15:26
Ylahy zehin
YLAHY ZEHIN

Ynsany öz ukyby, başarnygy bilen il içinde tanadýan, uly abraýa eýe edýän, hormat-sylagyny artdyrýan pursatlar bolýar. Annadurdy Eýeberenowy-da gazma dutara ezberlik bilen erk edip, toý-tomaşalarda çalýan şirin sazlary, ýerine ýetiýän halk aýdymlary adykmagyna getirdi. Hat-da, onuň öz sözlerine döreden «Ýar meniňki, ýar meniňki» diýen aýdyşyk häsiýetli degişme aýdymy folklor çykyşlarynyň bezegine öwrülip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy. «Barabar» goşgusyna Abdyleziz Ymamowyň döreden aýdymy bolsa türkmen telewideniýesiniň ýaýlymlarynda häli-şindi ýaňlanýar.
«Bagşyň orny törde bor» diýlişi ýaly, onuň at-abraýy artmak bilen boldy. Il sylagyny göterinmek bilen suhangöýlükde tanalyp, toýlaryň alyp baryjysy hökmünde goşgulary çeper okamak bilen diňleýjilerine özüni aldyrdy.
Teşne kalplara siňňitli ornaýan şygyrlaryň aglabasynyň bolsa Magtymguly Pyragynyňky bolanlygy üçin olary diňläp doýup bolmaýar. Magtymgulynyň her setiri nakyla barabar dana şygyrlary, döredijilik ussatlygy bilen içgin gyzyklanmasy onuň ykbalynda özboluşly ýola öwrüldi. Döwürleýin neşirlerde çykýan goşgularyndan başga-da, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky syrly setirlerine anyk çözgüt berýän jogaplary-da peýda bolup ugrady. Edebiýat muşdaklarynyň ünsüni özüne çekýän bu ylmy garaýyşlar Annadurdy Eýeberenowyň giň sowatlylygyny subut etdi.
Ol hormatly dynç alyşa çykmazynyň öň ýanlarynda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmekdäki ylmy maklalary bilen okyjylaryň arasynda özüni ykrar etdirip, akyldar şahyryň sowally goşgularynyň syryny açmaga ymykly girişdi.
«Zer gadyryny zergär biler» diýlişi ýaly, Annadurdy aganyň Magtymgulyny öwreniş ýolundaky üstünlikleri ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekdi. Ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Magtymgulyny öwreniş sektoryna işe aldylar. Ine, şundan soň bolsa Annadurdy aga bu ugurda höwesli we netijeli işlemäge şert döredi. Ol bu babatda ylmy makalalarynyň, çözgütli goşgularynyň ençemesini talapkär okyjylaryna hödürledi.
Annadurdy aga «Gitmezmiş» goşgusynda:
Pyragy hazyna — tükenmez ylym,
Sarp etsem ýoluna gazanan pulum.
Annadurdy, eger tebrense dilim,
Wasp etjegim Magtymguly ussatdyr —
diýşi ýaly, baş goşan ugruna ygrarlydygyny subut etdi.
Halkyň arasynda molla-şahyr tahallusy bilen tanalan Annadurdy Eýeberenowyň panydan bakyýa göç edenine on bäş ýyla basalykly wagtyň geçendigine seretmezden, Magtymgulynyň çuň mazmunly, dürli temadaky şygyrlaryna, Şabende, Şeýdaýy, Zelili, Seýdi, Zynhary, Aşyky ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň syrly setirlerine beren düşündirişleri we özüniň watançylyk, agzybirlik, halallyk hakyndaky goşgulary şu günlerem magtymgulyşynaslaryň we giň okyjylar köpçüliginiň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolmagyny dowam edýär.
Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegine uly taýýarlyk görülýän häzirki günlerde edebiýatymyzyň Hak Howandary, Gahryman Arkadagymyzyň «Biz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýende Annadurdy şahyr hem bagtyýar göz öňüňe gelýär. Onuň poeziýa ummanynyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň altyndan-da arzyly, gymmaty egsilmejek manyly setirlerini aýan etmekdäki hyzmatynyň hormaty barha artýar.
Bizem Magtymgulyny öwrenmekde tebigy zehini bilen özboluşly yz galdyran molla-şahyryň edebi düşünjesiniň we dünýägaraýşynyň giňliginde özüni ykrar etdirip, özi aýatdaka neşir edilen «Magtymguly, syrym çohdur» (1998), «Magtymguly, sözüm bilene sözdür» (2002) atly ýygyndylaryndan soň, okyjylaryna miras galdyran ylmy çözgütlerinden hödürlemegi makul bildik.

