17:51
Yşk
YŞK

Ir zamanlar, ir zamanlar
Bikbañdan öñ,
gök, zeminiñ ÿok wagtynda,
köñül, beÿniñ ÿok wagtynda,
hiç bir tañryñ ÿok wagtynda,
Ÿok zamany adam ady,
Howenäniñ dogulmagna milÿon asyr …
Asyr näme, ÿyllar näme!?
Dogulmanka zaman guşy,
ölçermänkä zaman ody,
Ezel ÿokka,
ebedilik kartinasy boÿalmanka, ol ap-akka …
………………………..
Seni gördüm!
Şo bir demde aşyk boldum.
Yşky duÿdum.
Bir salymda señ gözleriñ gözgüsinde "men”i tapdym.
Şonda birden bir uly ses "yşk perÿady!”
Perÿat içre söz göründi, saz eşidildi,
Sözler galkdy şygyr boldy,
saz tolkunyp bagyr boldy.
Gan döredi, san döredi,
toprakdan endam döredi.
Sen dörediñ, men döredim.
Söÿgüden jahan döredi,
Jahanda ynsan döredi,
ynsanda zyban döredi.

Ir zamanlar, ir zamanlar
Bikbañdan öñ,
Giñişligiñ ÿok wagtynda,
söÿgiñ, yşkyñ ÿok watynda,
nuruñ, reñkiñ ÿok wagtynda,
tün, garañkyñ ÿok wagtynda
señ gözleriñ aÿnasynda güÿz göründi,
gyş döredi.
Ÿürek girip gursagyma
ÿürek boşap gursagymdan,
yşk döredi,
yşk döredi.

Ybrahym B. 2021





Категория: Goşgular | Просмотров: 89 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 4.3/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ümsümlik we sen / Goşgular - 10.04.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Şahyryñ gyzy men... / Goşgular - 10.02.2021
Ýitgi / Goşgular - 06.01.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 30.01.2021
Gerdek / Goşgular - 14.02.2021
Ganga / Goşgular - 11.01.2021
Arzanladyş / Goşgular - 11.04.2021
Hyýal dünýäsinde hyýaly däl oýlar / Goşgular - 09.02.2021



Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Материал]
beýle goşgudan soň näme aýtjak?
ybraýym dädäň fantaziýasyndan yşkyň döreýşiniň bir wersiýasy.
Bikbañy (Big Bang / Большой взрыв) başda, soňda şeýle hem ortada-da agzaýar.
ortaky bölümde "Şonda birden bir uly ses "yşk perÿady!” - diýip ol uly ýarylmany yşkyň perýady hökmünde suratlandyrýar. gyzykly....
ol ýarylmanyň içinden sazyň eşdilmegi, sözleriň şygra öwrülmegi, sazyň bagyr boluşy, ganyň döremegi, toprakdan endam döremegi... garaz, owadan bir fantaziýa...
---
"hiç bir tañryñ ÿok wagtynda"
taňryly ýeri ünsüňi çekýär. ýöne ybraýymyň bu ýerdäki taňrysyny Ýaradan diýip hasaplamalam däl ýaly.
adamlar özlerine taňry edegen bolýar. wezipe söýmek - bu-da özüňe taňry edinmek bolýar, wezipäni taňry edinýäň.
döwleti taňry edinmek, mal-mülki taňry edinmek... umuman sanasaň sogaby kän bu taňrylaryň. şahyr bu taňrylaryň gürrüňini eden bolmly.
---
"ap-ak, boýalmadyk ebedilik kartinasy" - üýtgeşik deňeşdirme. haladym.
gowy goşgy, şeýle hem jedel turuzjak goşgy...
umuman, ruhlar äleminde başlanan yşkyň gürrüňi (meniň pikirimçe)...
---
goşgy täzeje eken (2021).
minnetdar.
paýlaşyp duruň.

0
1 sabyrly   [Материал]
Goşgyny okap, ilki bilen ateist adamyň hudaýyň bardygyna göz ýetirip, Onuň - Alladygyna ynanyp, Oňa aşyk boluşy aklyma geldi, ýöne beýle däl ýaly, sebäbi goşgyda "Seni gördüm" diýýär, bu bolsa dinimize ters gelýän bolmaly.
Hemme zatdan öň yşkyň döremegi ajaýyp kartina, ýöne "hemme zadyň" içine Allany goşup bilmeris. "Ezelden öň", "taňry ýokka", "How enäniň dogulmagy" ýaly ýerlerinde awtor ýalňyşýan bolmasa, hakykat-a däl.
"Şygyrýete dini aralaşdyrma" diýjekler bar bolsa, meni bagyşlaň, ýöne, şygyrýetde ýalana ýer ýok diýesim gelýär, elbet-de, dinimizde bolşy ýaly.
Galanam her kimiň öz pikiri, awtora-da döredijiliginde üstünlik!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]