12:10
Ýigrimbäşlik / hekaýa
ÝIGRIMBÄŞLIK


Ýekşenbedi.
Dogrusy, ol, bir zada güýmenmese, derrew bagry gijäberýän, beýlebir galdaw kişilerden däldi.
Saý-sebäp bilen kümesine baranda, onuň içinde baslygyp ýatan köne-küşüllere jyny düşdi. Edere iş tapman melleginde aýlanjyrap ýörendenmi nämemi, duýdansyz tutaşan işeňňirligine özem haýran galyp, kümäni bejit arassalamaga girişdi.
Ilki bilen münder-münder akyr-ukurlary çykardy-da, saýhallady.
Gara şaýylyk peýdasy boljak zatlary bir ýana.
Düýbünden derkary ýok zyňyndylaram beýleki tarapa.
Kakasy pahyrdan galan köne kitaplary: “Hajathana kagyz ýasaýanlar alýa” diýip, işikden çykaran ýerine basyp ugrady. Şonda-da, megerem, çaphanadan çykaly bäri ynsan balasy tarapyndan gaty açylman könelendigi göz-görtele, “Lenin” diýilýän adamyň saýlanan eserleriniň pylanynjy jildi, patylap gujagyndan gaçdy. Ony ýerden galdyranda-da, saralan sahypalaryň arasyndan çalymtyk-gögümtil kagyzyň çetiniň jyklaýandygyna gözi kaklyşdy.
Çekdi.
“Ýigrimmäşlik!”.
Ýüregi jigläp gitdi.
Elindäki sowet döwrüniň ýigrimi bäş manatlygy, hakydasynyň üstünden galyň ýapynja syrylan ýaly etdi...
...Segsen ýedinji ýyl. On ýaşynda. Elinde keman. Aňyrsyna-bärisine göz ýetmeýän ýorunjalygyň gyrasyndaky tutluk. Iki sany özünden beter, bir çykyp gitdikleri Güni ýaşyrman öýe dolanmazak ykmanda dosty bilen gögerçin awlamagyň kül-külünde.
Entäp ýörüşlerine äpet balary çeleklerini, bulara ýaşytdaşrak ogly bilen iki bolup tirkege ýükleýän orus adamsynyň üstünden bardylar. Olaň ikisem garasuw. Çelekleň bolsa ýaňybir bäş-alty sanysy tirkegde jaýlaşdyrylypdyr.
Üçüsine gözi düşenden, misli Gün bilen reňbe-reň bolmakda bäsleşýäne kybapdaş jyrk sary orus adamsy, çyndan begenendigini sereşläp, ýyrşardy. Salam-helikdenem öň olaryň daşyna tor aýlamaga başlady:
-Wassalam-wakalam, deti!-diýip ol, bularyň gidibermeginden howatyr edýän dek, çalgyrtlap geplemäge howlukdy:-Menki pçýolka göçürdi. Sizinki mana pomogaýt etti. Menki size rubl bagyş etti! Kak, po rukam, parni?!
Üçüsiniň içinde ekabyry şü. Üstesine-de, melleklerinde bulgar burçy ýetişende, ony ejesine Teke bazaryna satmaga äkidişip, şo ýerde her biri, ejesi aýtmyşlaýyn: “mägun” ýaly orus bajylar bilen süýji-süýji sözleşeý-sözleşeý, rus diliniň-ä halys düýbüni deşen. Söwda-satyk sungatynyňam gögeren ýerinde düýp-teýkaryny “süňk” edip gaýdan.
-Skoko?!-diýip ol, ýetginjek gönümelligi bilen, gep çagaladyp durman, bada-bat gürrüňi dogrulapdy.
