00:58
Ynam berseň
YNAM BERSEŇ

Bir-biregi tanamzogam üýtgeşik
Ýakyndanam görmändik ýol öterlik
Emma seni görmek asla gerek däl,
Kalbyň gördüm, maňa şolam ýeterlik

Ýaşymyzyň tapawudam möhüm däl,
Mydam gabat gelse içki dünýämiz
(Öte geçip aýtýandyryn öýdemok,
Başdan meňzeş döredilen dünýä biz)

Söýen ýürek rahat urup bilermi,
sen uzakda gözleriňi ýaşlasaň?!
Bilgin, mende geljek sary umyt bar,
Ejizligi ýola çykman taşlasaň

Süýji sözler, süýji arzuw edeli
Ajy sözler kalba neneň çümmejek?!
Men saňa dagdan beýik bagt bermekçi,
Senem ynam berseň birje çümmüjek!

Ylham GURBANALYÝEW





Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: Alchemist23 | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Aýralyk / Goşgular - 02.02.2022
Ve “Ut Pictura Poesis” Adıdır Onun / Goşgular - 03.02.2022
Дачный роман / Goşgular - 11.01.2022
Täze ýyl / Goşgular - 04.01.2022
Güýmenje / Goşgular - 26.01.2022
Ugurtapyjy towşan / Goşgular - 04.01.2022
Dünýäm / Goşgular - 23.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Все повторяется / Goşgular - 19.02.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Aksary   [Материал]
Ömrüme bir çümmüjek goşulan ýaly boldum.

0
2 Aksary   [Материал]
Şu awtor sözüni diñledip bilýänlerimiñ hataryna goşuldy.ömrüñ bolsun Ylham kaka.

0
1 Edebiyatcy   [Материал]
Bir çümmüjek ynamyň seni terk etmesin!
Galamyňa bereket

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]