01:48
Ynam Daragtym
YNAM DARAGTYM

Ýadymda ynamyñ nahalyn berip:
"-Şuny ek-de, ideg eýle, geregim!
düýbüni tut yhlas topragyn gazyp,
saýasyna saýalara gelerin!
Suwar hormat çeşmäñ suwun getirip,
ygrar güneşinden gandyr" diýeniñ.

Oturtdym nahaly köñül köşgümiñ,
Iñ arzyly, iñ gõrnükli ýerinde.
Tomsuñ jowzasynda kõýmesin diýip,
Saýa çekdim mãhir guşunyñ
perinden.
Solmaz ýaly güýzüñ gussasyn görüp
Gala gurdum haýañ tylla-zerinden.

Gyş gelende aldajy garagynda,
Gahar, gazap, kine buzun doñduryp.
Silterlände garagyş hazanynda,
Gitmez ýaly nahal roýun solduryp -
Çoýdum, hüwdüledim umyt sazynda -
Mãhir pejin yşk odundan dolduryp.

Bahar geldi, güller açdy nahalyñ,
Boý ýetirdi kem etmãmsoñ idegin.
Şowsuzlyga duçar bolan mahalym.
Seda etdi: "borun arka diregiñ."
Wada berdi bagtyñ baky baharyn,
Gussa batsam bolup ýalñyz hemdemim.

Ykbal sürünende peýkamyn gurup,
Sõýendim aljyrap, surnugan wagtym.
Garaşýaryn, ýalñyz YNAMA uýup,
Gõrmek umydynda miwelän wagtyn.
Penalar ol beren ähtinde durup,
Peşgeş eder baky baharly bagtyn.

Şeýdip kõñül çarbagymda kök urup
Şol nahalyñ bolar Ynam Daragtym!





Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
Zenan ýüregi / Goşgular - 06.03.2021
Watan / Goşgular - 25.03.2021
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021
Perzent / Goşgular - 20.03.2021
"Nohur" diýmek, "dostum" diýmek mongolça..." / Goşgular - 03.02.2021
Arzanladyş / Goşgular - 11.04.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]