18:27
Yşk
YŞK

Gülgün ýüzün açan bahar-ýaz ýaly,
Meniñ söýgim eräp gitdi howada.
Kalbym bilen bütin älem saz ýaly,
Ýürek gürsüldisi artýar şo bada.

Dünýä arzuwlara beslenip barýar,
Söýgim ýyldyz bolup sataşýar Aýa.
Bu ýüregim lowlap-lowlap tutaşýar,
Men ýöräp barýaryn ýyldyrym taýa.

Yşk hakynda aýdym aýdýan joş alyp,
Özümiñ hem dünýäñ bagtyn küýseýän.
Bu goja dünýäde baky ýaş bolup,
Arzuwlarym gursagymda güýzeýär.

Söýgüde elmydam gerekdir ynam,
Ynam bilen ýyldyzlary aralap.
Diñe yşka sary barýaryn menem,
Yşkym bilen bu jahana nur bolup.

Ogulgözel MAGTYMOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 37 | Добавил: Haweran | Теги: Ogulgözel Magtymowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostsyz başym - duzsuz aşym / Goşgular - 05.04.2021
Gybat / Goşgular - 26.02.2021
Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Duralgada / Goşgular - 12.03.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Gojalyk / Goşgular - 03.04.2021
Arzanladyş / Goşgular - 11.04.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]