13:10
Ýitmek
ÝITMEK!

Ýitmek ýok bolmak däl, ýitmek gaçmakdyr,
Ara açýan ýaly ýalňyzlygyňdan.
Öz tapan derdiňden gözleň ýaş akdy:r,
Kalbyň hümleddersiň: "Ýalňyz bu gün men!"

Barybir gussaňdan ýokdur gutulmak,
Olar saňa halys öwrenşen bolsa.
Egniňe almaly amanat ýük deý,
Hem aram tapmaly ýüregiň dolsa.

Ýitseň, gutuljak deý derdiňden ýa-da,
Yzyňa ýol bolsa, öwrülip goýber!
Tutýar ümdüzine pikirden ýadan,
Umytdan dolmaga perdesiz öýler.

Gorkak şemal ýaly çala yranman,
Käte tüweleý deý sowrup bar zady.
Duýgyňa täzeden seretmek gerek,
Hemem azaltmaly solgun perýady.

Ýitmek çykalga däl, garaňky tamdan
Az salymlyk öz-özüňe dolanmak!
Tümlükde tötänden ýakylan şem deý,
Soňam näbelliniň derdine ýanmak!

Seýran OTUZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Mahremlik | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
"Gitseňiz..." / Goşgular - 13.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Mahremlik   [Материал]
@sabyrly entege çenli meniň goýan ýazan goşgularyma sizinki ýaly baha beren ýokdy sag köp köp Sizikem goşgularyňyzy okadym gaty gowy ekenler ylhamyňyza saglyk

0
3 sabyrly   [Материал]
Gorkak şemal...
Şemal üçin täze taryp:)

0
2 Mahremlik   [Материал]
Sag boluň ýöne goşgy göçürlen saýta goýan başga biri bu zatlardan awtoryň habaram ýok ýöne teswiriňiz üçin sag boluň

0
1 Mähriban   [Материал]
Yzyňa ýol bolsa, öwrülip goýber!

Yza ýol ýok, Seýran dogan! Berekella! Üstünlikler!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]