05:16
Ykbalyma
YKBALYMA

Ýalňyşdyrma ykbal meni, ýüklän ýüküň agmasyn,
Kä gün ejizlän wagtymda duşmanlarym aňmasyn.
Ynsap bergin Ýa biribar, halal gollar çoglasyn,
Meň arkamda ilim-günüm hem-de beýik Taňrym bar.

Dilegimdir, bolsam-bolar, adamlaryň sadasy,
Düýä inip gelip-geçmek bu dünýäniň kadasy,
Hökmanam däl uly ýollar, nesip etse ýodasy,
Sygyrsalar ýodajyga, şondan gitjek göwnüm bar.

Gora Allam, näkeslerden, beteri bar, beterden,
Bu dünýäniň gurluşuna çökder aklym ýeterden,
Döwük kürek ýüzüp barýan, sowma meni hatardan,
Çaňly aýdar, öz ugruma ýüzüp gitjek golum bar.

Çaňly DAWUTGULYÝEW
Garagum etrap bilim bölüminiň hünärmeni.





Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Bilbil | Теги: Çaňly Dawutgulyýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
Gökdepe galasy / Goşgular - 16.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Mähriban / Goşgular - 07.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
Iki ýylyñ sepgidinde / Goşgular - 04.01.2022
Новогодний тост / Goşgular - 15.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 mango   [Материал]
Döwük kürek ýüzüp barýan, sowma meni hatardan,
Çaňly aýdar, öz ugruma ýüzüp gitjek golum bar.

Gahryman ilki döwük kürek bilen, soň goly bilen ýüzýär…

0
2 mango   [Материал]
Sygyrsalar ýodajyga…
Sygdyrsalar ýodajyga…

0
1 mango   [Материал]
Düýä inip….
Dünýä inip….

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]