Magtymguly:
Gitme, gitme, senden habar soraýyn,
Ol nedir kim, öwjden-öwje gidipdir?
Niçesi pygamber, niçesi jemşit,
Niçe seýit, niçe hoja gidipdir?

Çözgüdi:
Huw-hak diýip, okap sopulyk ylmyn,
Takwa pirler öwjden-öwje gidipdir.
Ýigrimi bäş pygamber, ýedisi jemşit,
Üç ýüz altmyş seýit, hoja gidipdir.

Magtymguly:
Hak özi ýaratdy bir ýetim gyzy,
Gije tagatyda, gündiz namazy.
Her dem, her dem edip syrry-nyýazy,
Habar bergil haýsy gije gidipdir?

Çözgüdi:
Dogulmanka Haka nezir aýdylyp,
Zikriýa idetdi bäbekkä alyp.
Merýem Beýtullaha hediýe bolup,
Enesinden dogan gije gidipdir.

Magtymguly:
Ol kimsedir baryp dünýäni çapdy,
Ol kimsedir — yslam dinini tapdy.
Ybraýym haýsy ýyl Mekge döretdi,
Daglardan haýsy dag haja gidipdir?

Çözgüdi:
Isgender Zülkarneý dünýäni çapdy,
Resululla yslam dinini tapdy.
Şam şähriniň dagy ýerinden gopdy,
Hakyň emri birle haja gidipdir.

Magtymguly:
Magtymguly Haka gul, Resulga ymmat,
Mümüne şükür edip, Ýezide lagnat.
Pygamber serweri Resul Muhammet,
Muhammet Magraja haçangidipdir?

Çözgüdi:
Hak nazary düşen är Magtymguly,
Resulga ymmatdyr, Taňrynyň guly.
Ýigrimi ýedi — Rejep aýy, luw ýyly,
Muhammet Resul Magraja gidipdir.

Görşümiz ýaly, bu goşguda berilýän sowallara anyk jogap bermek üçin ýeterlik sowadyň bolmalydygy, has dogrusy, mukaddes Gurhanyň aýat-sürelerini, yslamyň taryhyny «Rownak-ul yslamy», «Sopy Allaýary», Bahaweddin Nagyşbendiniň, Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetlerini, «Injildir», «Töwrady» kämil özleşdirmegiň gerek bolandygyna her bir okyjy göz ýetirse gerek. Şeýlelikde, Annadurdy Eýeberenow Magtymgulynyň sowal-jogap häsiýetli goşgularynyň 30-dan gowragynyň şygyr görnüşli ylmy çözgüdini okyjylara ýetirdi.
Ýeri gelende, Annadurdy molla-şahyryň özüniň-de tapmaça häsiýetli «Çynar», «Eýwany kyrk» ýaly syrly goşgulary döredendigini, olaryň manysyny tirmegi okyjylara goýandygyny aýtmalydyrys.

EÝWANY KYRK

Aryp bolsaň, bergil habar,
Ol ne köşkdür, eýwany kyrk?
Ne şäher, kyrk derwezesi,
Girip görseň, soltany kyrk?

Her kim girse, many ýokdur,
Ýa telbe, ýa jany ýokdur.
Miwesiniň sany ýokdur,
Ol ne bagdyr, bagbany kyrk?

Ol kimse dünýäge gelen,
Iň beýik hökümdar bolan?
Öz ýurdunda ýalňyz galan,
Gaýry ýurtda dogany köp.

Suw düýbüne çümdi rowan,
Taňry kyldy kime perman?
Niçik öýde boldy myhman,
Onda ýatan gün sany kyrk.

Birew agyr hala gelse,
Dirilik gümana bolsa.
Turar, molla doga kylsa,
Ne dogadyr, sanany kyrk?

Üç gümmezde mekan tutan,
Hunaba baryny ýuwan.
Bar baýlygyn orta atan,
Ol ne öýdür, myhmany kyrk?

Ne handyr, tutluşsa ýykar,
Il-halk üçin ata çykar.
Ýanynda bardyr kyrk nöker,
Mekiri bir, nadany kyrk.

Annadurdy, kimdir gaçan,
Barmydyr bu syrny açan,
Ogly garrap ýüzden geçen,
Atasynyň ýaşany kyrk.

