Näme diýdiň? Magtymguly indi eşek münmelimidir? Heý, Magtymguly ýaly gerçek eşek münmelimidir?..Hanha, bir ýenaçynyň ogl-a tagta münmeli, beýleki ýenaçynyň ogly bolsa eşek münmelimi? Haý-haý, Görogly soltanyň bajasy-ha kep tapdow!-- diýip zowzanaklady…
-- Näme, eşek münmäge utanýaňyzmy? Gök eşegi hezreti Isa pygamber hem münendir han!
-- Hezreti Isa pygamberi eşek müneni üçin haja çüýläpdirler-dä. Eger Isa pygamber ata çykyp, eli gylyçlyja pygamberlik edeninde dünýäni düldürederdi…
-- Eý, Allam, bu ýelem-ýüwlediňe iki barmak dilden gaýry zat berme-diňmi?-- diýip, Kynyş aga başyny ýaýkady. Janaman:
-- Hudaýjan, ähli pähim-parasady, danalygy Magtymgula, geplemäni bolsa maňa beripdir-- diýip güldi-de,çatmanyň saýasyna çökdi. Kynyş beg oňa dowamly seretdi, Magtymguly:
--Janaman, Kynyş dädemiň saňa diýip duran geplerini pyşbaga eşitse utanjyndan gara der bolup ýere girerdi!—diýdi.
--Kynyş dädem maňa hiç zat diýeňog-a.
--Kynyş dädeň dili bilen diýmeli sözlerini tükedip, ýüzi bilen, gözi bilen, ümi bilen, ýüregi bilen aýdyp dur!—diýip, Kynyş beg gaharlandy-- Tur harmanyňa bar, ýanbaşa ýatmaga, syrta oturmaga ýurt agta-ryp ýörme-de!
Janaman nägile halda harmana bakan ugrady. Magtymguly:
--Neresse sarç atdan ýykylansoň telbe-tentegräk bolaýdy-da!—diýdi. Kynyş beg:
--Bi tentegi atam ýykyp ýörmi?
--Ek. Dogabitdi kelesaň diýeniňden, atdan ýykylanda ýa at depende akly-na zeper ýetdi diýseň sypaýyrak bolýa-da!
Jüpüne düşen size Kynyş begem, Janamanam güldi.
Magtymguly öe gelip, dessine ýuwunyp-ardynyp, sypaýy geýimlerini geýdi. Ol çakdan aşa tolgunýardy, Allasyndanam, ýagşyzada ýaly atasyn-danam, çüwen bagtyndanam, ykbalyndanam müň kerem razydy, sebäbi ol yslam dünýäsiniň iň beýik, iň sylagly-sarpaly,iň keramatly aryfy, pirleriň piri Seýit Syrajeddin Arşaýy pir bilen duşmalydy. Kimem bolsaň Allatagalany görmek mümkin däl, onuň resulyny görenlerem müň ýyldan aňyrda mübärek gubur bolup ýatyr. Ynha, Magtymguly şolardan soňky ägirt ulama bilen duşuşmaly! Onsoň ýaňy on alty ýaşap ýören ýigdekçe nädip tolgunmasyn? Ol ähli erkini jemläp, özüni ele alyp dädesiniň jaýyna girip, törde oturan ýagşyzada ýaly nurana kişä gözi düşeninden aňk bolup, edep bilen salam berdi. Segsen ýaşandygyna garamazdan, göwresine erk edýän berdaşly goja pir ýerinden gobsunyp, Magtymguly bilen elleşip salamlaşdy. Pir röwşen ýüzünden nur dökülip duran ýaş ýigdekçäni içgin synlap, tüweleme diýdi. Magtymguly ozal goja piri alty ýaşynda görüpdi. Döwletmämmet aga arapça:
--Magtymguly, Allanyň azyz myhmanyny tanaýarmyň? - diýdi. Magtymguly arapça:
-- Hezreti pirimiz Seýit Syrajeddin Arşaýyny jümle –jahan tanaýarka, men pederimiň mürşidini tanamanmy? - diýip, tolgunyp, buýsanç bilen aýtdy. Magtymguly dädesiniň otagynda nähilidir bir nämälim owsuny duýdy. Ýigdekçe şeýle owsuny ozal dädesinde-de duýýardy. Ol tüp yssyda salkyn saýa giren ýaly ahwala düşdi. Döwletmämmet aga kitaphanasynda Seýit Syrajeddin Arşa-ýynyň seteran goýlan diwanlaryň arasyndan birini alyp, ortarasyny açyp ogluna görkezdi. Kitap arapçady. Magtymguly sahypanyň başyndan birki sözlemi okap, soňra gözlerini süzüp, gyssanman, hamana, diwany özi ýazan ýaly aýdyp berdi. Döwletmämmet aga başta bir diwanyň gabat gelen ýerini ýerini açyp görkezdi. Magtymguly birki sözlem okap, göýä sapak aýdýan ýaly, sakynman, säginmän gürrüň berip . başlady. Kethuda ýene iki-üç kitap açyp ogluny synady. Seýit Syrajeddin Arşaýy pir diwanlaryny bir ýanyndan aýdyp duran ýigdekçä haýran galyp, buýsanç bilen synlady:
-- Aperin, tüweleme, oglum, tüweleme.