Garagäz aýaklary, näme üçindir “wetnamka” diýilýän çepeklije, güne gaýzygan garaja ýüzlerinde diňe dişi bilen bäbenegi akjaryp görünýän oba oglanlaryndan, şo eýýamlarda “ispekulýant” diýlip ýaman ýazgarylýan nämälim jandarlara mahsus häsiýeti görýänine, şonda şol orus adamsy öte geň galypdy. Ýöne, owal-a: “gerek deregi ýykar” diýlenine, galyberse-de “kör düýäňi köprüden geçirýänçäň, doňza daýy diý” diýen aýtga, olam, barypýatan zyrrajym orus bolsa-da belet bolara çemeli. Daşyndan syr bermän, nyrhy dessine ýokardan tutdy:
-Trýoşku!
Onuň pikirine görä, bu nyrh oglanjyklaň heýýatyny göçürip, olar duran-duran ýerinden, kemany boýundan asaga-da, çeleklere ýapyşmalydy.
Megerem, olaryň arasynda şu köpbilmiş bolmadyk bolsa, orus adamsynyň çaky çyn çykaýmagam ähtimaldy. Oglanlaň ikisi, hatda, haýdan-haý işe başlabermek üçin öňe ümzügem atdy. Emma ol, deňdeşleriniň ikisinem saklady. Bazarda ekiniň her kilesiniň her köpügi üçin döwdüleşmäge endik eden ezber täjire şap bolaýjak hereket bilen, äwmän-alňasaman, sap-arassa rus dilinde, şol döwürler hemmä mälim, meşhur kino jümlesini dilinden sypdyrdy:
-Každomu?!
Orus adamsy, ilk-ä tanyş jümlä biygtyýar ýylgyrdy. Soňra oglanjygyň göz öňünde tutýan manysy aňyna ýetip, keşbine kölege indi. Dem salym oýurganyp durdy-da, uludan demini alyp, tassyklady:
-Každomu.
-Ne poýdýot, oruskiý daýy!
Balary eýesi aňk-taňk boldy.
-Kak eto ne poýdet? Sam-že şumadtyžyk aýtty: “Her passana trýoşka” diýti. A teper, name uçun ne poýdet bolty?! Wy smotrite parni, každomu po trýoşke, eto budet poçti kyzyl onluk! I za eto siz, tolko bize komek etti. Wsego-to za ças uprawimsýa, a pasany?!
Ol bolsa, onuň jibrinmesini diňlemedem. Öz “edermenliginden” özi elheder alyp, gözlerini pugta ýumdy-da:
-Çetwertak!-diýdi goýberäýdi.
Dym-dyrslyk.
“Häzir: “Wah sen, tükenen ispekulýandyň biri! A nu-ka, poýdýom otes ýanyna! Şas on tebe pokažet, kak ýigrimmäşlik diledi bar etmäni!” diýer-de, gulagyndan çekip, öýlerine süýrär-ow!” diýip, içinden galpyldaýar. Gorkujygyndan ýaňa gözüni açmaga-da het etmeýär.
Birdenem, ýaňky orus adamsynyň duran tarapyndan, kimdir biriniň takdyra ten bermek bilen uludan dem alýandygy eşidilýär. Soňam, çalgyrt dilde sorag berilýär:
-Na wseh?!
Ol öz eşidýänine ynanman içinden baş atmaga howlugýar. Bada-badam özüniň içinden edýän hereketini söhbetdeşiniň görmeýändigi aňyna ýetýär. Şonda-da ol, eger-walla, çypbakaý-çyny, şol pilleden öň şeýle sözi bilmeg-ä beýle-de dursun, hatda dogup-döräp, şonuň ýaly jümläni eşidip görenem ýadyna düşmeýär welin, onda-da, gözünem açman şol birje söz bilen jogap berýär:
-Razumeýetsýa.
Soňra birje gözüni çala yşyradýar-da, ýagty ýalançy-da nämeleň bolup geçýändigini anyklamak üçin jyklaýar.
Orus adamsy ýylgyryp, onuň egnine kakýar:
-Ladno, malenkiý wymogatel! Uwažaýu! Twoýa wzýala! A teper biz haýdady, ýoksa, biz zdes agşama çenli zwizdes! Galty bolty, ýetişmeýas, sigel, sigel, aý lýullýu...