Annadurdy molla-şahyr Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda we etraplarynda bolup, özüniň dilewarlygy, ýüz ugra goşgy düzüp bilmek ukyby bilen türkmen toýlaryny bezedi. Onuň:
Goja köňlüm Jeýhun kimin çogsady,
Talant salam berip, başyn egsedi.
Nokat ýaljak yz galdyryp taryhda,
Öz halkyma sähel nepim degsedi —

diýip, eden arzuw-umytlary hasyl boldy. Şygyr muşdaklary şahyryň mirasyndan ýerlikli peýdalanýarlar, ony içgin öwrenýärler. Sebäbi, onuň şygyrlarynda ata Watana, onuň mukaddesligine, Gahryman Arkadagymyzyň bagyş eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne belent söýgi, buýsanç ýaňlanýar.
Sözümiziň soňunda Annadurdy Eýeberenowyň edebi mirasyndan ahlaklylyk, halallyk temasyndaky öwüt-nesihat häsiýetli goşgusyny hödürleýäris.

DUZ ÝAGŞY

Bir beýik myhmany garşy alaňda,
Hormat üçin çörek bilen duz ýagşy.
Soňra ony tirkäp öýe geleňde,
Hemme zatdan çaý berilse tiz ýagşy.

Peýda ýok, durmuşy bilmän ýörenden,
Öwren danalardan, köp zat görenden.
Misgin bolup ýüz ýyl ömür sürenden,
Bäş gün ýaşasaň-da şahandaz ýagşy.

Bir ynsanyň ýaşlyk döwri ötende,
Aňar dyzlaryndan kuwwat ýitende.
Kişä mätäç, näsag bolup ýatanda,
Kä oguldan bir mähriban gyz ýagşy.

Adam ylym bilen galar belende,
Beýik Alla işiň rowaç kylanda.
Yzy bolmaz, ygtybar ýok ýalanda,
Müň ýalandan birje dogry söz ýagşy.

Her zat diýer, dil öl ýere bitipdir,
Başa bela gelse dilden ýetipdir.
Beýik Magtymguly aýdyp ötüpdir:
«Märekede söz sözleseň az ýagşy».

Akyl artar adam kemal bolanda,
Günäni, sogaby saýlap bilende.
Gaýgy-gussa üýşüp daşyň alanda,
Bar dermandan bir ýakymly saz ýagşy.

Annadurdy, hergiz kylmaň haramy,
Hiç zat ýuwabilmez ýokan garany.
Gaçyň, bolmaň şol näkesiň ýarany,
Ondan ýene bir masgarabaz ýagşy.

Hawa, ömrüniň soňky ýyllaryny Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmäge bagyşlan Annadurdy Eýeberenowyň buýsanç bilen gaýtalaýan:
— Magtymgulyň çaýlar içen çäýnegin,
Ýuwup, süpürmäge hukuk gazansam —

diýýän setirleri onuň akyldar şahyra goýýan sarpasyndan, hormatyndan nyşandy.

© Bazar ŞALYÝEW

“Garagum” žurnaly, 2021. №10. 127-129-njy sahypalar.

Makalaň çapa çykan ýyly: oktýabr, 2021 ýyl
Makalaň WEB çeşmesi
Makalaň metbugat çeşmesi: "Garagum" žurnaly

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 67 | Добавил: Bagabat | Теги: Bazar Şalyýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 6
0
6 Nurdan   [Материал]
Jaýy jennetde bolsun!..

Ýazany, ýetireni-de Alla ýalkasyn!

0
5 Gozellik_   [Материал]
Jaýy jennetde bolsun, goşgularny (eger bar bolsa) paýlaşsanyz höwes bilen okarys.

0
1 Bagabat   [Материал]
Il içinde “Annadurdy Molla” diýlip tanalýan, Annadurdy Eýeberenowyň Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda ýaşandygyny eşidipdim. Mundan 30 ýyl ozal, mugallymym hem ilkinji halypam, 80 ýaşap pahyr bolan, şol ýaşynyňam altmyş ýyla golaýyny obamyzyň orta mekdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolan Bally aga (Türkmenistanyň halk mugallymy Bally Aýdogdyýew): “Magtymgulyşynas Annadurdy Molla” barada gaty gyzykly edip gürrüň beripdi. Şonda, öz ýanymyzdan: “Kimkä, o adam?” diýşip, haýran galyp, diňlänimiz ýadyma düşýär.
Jaýy jennet bolsun, bendäň.

0
2 Haweran   [Материал]
Minnetdar, agam. Gowy makalalary paylaşyañyz.

0
3 Bagabat   [Материал]
@Haweran, suratyny aýraýaly-la. Elbetde, köpçülikleýin habar beriş serişdesinden alnyp goýlan welin, onda-da, ýaşuly adam, nebereleri soraşman goýlanyny halaman durmasynlar.

0
4 Haweran   [Материал]
Behh. Bolya agam. Haysy amatlysy bolsa, ozuñiz gowsyny bilersiñiz.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]