Döwletmämmet aga beýleki diwanlaryňam gatlaryny açyp, Magtymgula görkezýärdi. Ýigdekçe ýaly aýdyp berýärdi. Goja pir arap dilinde suwara gürleýän ýaş Magtymgula birnäçe sowal berdi, Magtymguly jogap gaýtardy… Ýöne wagt geçdigiçe Döwletmämmet aga-da, ýigdekçe-de nurana piriň gam-gussa batyp barýanyna haýran galýardy. Olar goja piri gaty ýadan-dyr öýtdüler… Seýit Syrajeddin pir uzyn ömründe her hili üýtgeşik-üýtgeşik zehinli kişileri görüpdi, emma on alty ýaşynda goja piriň bütin ömründe ýazan diwanlaryny hatym edip bilen oglan ony gaty geň galdyrdy. Döwletmämmet aga:
-- Hezreti pirimiz, Magtymguly siziň ähli diwanlaryňyzy öwran-öwran okady, ol siziň ýoluňyzyň aşygy… - diýdi.
Goja pir edähedine görä pessaý ses bilen:
-- Magtymguly, mundan ýigrimi ýyl ozal garry ataň Bagdada baryp, sen-men ýok meniň iň gowy, iň arzyly, iň umydymy baglap ýören müridimi --- Döwletmämmedi alyp gaýdanynda bil oňurgam syndyrylan ýaly, öserim ýolnan, geljegime talaň salnan ýaly elhenç hala düşüpdim. Garry ataňyzdan bijaý ynjapdym, emma indi akyl edip otursam, ol garry ataňyzdan däl-de, keremli Allatagaladan eken!... Sen meni çakdanaşa hoş etdiň. Magtym-guly, men saňa dädeňiň keramatly ýoluny dowam etmegiňi, dädeňiň barma-dyk belentliklerine barmagyňy beýik Biribardan dileýärin! Bek belle, ýollaryň aýdyňy, ýollaryň hakykysy Hakyň ýoludyr! - diýip, goja pir gijäniň bir wagtyna çenli dogaýy gürrüň edip, ýaş oglana ak pata berdi, hiç haçan elinden goýmaýan tesbisini Magtymgula sowgat etdi. Magtymgulam, Döwletmämmet aga-da musulman dünýäsiniň uly piriniň gitdigiçe gama batýandygyny, gitdigiçe gum-gussa öwrülip barýandygyna düşünip bilmeýärdiler. Goja piri näme gulgula salýarka?...
Segsen ýaşy arka atan goja pir Seýit Syrajeddin Arşaýynyň asly Şirazdandy. Ol ölmezden ozal dogduk mekanyna aýlanyp, ata-babalarynyň mazaryna zyýarat etmäge barýardy. Goja pir uzak ýola garry ýabyly, idegçili çykypdy. Ertesi irden Döwletmämmet aga, Magtymguly, obanyň aksakal-lary hezreti piri ýola uzatdylar. Hoşlaşyk pursaty goja piriň gözlerine sereden Magtymgulynyň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Piriň gözlerinde şeýle bir perişan gam-gussa, pajyga-pygan bardy, Magtymguly “dünýä-niň ähli gam-gussasy derwüşleriň gursagynda jemlenýärmiş” diýlen söze ýürekden ynanyp, içinden pikir öwürdi:
“—Beýik daglaryň depesini dumanu-bulutlaryň basyşy ýaly hakyky aryflaryň—derwüşleriň serinde jümle-jahanyň gam-gussasy, derdi-aladasy mesgen eýleýär. Beýik daglardan gaýdýan derýalaryň dumly-duşunda ýaşyl tokaýlaryň mesgen tutuşy ýaly hakyky aryflaryň, derwüşleriň zybany ýagşy senalaryň,keramatyň, gudratyň mekany.”
