16:49 Yşarat däl, aýan eýle | |
YŞARAT DÄL, AÝAN EÝLE Bu dünýä bir kerwensaraý, Goş ýazdyryp, düşledigim. Bäş günlik däl, baky saýyp, Munda göwün hoşladygym. Imrinip gezdigim dünýäñ, Gözelligi ne, ajaýyp, Iman däl-de, pul gözledim, Munda has zerurym saýyp. Çapdyryp hyýal atymy, Çapdym, çar ýana galgadym. Şunça ýyl döwran sürsemem, Neçüýn gelenim añmadym. Geldigim syr, gitdigim syr, Bu dünýäme, düşelgäme. Oýan, oýlan, pikir eýle, Ynsanlygyñ syry näme. Diýip, kakyp gursagyna, Diñ salyp, diñşirgäp duran. Naçaryña yşaratmy, Ylahy düýşleri gören. Yşarat däl, aýan eýle, Dünýe syryn çözläýin men. Eý Biribar, ýodalardan, Öz ýolumy gözläýin men. | |
|
√ "Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022 |
√ «Ты тайна тайн моих...» / Goşgular - 25.01.2022 |
√ Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022 |
√ Клянусь / Goşgular - 11.01.2022 |
√ Любовь - одна / Goşgular - 15.01.2022 |
√ "Men Seniñ gyzyñ.. " / Goşgular - 27.01.2022 |
√ Men ýazyp ýeterin seniň ýanyňa... / Goşgular - 02.02.2022 |
√ Ökünç / Goşgular - 06.01.2022 |
√ Снег идет / Goşgular - 02.02.2022 |
√ Arzuw / Goşgular - 15.01.2022 |
Всего комментариев: 1 | ||
| ||