06:32
Ylalaşyk. Bitaraplygyñ hukuk esaslary hakynda
YLALAŞYK. BITARAPLYGYÑ HUKUK ESASLARY HAKYNDA

Gahryman Arkadagymyzyň adyl syýasatynyň ýer ýüzünde ykrar edilýändigi biziň her birimizde buýsanç duýgularyny oýarýar we şol bir wagtda bu syýasata wepaly bolmaklyga borçly edýär. Şu nukdaýnazardan, Bitaraplyk syýasatynyň asyl özenine düşünmek islegi her bir ýaş nesliň başdan geçirýän ahwalymyka diýýäris. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň iri halkara guramalary bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar. Türkmenistan türkmen Lideriniň başda durmagynda sebit ähmiýetli, şeýle hem dünýä ähmiýetli meseleleri çözmekligiň usullaryny salgy berýär. Şol usullaryň ählisi parahatçylygy goramaklygyň we özara düşünişmegiň hukuk esaslary netijesinde düzülendir. Bitaraplyk syýasaty şeýle hukuknamalaryň tutuş bir ulgamyny emele getirýär. Bitaraplyk syýasatynyň netijesinde ylalaşyk gazanyp bilmek sungaty ýatyr. Munuň şeýledigine Hormatly Prezidentimiziň:
“ – Garaşsyzlygyny alan ýaş döwlet üçin öz howpsuzlygyny ýeterlik derejede gorap saklamak örän möhüm meseledi. Bu maksada kepillendirilen derejede ýetmek üçin dünýäniň güýçli döwletleri bilen harby bileleşik barada YLALAŞYK baglaşmalydy ýa-da şeýle görnüşli bileleşiklere netijeli alternatiwa tapmalydy” – diýen sözlerini okan wagtyňda has aýdyň göz ýetirýärsiň. Bellemeli ýeri, ylalaşyk düşünjesi halkara hukuk ulgamynda iň ynsanperwer ýörelgeler esasynda düzülip, ol BMG- niň köpsanly hukuknamalarynda kepillendirilendir. Bu hukuknamalar öz gözbaşyny örän gadymdan alyp gaýdýar we ata – babalaryň, bizden öňki nesilleriň geçen ýolunyň parahatsöýüjilikli taraplaryny açyp görkezýär. Islendik kanun ulgamynda bolşy ýaly, ylalaşyk ýörelgeleriniň düzümi baýlaşmaga döwtalapdyr. Ol dünýäniň iň ynsanperwer meýillerini aýan edýän maksatlary eşitmäge, çözgütleri diňlemäge, birek – biregi goldamaga çagyrýar. Hut şu nukdaýnazardan, Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary täzeçilligi, döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz türkmen Bitaraplygy diýen syýasy kesgitlemäniň emele gelmeginde wajyp orny eýeledi, uly tagallalary amala aşyrdy. Bitaraplygyň ylalaşyk gazanmak netijesinde ýöredilmelidigini tekrarlap, dünýä halklarynda Bitaraplygyň tebigatyna bolan söýgini oýardy. Ylalaşyk –wajyp hukuk instituty bolmak bilen, halkara hukuk ulgamynda parahatçylygyň esasy çeşmesi hökmünde çykyş edýär. Şol sebäpden ylalaşyklar diňe parahatçylykly meýiller esasynda düzülmelidir. Halkara hukugynyň Ylalaşyk baradaky Kanunyna görä, eger-de ylalaşygyň düzüminde azajygam bolsa başga bir tarapa gönükdirilen agressiýa bar bolsa, onda ol hukuk taýdan güýjüni ýitiren hasap edilýär. Halkara ylalaşygyň strukturasy (gurluşy) esasan, üç bölümden: preambuladan (munda umumy maksatlar beýan edilýär, gatnaşýan döwletleriň, taraplaryň ady görkezilýär...) 2-nji - esasy bölümden (bu bölümde ylalaşygyň mazmuny beýan edilýär) 3 –nji - netijeden ( bu bölümde ylalaşygyň haçan güýje girýändigi, haçana çenli güýjünde durjakdygy we ş.m maglumatlar görkezilýär) ybaratdyr. Ylalaşygy nädip, haçan, haýsy ýagdaýda guramalydygyny şol döwletiň Konstitusiýasy kesgitleýär we ol saýlan döwlet edarasyna ylalaşyk gazanmak hukugyny berýär. Umuman, her bir döwletiň öz Ylalaşyk gazanmak ýörelgeleri bolýar. Bu ýörelegeler her bir halkyň akyl ýetirişinden, aň – bilim ösüşinden aýry zat däldir. Türkmenistanyň şu babatda oňyn netijeli işleri amala aşyrýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu geljekde-de Milli Liderimiziň başda durmagynda adamzat bähbitli wajyp işleri parahatçylykly ýol bilen çözmekde Türkmenistanyň täze usullary, pikirleri oýlap tapjakdygyna bolan ynamy artdyrýar.

Bägül ATAÝEWA,
Murgap etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň mugallymy, TKA-nyň işjeň agzasy.





Категория: Publisistika | Просмотров: 67 | Добавил: Haweran | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]