18:46
“Yralamaň yraň atan ykbalym...”

"YRALAMAÑ YRAÑ ATAN YKBALYM..."

Yralamaň yraň atan ykbalym,
Syna salyp sary gaçan sabrymy.
Ýalňyşmajak bolup, ýanmajak bolup,
Amal edenlerim, aýdyň, dogrumy?

Özümi ömrüme tabyn eýledim,
Eýeledim “ynsan” diýen adyny.
Eý, ykbal, bu ýolda meni neýlediň?!
Tanamadym adam bilen adamy.

Bilgeşleýin kän degildi göwnüme,
Dowla düşen duýgulamdan däneýin.
Daşym almaň, goýuň meni günüme,
Bolsun meniň özbaşyma täleýim.

Bilbil ÇARYÝEWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 79 | Добавил: Pegas | Теги: Bilbil Çaryýewa | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 7
0
7 Garayolly1936   [Материал]
***... aytmaly) giden sabryny... bolmalydy.

0
6 Garayolly1936   [Материал]
Shygryñ gahrymany,, syna salyp sary ( bu sozdaki cekimli harplary oran gysga aytmaly) giden saryny", omrunde pushmana beriler yaly yalñyshlyk goybermejek ymtylyshynyñ ahmiyetini toweregindakilerden bilmage calyshyar. Tagallalarynyñ gymmatynyñ agramyny, durs-nadursligini bilesi gelyar.

0
5 Garayolly1936   [Материал]
,, Yralamañ yrañ atan ykbalym".
Bu setirleriñ astynda ynsan kalbyndaky nazik koñluñ synma, ya-da syndyrylma alamatlary yatyr.,, Men adamzat ahliniñ bir bolegi, mende-de ynsan gownuniñ arzuw-niyet bilen mowc uryan dashgyn-dabarasy bar. Edil meniñ hic kime biparh garamayshym yaly, sizem maña
kembaha syn etmañ"diyip, shygryñ liriki gahrymany lapykeclik bilen icki pikirlerini mazmunyñ aymancasyna ýaýyp goyberyar.

0
4 Garayolly1936   [Материал]
Bilbil Charyyewanyñ bu goshgysy tolgundyryjy eser bolupdyr.

0
3 permanh2206   [Материал]
Juda gowy ýazpdr. Sagboluñ ýetireniñize

0
Hawa, şu gyzam govy yazyar. Bir doredijilik duşuşygynda diñläpdim . Menä halapdym şo goşgulary

0
1 Mähriban   [Материал]
Sag bol, Sapa, Bilbiliň goşgusyny goýanyň üçin. Nesip bolsa başgalarynam goýmaly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]