20:29
Yrymçyldyň...
YRYMÇYLDYŇ...

...Ýok, ýok! Men-ä ynanamok.
Ýöne sen
yrymçyldyň (görseň, edil ejem-dä!).
Gorky bilen tisginerdiň käte bir
Öňümizden gara pişik geçende.

Ýyldyzly asmana seredip siňe,
Balkyldadyp jeren bakyş dideleň:
“Erte howa gowy bolar,
ýyldyzlar
patrak ýaly seçilende gijeler”
— diýip, ýorumyňdan göwnüň hoş bordy.
Çagaňkydy ýüregiňem, päliňem.
Ýöne seniň bilen galmaklyk üçin
Men yryma ynanmajak däldimem...

Birden dünýämizde boşluk döredi
Ýyldyzy patrak deý seçilen gije,
Ykbalmyzyň çatrygyndan gap-gara
pişik geçen
hemem hijran derdinden
Ýüz-müň ýola ýanyp-öçülen gije.

Hany, ilki arzuwlaryň başgady,
Dilegleriň gowulykdy ahyry!
Yrymçylym, ýüregiňe dönenim,
Şol gün jäjem döwülipdi ahyry!..

Sapa HOMMADOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 73 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021
Lukmanlar / Goşgular - 24.01.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Indi giç / Goşgular - 15.03.2021
Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021
Ýygra söýgi / Goşgular - 31.01.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
Talyp haky alynýan gün / Goşgular - 01.03.2021



Всего комментариев: 5
0
5 Mähriban   [Материал]
Berekella, Sapa!

0
4 mango   [Материал]
Joralar.
“Yrymçylym, ýüregiňe dönenim, / Şol gün jäjem döwülipdi ahyry!.. “ diýende jäj (gap-gaç) döwülse toý bolar diýen yrymy ýatlaýar.
Hawa, toý bolar, ýöne kimiň toýy?

0
2 Gozellik_   [Материал]
Sapa Hommadyñ gosgularny okanda hyyalynda owadan keşpler, owadan zatlar janlanya. Galamyň batly bolsun!

0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Sapa awtor, şu stildäki goşgularyñyzy gaty küýsetdiñiz. Ejem-dä - geçende del kapyýa bolupdyr. Goşgy super.
Yrymlara ynanýanlar baram känem. Menem ynanýan ýöne umumy yrymlar däl-de öz yrymlarym bar: Meselem, şol geçip barýan maşyn saga sowulsa şu gün işim şowuna ,çepe sowulsa bişowluk :) Ýeke tankyt: Bir tarapdan-a şol gün gara pişik geçipdi diýipdiñiz başga tarapdan şol gün jäç döwüldi diýipsiñiz. Biri gowa biri erbede yşarat. Ikisi bir günde bolup,erbet yrym ýeñen ýaly aýdypsyñyz. Ýa hersi başga gün diýjek bolduñyzmy? Onda has anygrak aýtsañyz Süpermämmet bolardy :)

0
3 Gozellik_   [Материал]
Supermammet diysene :-D

"Jäç döwuldä" men-ä òz yanymdan yrymlara ynanmañ diyayjek boldymyka diydim.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]