14:12
Ýitgi
ÝITGI

Ençe kitaplarda ýitirdim ruhum,
Tapmak nirde?
Gözlejegem bolmadym.
Güneşi dogduryp sahaplarynda,
Agdarlan mahaly bökdüm-oýnadym.

Ýamanlygyň garşysyna göreşip,
Täk özüm bäs geljek tutuş leşgere.
Käte galam alyp kebşirledim, kä
girdim ýördüm gahrymanlaň keşbine.

Gynansalar syrygardy gözýaşym,
Ýylgyrdylar.
Şatlyklarda bardym men.
Kimdir biri ýykylany galdyrsa,
Şoňa tüýs ýürekden minnetdardym men.

Gazap donun geýip säwliklerinde,
Goşulardym hiňlenseler aýdyma.
Düşündim, ruhumyň orny nirede,
Soň yzyna soramadym gaýdybam.

Şeýde-şeýde mesgen tutdy kitaby,
Sözdür setirlerde hoşlady göwnün.
Geňlemäň, ejizje, gaçgak ruhuma
Kitap gatlarynda duşsaňyz bir gün.

Mahym NURGELDIÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: Aksary | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 2.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
"Ýyllar geçse, agraslansam..." / Goşgular - 12.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022
Ýetginjek / Goşgular - 15.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Perо   [Материал]
Mahym, goşgyñy men-ä haladym, uýam! Diñe kitap bilen ýaşaýan, durmuşdanam şol kitabyñ dünýäsini gözläp lapykeç bolýan gyzyñ keşbi janlandy haçanda goşgyñy okamda. Ylhamyñ gün bermän ýazdyrýan goşgulary bilen keýpine (ýa-da planlaşdyrylyp) ýazylýan goşgular aýyl-saýyl bolaýýar. Duýgulandym. Gözlegleriñden kemal tap, ýöne ýitip gidäýme :)
Üstünlikler dileýän, ýazyp dur!

0
3 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Asmanyñ ýüregin gysdyran goşgynyñ awtory, şu goşgynyñ hem şahyry diýseler, ynanmak beter kyn düşýär Mahym ýegen jan! Bagyşlawer!

0
2 Haweran   [Материал]
Gowşak.

0
1 Mahremlik   [Материал]
Gaty gowy gosgy ekeni paýlaşanyňyz üçin sag boluň kop kop

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]