21:25
Yrym / ýumoreska
YRYM

Betbagt gara pişik hakyndaky meşhur aýdymy bilmeýän barmyka? Golaýda şol aýdymy ýatlamak maña-da miýesser etdi.
Öz işleýän mähriban fabrigimiñ derwezesinden çykyp, maşyny saga buranymam şoldy welin, ine, saña! Niredendir bir ýerden nälet siñen gara pişik zompa çykdy-da, köçeden ýolumy kesip geçdi. Dogry, aralyk eslije bar. Herhal ýüregim etmedi. Maşynymy togtadanymy özümem duýmandyryn. Yryma ynansañ kyn-da!
Kimdir biri özümden öñürti geçäýer öýdüp, ýedi ýoluñ üstünde eslije gazarylyp durdum. Teý geçýän ýok. Gaharyma hyrçynymy dişläp otyrkam ýanyma milisioner geläýmezmi?! Ol menden sorady:
- Ýoldaş sürüji, näme, maşynyñyz näsazlyk tapaýdymy?
- Aý, ýok-la! - diýip, men göwnüme gelenini aýdyp goýberdim.
- Be...
Miliosioner maña şübhe bilen äñetdi-de, maşynymyñ basgançagyna münüp, onuñ nowasyna göz aýlady.
Haý, içine jöwen düşmüş! Nowadays on-on bäş sany tagta ýatyrdy ahyry. Ýap-ýañyja fabrigimizden çilipdim. Goñşym daça salynýardy-da, şoña alyp barşymdy...
- Hany, dokumentleññizi görkeziñ! - diýip, milisioner resmi ýagdaýa geçdi.
...Ine, şundan soñ yryma ynanmanam bir gör-dä!

Mihas SLIWA,
Belorussiýa SSR-i.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý.





Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 78 | Добавил: Haweran | Теги: Mihas Sliwa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]