09:16
Ýol
ÝOL

Ýürek gürsüldisi, ýoluñ höwesi,
Dünýäniñ bar ýolun gezesim gelýär.
Gijelerde ýalñyz galan gözümi,
Gündizlere çatyp ezesim gelýär.

Göýä müñ ýyl, belki, ondanam garry,
Läbik deü ýabanda gizlenip galan.
Alas-gopas bolup bagtsyz ýyllar,
Ýetmän deñizlerden saýlanyp galan.

Toz bilen doldurdy ýüzüm herze ýel,
Oýnumy oýnatman erkim aldyrdy.
Sygyryp söýgini kösäýin diýsem,
Uçuklan söýgüden el çek diýdiler.

Jeññeliñ düýbünde ýeke çynar men,
Güneşiñ batyşyn-dogşun göremok.
Ýagyş iññildisi gulagma ilse,
Mähirli damjasy ýüzüm öpenok.

Sadalykdan irdi çylşyrym göwnüm,
Aý ýalkymyn paýlap berimli boldy.
Ynsanlygyñ saýla, eger başarsañ,
Gyrmyldap kä ylga bu uzak ýolda.

Jadyly ellerim topraga siñer,
Çydamly baldak deý gögere, şindi.
Ak guş ýaly uçar, çümer asmana,
How enäñ balasy gam bolma, indi.

Akbibi BESIM.





Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: Haweran | Теги: Akbibi Besim | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Agam / Goşgular - 14.01.2022
Seniň üstüňde / Goşgular - 12.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]