12:50
Ýoldaşlar we...
ÝOLDAŞLAR WE...

- Ýoldaş Atabaýew,
- Ýoldaş Stalin.
- Ýoldaş Batyrow.
- Ýoldaş Babaýew,
- Ýoldaş general,
- Ýoldaş mugallym.
- Ýoldaş sadalar...
Bar ekeni aramyzda
Ýoldaş haramzadalar:
- Ýoldaş Ýelsin, Ýakowlew,
- Ýoldaş Gorbaçýow...
Ine, şondan bärem
"Ýoldaş!“ sözüniň
Ýokdur agramy.
Ýoldaş diýseň,
Seňrigini ýygyrýarlar.
Hem-de ajy ýylgyrýarlar.
Ýöne weli sosializm döwründe
Ýoldaşdyk, ýoldaşlardyk.
Ildeşdik, ildeşlerdik.
Indi bolsa köpimizi bilmersiň tanap.
Öňki ýoldaş indi bolupdyr jenap.
Köpimiz bolsa gara gul, gedaý,
Aýtsana, sen bizi nädadyň, Hudaý!..

06.05.2016.





Категория: Goşgular | Просмотров: 103 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 3.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kaýyllyk / Goşgular - 30.01.2021
"Ykbalym baglydyr..." / Goşgular - 16.03.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Şu sözi hiçwagt ýatdan çykarmaň! / Goşgular - 13.01.2021
Ogluma / Goşgular - 15.03.2021
Gojalyk / Goşgular - 03.04.2021
Perzent / Goşgular - 20.03.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021



Всего комментариев: 5
0
4 Tumarly   [Материал]
Allaýar Çüriýewiñem soñky goşgulary gowy. Yetirip duruñ.

0
2 Hyýalkeş   [Материал]
Kimdir biriniñ döwri geçensoñ geplemek gorkaklyk (meñ pikirimçe). Atajan Tagan "Kyrk ýylda ýazylan kitabyny" 2006-da ýazyp gutarýar. Ýaýradylan senesem ondan soñ. Içinde öñki ýolbaşçy hakyndaky aýdylan zatlary okap agzyñy açýañ. Şol aýatda diri wagty geplemänsiñ, indem dymyp gezibermeli ekeniñ-dä diýesiñ gelýär.

0
3 Tumarly   [Материал]
Sanawyñ diñe at-familiýalary üýtgeýär. Galan zat üytgänog-a.

1
5 Revo   [Материал]
@Mahym hanym "Ýamandan boýnuňy satyn al" ýada "Köprüden geçýänçäň, doňza daýy diý" diýip, ata - babalarymyzyň döredip giden gowy nakyllary bar. Tankydy, kitüwli ýada şerebeli sözleri dogry we dürs kabul edip bilmeýän adamlara, hasam adatdan daşary güýç - kuwwata eýe bolan adaty adamlara aýtmaklygyň özi, öz janyňy meýletin howp astyna salmaklyk, diýmekligi aňlatmaýarmy?! Taryh bize şu tema degişli wakalaryň näçesini geljekki nesile sapak bolsun diýip goýup gitdi. Batyrlyk, öz janyňy meýletin howp astyna salmaklyk, gorkaklyk bolsa, gören erbetlikleriňe bir gezek göz ýummanyň üçin, ömürlik kör bolup gezmeklik, diýmekligi aňlatmaýar. Isleseň, islemeseňem, hakykat iru-giç ýüze çykýar.

0
1 mango   [Материал]
Köpimiz bolsa gara gul, gedaý,
Aýtsana, sen bizi nädadyň, Hudaý!..

Gönenýän bilen kösenýäniň aras-a gowja açyldy. Ol-a çyn.
Ýöne, bu zatlary Hudaýdan görmelimi?
“ýoldaş haramzadalaryň” spisogynyň indi kän peýdasam ýok.
Olaryň döwri ötdi….

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]