00:03
“Ýollar meni alyp gider...”
"ÝOLLAR MENI ALYP GIDER..."

Ýollar meni alyp gider,
Dözer gider ýyllar maňa.
Ýürek ýanar ot içinde,
Üşeýänler ýylnar maňa.

Daga-daşa siňer ahym,
Hasratymy diňlär asman.
Syrlarymy alan baglar
Meni ryswa etmez asla...

Armanymy bagra basan
Otagyma gysylaryn.
Joşa gelen ýaz ýagşy deý
Ahyr bir gün kesilerin.

Giderin gelinmez ýere,
Ýatlanaryn, aglanaryn.
Ýöne welin mazarymda
Ot alaryn, daglanaryn.

Ökündirer ýaýdançlarym,
Ahmyra ýugrar tesmelem.
Direlmek islärin gaýta,
Bolmasa-da ol islegim...

Sapa HOMMADOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 89 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.8/4
Goşgular bölümiň başga makalalary

Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021
Bagtyñ nyşany / Goşgular - 16.03.2021
Я учусь у Ленина / Goşgular - 16.04.2021
Gojalyk / Goşgular - 03.04.2021
Bilesim gelýär / Goşgular - 23.02.2021
Atsyz goşgy / Goşgular - 30.03.2021
Неоконченное стихотворение / Goşgular - 15.04.2021
Çopan goşunda / Goşgular - 12.02.2021
Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021
Aşygyñ ahmyry / Goşgular - 30.03.2021
Всего комментариев: 1
0
1 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Tanyş duýgylar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]