01:51
Ynamymy ödemediň, bilmediň
YNAMYMY ÖDEMEDIÑ, BILMEDIÑ

Kän garaşdym ýollaryňa gelerňe,
Kän göreşdim bu söýgimi bilerňe,
Kän daraşdym "meni" söýýän diýerňe,
Ynamymy, ödemediň, bilmediň.

Söýgim bilen çykdyň meniň kastyma,
Ykbalymy taşlap aýak astyna,
Şek ýetirdiň, peder halal aslyňa,
Ynamymy, ödemediň, bilmediň.

Ýüzüň öwrüp munda, etme bahana,
Bagt barmy päk söýgini satana?!
Nebsiň öňe, gidip düşdüň gapana,
Ynamymy, ödemediň, bilmediň.

Neçün söýenleri söýmeýar ynsan,
Goýup päk söýgüniň ýüzüne nogsan,
Ynsan ogly bagtsyz galjakmy ýogsam,
Ynamymy, ödemediň, bilmediň.

Gurbanmämmet MEREDOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Habar / Goşgular - 16.02.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021
Tymsal / Goşgular - 14.01.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Ýodalar / Goşgular - 22.05.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
Umman kartinasy / Goşgular - 16.02.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
Watan hakda aýdymym / Goşgular - 07.02.2021



Всего комментариев: 6
0
6 mango   [Материал]
Kän garaşdym ýollaryňa gelerňe,
--
ýoluňa garaşdym - bu nähili bolýar?
gelerine garaşyp bolar welin, ýoluna nähili garaşjak.
geljek ýoluny bilýän bolsaň, onda ýoluna çykyp garaşyp bolar... emma ýoluna garaşyp bolmaz.
--
Ynamymy, ödemediň, bilmediň.

ödemezlik we bilmezlik ynamyňa degişli öýdýän.
1) "Ynamymy ödemediň" - gorgy sözlem.
2) "Ynamymy bilmediň" - meseleli sözlem. "..bilmediň" nädip bilmedi? gorap bilmedimi? duýup bilmedimi? görüp bilmedimi?
3) "Ynamymy, ödemediň, bilmediň" - hany täzedenem okap, pikir edip gör.

onsoňam, şu iňirdili goşgulary gowy görýäňizmi?
söýdüm-söýmediň....
pikirlendiriji, oýaryjy goşgulara geçiňsene....

0
5 Hyýalkeş   [Материал]
@Zehin,boşaşany neneñ görýäñiz?

0
4 Zehin   [Материал]
Hyyalkes nahili gornusde yazmagy maslahat beryaniz?

0
3 Hyýalkeş   [Материал]
Baýgeldi, super :)
Gurbanmämmet awtor,murapbagdan başga formalarda özüñizi synap soñ murapbaga geçseñiz näder? Has çuñrak pikirleri gozgamagy öwrener ýaly. Murapbag barada öñem uzyn bir leksiýa okapdym şu taýda. Goşgy erbet däl.
Üstünlik!

0
2 Aksary   [Материал]
Degişýändirin-how

Salam Gurbanmammet
Bu men baygeldi
Synla asmany, seýle aý geldi
Gök diýip garaşdym, gara caý geldi
Içki ideýamy bir hudaý bildi
Eýäme aýany men gizlejekdäl
Mertsirän bolmaryn ejizlejek däl
Goşgyñyzy okap diýdim özüme
Edil mendä şu pilleki baygeldi
Bu goşgyña tap toprak däl laý geldi
Öýkelemek bolmaz galamdas dostdan
Kim ýylnyp bilipdir ýanmadyk otda.

0
1 Aksary   [Материал]
Kän göreşdim bu söýd(G)imi bilerňe,
Kän daraşdym "meni" söýÝän diýerňe,

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]