20:38
Ykbalym

YKBALYM

Şol günlere äkit meni, ykbalym!
Gögele arzuwlaň dogýan ýerine,
Göwnüm ýaly gülüp mawy Asmanyň,
Umydyň süýt bolup çogýan ýerine.

Şol günlere äkit meni, ykbalym!
Bagtyň bir kempuda deňdeş ýerine.
Kir-kimirsiz çaga kalbyň ahwaly,
Reňkli pagta süýjä meňzeş ýerine.

Şol günlere äkit meni, ykbalym!
Kakam tudumyzdan hiňňillik assyn,
Arkasy ullakan gutuly daýy,
Ýene obamyzda ak patrak satsyn.

Gulajygy harry jigim köçede,
Gün ýaşýança şol ýoluma garasyn.
Şol günlere äkit meni ykbalym,
Gelýär enemlere ylgap barasym.

Täze ýazan goşgym birinji bilen,
Ejemjana okap beresim gelýär.
Gelnejelem, daýy, dogan, ýegenlem...
Ýene täzeden göresim gelýär.

Şol günlere äkit meni, ykbalym!
Erikler ýene-de ak gülün seçer.
«Eje!» diýsem, «How tokarjam!» diýer-de...
Guwanyp, buýsanyp bakardy ejem!

Çeşme:
Gülşirin Hanowa. «Ykbalym» atly goşgy. «Mugallymlar gazeti» gazetiniň 2021-nji ýylyň 12-nji martynda çykan sanynyň 4-nji sahypasy

Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Gülşirin Hanowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]