Magtymguly ýene birnäçe ýyldan ýazar:
Nirde derwüş görseň baryp alkyş al,
Derwüşden ýeg hiç kim ýekdur Hudaýa...
Başga bir şygrynda şeý diýer:
Bu jahanyň sermaýasy,
Ryzk sebäbi, Hak saýasy,
Ýer diregi, Gök paýasy,
Derwüşleriň dogasydyr.
Aksakallar,Magtymguly dagy hezreti piri esli ýere çenli ugradyp, hoşlaşyp oba dolandylar. Döwletmämmet aga bolsa ýabynyň irişmesini idegçä bermän, piriniň jylawdary bolup ençe menzil ýola elin uzatdy… Hezreti pir hoşlaşjak mahaly Döwletmämmet aga gamgyn nazaryny salyp kän dymyp durdy:
--Döwletmämmet, Hudaýym seni ýalkap, döwletment ajap perzent berip-dir, emma ki Magtymgulynyň alnynda görüner-görünmez howp-hatar, bela-beter köp, ony ozaly bilen keremli Allatagala gorasyn, sen hem gije-gündiz beýik Biribara ýykyl, mynajat kyl, Magtymgulyny gora! Eger ol akyl-huşuna zeper ýetmeýen, ölmeýen on sekiz ýaşyny doldursa, tamam Eýra-nyň-Turanyň, Rumuň-şamyň,arabyň-ajamyň keramatly aryfy, beýik akul-dary bolar! Emma ki on sekiz ýaşy dolýança öýeräýme!—diýip, soňky jümläni hasam zynharlady. Hezreti piriň sözleri Döwletmämmet agany seňseletdi, ol çaýkanyp duran zeminiň üstünde zordan ýykylman saklandy. Kethuda hakydasynda aýlady: düýnden bäri ol hezreti piriniň perişanlygyny, gaýgy-gamyny, hasrat bolup oturyşyny kalbyna sygdy-ryp bilmändi, goja piriniň dünýäsini alan nämälim howsala Döwletmämmet aganam ynjalykdan gaçyrypdy. Emma kethuda beýle elhenç pajygaly habara weli garaşmandy. Ol pirine belentdi: aňyrsynda çökder belany görmese, piri Döwletmämmet aga beý diýmez.
Ýykylmyş-ýumrulmyş bu dünýäde garaşmaýan zadyň bolýar-da! Namart pelek mymama ejiz ýeriňden gelýä-dä! Kethuda duran ýerinde jan berýärdi, ýene jana gelýärdi. Her hal ol merdi-merdana halda hezreti piri bilen hoşlaşyp, allaýarlaşyp oba dolandy.Uly şahyr Döwletmämmet aganyň beýnisi sarsyp, näzikden eziz ýüregi elhenç iňňildeýärdi, ýek, şahyryň ýüregi çat açyp, Ýer titremesiniň öňündäki eýmenç iňňildi eşidilýärdi.
«--Eý, şahyryň näzijek, owsunjy duýgulary, derhal onuň kalbyny terk edip, gözlerinden ajy ýaşa öwrülip çykyň! Eý, lemmer-lemmer hasratu- ahu-pyganlar, dady-perýatlar tamdyr tüssesi ýaly burugsap derhal aryf şahyryň gursagyna giriň! Eý,bulutsyz asmandan çakyp, kethudanyň geljegini ýakan ýyldyrym ýaly ýalaňaç hakykat, sen goja şahyryň jiger-bagryny özüňe gyn eýle! Eý, şahyryň ýalaňaç hem eziz ýüregi, kethuda häzir seni diriligiňe gursagyňda jaýlap, merdi-merdanalygyny mazar daşy edip depäňde goýar, sebäbi onuň ejizlemäge haky ýek, eziz perzendiniň agysyny aglamaga haky ýek, sebäbi ol beýik aryf, il kethudasy! Eý ýyldy-rym ýaly hakykat, sen şahyryň jiger-bagrynda ýan-da ýat,ýak-da ýat! Ony gorenem kethuda bolsun, eşidenem kethuda bolsun, ýananam kethuda bolsun!..
