15:22
Ýol
ÝOL

Äkitdiler bagtly ömür sürmäge,
Diýdiler: - Il-ýurt
Siz deñli-deñli.
Haýdadyk biz ynsan günün görmäge,
Ýol welin, çakyñdan gowgaly-jeñli.

Gan-derimi dökdüm ynanyp-uýup,
Ne özüm baý boldum,
Ne menden alan.
Şonda-da jenneti gulagma guýup,
Men diýen serdarlar sözledi ýalan.

Asla menzil aşyrmaýan bu ýoly,
Nätjegimi bilmän ulaşýan derde.
Men ilişip galýam bir übtük ýaly,
Duran gedaýlara
Geçelgelerde.

* * *

Söz aýtmankañ turýan añyp-gyssanyp,
Ogluñ bolsa -
Bagt guşy depäñde.
Gyz gerekdir
teşnelikden suslanyp,
Mähre suwsan dodaklaryñ kepände.

Aýal gerek
öz derdinden sowrulyp,
Señ azaryñ emläp,
Akyl-huşuñdan -
Iki goly telim ele öwrülip,
Habar alyp bilýän dumly-duşundan.

* * *

Adam ogly senem öwren agaçdan,
Ýere sanjyp suw berdigiñ köküne!
Geregini tapyp şertden-alaçdan,
Boýun-inin alar otyr erkine.

Agaçlaryñ ösmegi öz-özünden,
Daglarda köküne döredip esas.
Sypmaly däl
Paýhasyndan, gözünden,
Ýagşy günler üçin edýärkäñ yhlas.

Kakabaý YLÝASOW.

"Garagum" žurnaly, 1992 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Haweran | Теги: Kakabaý Ylýasow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler / Goşgular - 15.03.2021
Bahara hat / Goşgular - 20.02.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 22.02.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021
Tymsal / Goşgular - 14.01.2021
Aşyklar deresi / Goşgular - 08.02.2021
Unutma / Goşgular - 30.05.2021
Dünýä / Goşgular - 24.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]