06:04
Ylhama ýüzlenme
YLHAMA ÝÜZLENME

Saklan biraz, gitme,
ýitme gözümden,
Sözlemäge maý ber, dymmaryn uzak.
Ýüregim iripdir ýygra göreşden,
Gurupsyñ ne beýle owadan duzak.

Yşk ýoluny söken bu aşyk göwün,
Indi seniñ duralgañda düşledi.
Kalbym ýakyp barýar düşnüksiz howur,
Emma meniñ ham-hyýallam bişmedi.

Diñle,
ümsümligiñ pessaý aýdymy,
Bethoweniñ owazyna sepleşýär.
Demiñden demigip, gurşup dur beýnim,
Göwün sözüm özi bilen gepleşýär.

Bakyşlaryñ - uçut,
aýlanýar başym,
Aýlanýar damarda söýginiñ meýi.
Aýamy aýañda mähirli gysyp,
Alyp gitgin belentlere sen meni!

Aýjemal PIRMEDOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 34 | Добавил: Haweran | Теги: Aýjemal Pirmedowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Tebil / goşgular / Goşgular - 09.02.2021
Garaşmak / Goşgular - 13.03.2021
"Nohur" diýmek, "dostum" diýmek mongolça..." / Goşgular - 03.02.2021
Ganga / Goşgular - 11.01.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 30.01.2021
Gamgyn goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]