19:33
Ýitdiler
ÝITDILER

Kim aglap ýör ogurladyp malyny,
Kim uwlap ýör gapjygyny ýitirip,
Öwezine bir zat bermeli Taňry
Ýetişenok ähli arzy bitirip.

O biriniň ýel goparýar üçegin,
Beýlekiň hasylyn guraklyk alýar.
Taňrynyň barlygy alynýar şübhä,
Ýa-da, baram bolsa, görmedik bolýar.

Ynsan tebigaty bor eken beýle:
Ýitirse aglaýar, begenýär tapsa.
Özgäň äňi ýazsyn, perwaýyna däl,
Dälirär, özüniň bir dişi gopsa.

Sapy altyn bormuş ýiten pyçagyň,
Eliňdekä Aý bir posly demirmiş.
Ýurdundan kowulyp, watansyz galan
Dişsiz galyp, tirsegini gemirmiş.

Şiraly NURMYRADOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 120 | Добавил: Revo | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Моцарт / Goşgular - 18.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Ýagyş we Sen / Goşgular - 21.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Gijeler / Goşgular - 15.01.2022
«Белый, белый, белый, белый...» / Goşgular - 18.01.2022
Mähriban / Goşgular - 07.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Taryhçy   [Материал]
Şundan köpräk goýsañyzlañ

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]