23:38
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy
YKBALYMYÑ GÜN-U-MAHY

"Õrtär hijran bogun, bogun,
Galmaryn, senden, galmaryn."

/Aýdymdan/

Derdi gizläp lukmanyndan
Bilmerin, Senden dänmerin.
Yşkyñ ähdi-peýmanyndan
Dõnmerin, Senden dänmerin.

Duman mõwjäp dag başynda
Serhet tutmaz yşk daşanda,
Hijran halkasyn başyñdan
Salmaryn, Senden dänmerin.

Pelek bermese myradyñ,
Synar kõñül ymaratyñ.
Gyrsam umydyñ ganatyn,
Gülmerin, Senden dänmerin.

Men atama halal zürýat,
Sen ômrûmi kyldyñ berbat,
"Gitseñ han-ha ýol salamat" -
Diýmerin, Senden dänmerin.

Düýşlerimiñ täk hemrasy
Synyk gõwnümiñ gümrasy
Ykbalymyñ Gün-u - Mahy,
Gitseñ-de, Senden dänmerin.

SEN

Gatlanan ýyllaryñ gatlagyn köwläp
Tapynan hesretli heserimdiñ sen.
Howlukmaç günleriñ kölgesin kowlap,
Ýetemejegim ýiten säherimdiñ, sen.

Yzlap gözýetimiñ soñky nokadyn,
Didesinden syrlaryny okadan,
Irmän-arman yhlasymy bekeden,
Ömrümi gülleden baharymdyñ, sen.

Ýeñleslige nogta salyp hemleden,
Päkligini baýdak bilen deñleden.
Yşkym düşüp ykballyny gülleden,
Nurdan binýat bolan mähirimdiñ, sen.

Zemin yrsy - bulutlaryñ bagryndan
Inen dek, çeşmimden ganlar paýranda,
Suwsuz tenha goýup soñsuz ryzwanda,
Täleýme tersligne keserendiñ, sen..

Yhlasymdan guran öwzar-öýüñde,
Adym öçüp, ruhum düýnän süññünde,
Bir bigäne raks oýnaýyp dulunda,
Mensiz g:aldyrylan şäherimdiñ, sen!
 





Категория: Goşgular | Просмотров: 285 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 3.8/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Baýadowadan täze goşgular / Goşgular - 11.03.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021
Goşgy / Goşgular - 31.01.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
Uçýarmyşym diýýärin... / Goşgular - 11.03.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021
Arzuw / Goşgular - 23.03.2021



Всего комментариев: 8
0
8 Edebiyatcy   [Материал]
Awtory???

1
4 mango   [Материал]
“Sen”-de (öň) säherimdiň, (öň) baharymdyň, (öň) mähirimdiň, (öň) “ Täleýme tersligne keserendiñ” diýip dowam edip, soňky kupletiňi (häzir) “şäherimSIŇ” diýip gutarýaň.
Ýagny, geçmiş zamanyň “diň-diňi” we häzirki zamanyň “siň”-i.
Ya zamanlar bulaşybersinmi?

2
6 Nurdan   [Материал]
Düzedildi, minnetdar, dogan
Öñ göwnimden geleni "şäherimsiñ"-di-de, soñ göwnüm "şäherimdi"-ligini boýun aldy, onsoñ siziñ aydyanyñyz dogry bpldy duruberdi.

0
7 mango   [Материал]
hemme ýazýanlaryma dogrydyram öwtmäweri...
öz elegiňdenem geçireweri... :-)

2
2 mango   [Материал]
“sensiz”-iň boluweryen ýaly.

1
1 mango   [Материал]
Derdi gizläp dermanyndan
Bilmerin, Senden dänmerin.
—-
1) Derdi dermanyndan gizläp bilmerin, senden dänmerin.
2) Derdimden dermanyn gizläp bilmerin, senden dänmerin.

Haýsysy dogry?
Dert dermandan gizlenýämi ýa-da dertliden derman gizlenýämi?

2
3 Nurdan   [Материал]
Dogry belligiñiz üçin minnetdar,dogan, dogryladym, köp sag boluñ

1
5 mango   [Материал]
Lukmandan dert gizlenmez diýoňda.
Onda-ha bolýoram ol. :-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]