19:13
"Ýok, bulgury uzatma..."
"ÝOK, BULGURY UZATMA..."

Ýok, bulgury uzatma,
Hödülänler kän bolan.
Aýt, niräme içeýin?
Yşkdan başym säm bolan.

Kisäm oňa dözmeýär,
Hem götermez bedenim.
Köpelmezmi gybatlar,
Bilmän ýörsem edenim?

Buz üstünde galyň gar,
Gül bolar deý ýazmy nä?
"Dert unutýaň" diýýäňmi?
Unudar deý azmy nä?

Ýaşaylynmy (ine tost)
sokur gözi kör edip?..
Ýeri nätjek, aýdaý, dost,
Alawymy köredip?..

Ahmet ARAZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýün aga / Goşgular - 29.05.2021
Ýeri, sen şol gyza meñzäýmelimi?! / Goşgular - 09.02.2021
Ynjynma / Goşgular - 23.03.2021
Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021
Çilimkeş / Goşgular - 15.01.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Rubagylar / Goşgular - 06.04.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Ýazha-ýaz! / Goşgular - 05.06.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021



Всего комментариев: 3
0
3 Aksary   [Материал]
Ahmet kaka bu goşgy hakykatdanda meñ üçin gowy

Ýeri nätjek, aýdaý, dost,
ALAWYMY köredip?..

Şu ALAW barada "sygmaryn" goşgyñyzda belläp geçipdim düşünşim boyunça.

0
2 sabyrly   [Материал]
Aýt, niräme içeýin?

Aýt, näm üçin içeýin- diýseň, bolmazmy?

"Niräme içeýin" diýseň-ä, içip-içip aşgazanda ýer galmadyk ýaly, ýöne, sen eýýäm yşkdan serhoşlygyňy aýdýaň-a. Şonsuzam serhoş men, näme üçin içeýin diýseň?

3-nji bendiň başga bir goşgydan gelen ýaly, ýa eýýäm serhoşlykda ýazylyp başladymy bu bent?:)

Üstünlik!

0
1 Ahmet   [Материал]
Teswir ýokmyka?!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]