Magtymgulynyň on sekiz ýaşynyň dolmagyna çenli iki ýyl wagt bar! Iki ýyl Döwletmämmet aga içinden aglap, içinden ölüp, içinden dünýäniň jepasyny çekmeli!.. Garasaý, kethuda görgüli ençe ýela ölüp, ençe ýela jana gelip, gursagyndan gyrmyzy ganyny saçyp, Allasyna ýalbaryp, mynajat eýläp ikindinara öe geldi. Ol gursagyndaky dowzah oduny ýasama-da bolsa şähdaçyk ýylgyryş bilen basyrdy.
Ýonaçylar neberesi ikindinara kethudanyň gapysyna üýşüpdi. Döwek döwlüp, harman atylýan günler bolany üçin döwekçilere teýlije nahar bişirilýärdi, üýşüp, jem bolup işleýän ýonaçylar jem bolubam nahar edinýärdiler. Arazgül eje ullakan gazanda palaw atarypdy. Zübeýda bilen Nurjemal elleri küýzeli töwerek-daşy suwlap ýördi. Körpeje ýonaçylar bolsa derwezäniň golaýynda aşyk oýnaýardy. Hezreti piri alys ýola ugradyp gelen Döwletmämmet agany gören çagalar oýnuny goýup, gözlerini höwlen-dirip aňk bolup, gorkup yza-yza süýşdiler. Dädesine gözi düşen Zübeýda «hiýh!» diýeninem duýman galdy. Sypada mesawy gürrüň edip oturan Nurjahan enäniň, Arazgül ejäniň, Ogulşekeriň ini tisginde. Agasyny gören Kynyş begiň, Selim begiň depesinden gaýnag suw guýuldy. Irden goja piri uzatmaga çal sepip başlan kümüşsöw sakgally giden Döwlet-mämmet aga agşamlyk ak sakgally gaýdyp gelipdi. Nurjahan enäniň gözlerine ýaş çaýyldy, Arazgül eje sag elini agzyna ýetirip:
-- Döwletmämmet, saňa näm boldy? -- diýip, aglamyşlap başlady. Kethuda töweregindäkileriň bolşuna aňk bolsa-da, göwni giňlik bilen hoş hal ýylgyryp, olara haýran galyp:
-- Ýeri, maňa näme bolanmyş? -- diýip sorady…
-- Oglum, seniň saçyň-sakgalyň juw-akla!
Döwletmämmet aga göz ýaşlaryny ýaňagyndan syrykdyryp aglaýan eje-sine seredip:
--Gözüňizedir… Göwnüňizedir—diýdi.--Ejem, käbäm ejem! Elli ýaşap ýören adamyň indi saç-sakgaly hem agarmasynmy?
Ola sag aýasy bilen sakalynyň uçlaryny göterip synlady. Aýallar, Kynyş beg, Selim Magtymguly ýeke günüň içinde saçy-sakgaly agaran Döwletmämmet agany dowamly synlap pikire batdylar: niçiksi howp, nähili hadysa, neneňsi bela-beter dünýä ýaly giň, Allanyň welisi kethudanyň ýaňy çal sepip başlan saçyny-sakgalyny ýeke günde, ýekeje günde agardyp biler? Dana Döwletmämmet aga ýenaçylaryň kalbyna apy-tupan bolup aralaşan nägehan sowaly, düşnüksiz dowly aňyp uludan dem aldy.
--Eje, hezreti Syrajeddin Arşaýy meniň ylmy atam:men batyldym, ol görer gözli etdi, kerdim,eşder gulakly etdi, zemin adamsydym, ol maňa ganat berip, asmana çykaryp Hakyň hikmetine duçar eýledi. Anha, men şol beýik pirim bilen allaýarlaşyp, yrzalaşdym... Indi biz birek-biregi ýa göreris, ýa..





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 48 | Добавил: Haweran | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Материал]
Oran tasirli.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]