Ine, şeýdibem şu gök kagyzjyk bulaň girisine düşdi.
Ol zamanlar ojagaz kagyzjygyňam gudraty başga.
...Arly ýyllap, tutuş maşgala bolup uludan-kiçä kalhozda zähmet çekiler.
“Uludan-kiçä hemmeler” diýen düşünjäni aňlatmak üçin Göroglyň şahalarynda: “ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşla çenli” diýilýän bolsa, o döwürler kalhoz işi adamlar üçin bäş ýaşda başlap, tä ölýänçä dowam edýärdi. Halys sandan galsaň, garawul edip ulanýardylar welin, derde ýaratmagyň alajyny tapýardylar.
...Gyşda kürüşge urlup, ýaz ekişine şitil taýýarlanylar – kelem, bulgar burç, hyýar, pomidor, badamjan, gawun-garpyz şitili. Turp, käşir, şugundyr ýyglar. Guma – Owadandepä gidip üzüm kesiler, çybygy boglar, tirkege basylyp, tamdyrtowulyk üçin oba daşalar.
Kalhoz işinden eliň sypyndygam mellekde ýer depiler, joýa çapylar.
Ýazda ekiş. Soň otag, kätmen urmak. Gurçuk tutular, mal bakylar, goýun gyrkylar.
Tomusda sany iki onlukdan geçýän brigadalaň ählisi, hasyly ýere siňdirmejek bolup, ýetişibildiginden gök ekin ýygar. Gök ekindir, miweler, gawun-garpyz demirýol bekedinde hatar-hatar wagonlara ýüklener-de, näbelli alyslyga ýollanar.
Güýzde üzüm ýyglar, kişmiş çöplener, ýandak çapylyp küdelener, mallara gyşlyk bede taýynlanar.
Hojalygyň gündelik hysyrdysydyr, ýatakdaky mal-gara üçin ot-iým taýýarlamak, olara idi-yssywat etmegem üstesine...
Iň soňunda-da güýzahyrdaky hasyl toýundan soň, oba adamlarynyň agyz şapbyldadyp “dohod” diýişýän, ýyllyk girdejisi paýlanylar. Ine şol ýyllyk girdeji hökmünde öýüň kakasynyň eline berlen bir petde puldanam, uluraklar-a gyzyl onluk serpaý ediler. Ortaklara gök bäşlik. Kiçiräklere solgun üçlük. Körpeler üçin bolsa: “barybir düşünmeýä” bahanasy bilen sary birlik ejesiniň eline tutdurylar...
Onsoň şol peşgeşe-de birnäçe günlük toýdur-baýram dowam eder.
Kiçiräk bolsaň dagy-y-y...Solakja üçlügi sowup aňyrsyna çykyp bolmajak ýalydyr...
...Bu üçüsiniň eline, olaň ýaşynda görülmedik gudrat – gözüň ak ýagyny iýip gelýän göm-gök, “kelleli” ýigrimbäşlik, şol döwürde düşüpdi.
Nämetmeli?!
Ýerde goýsaň pos boljak, gökde goýsaň ys boljak.
Öýe eltseň ejeň-kakaň görmese-de, her ädimiňi iň hüşgär duşman aňtawçysyndan beter yzarlamagy başarýan jigileň biri görer-de, dessine buşlar.
Onsoň başlar...
Nirden aldyň, ýerçeken?!
Kim berdi, ýerçeken?!
Nämüçin berdi, ýerçeken?!
Nädip aldyň, ýerçeken?!
Ogurlansyň, ýerçeken!
Dişimi dökdüň, ýerçeken...
Ömrümi kül etdiň, ýerçeken...
Dogman geçen, dogman geçmiş, ýerçeken...
Diýmejegimi diýdirýäň, ýerçeken...
Agzymdan al kakawersin-dä, hernä, ýerçeken...
Şu pille bir, işsiz entäp ýören perişdeleň biri meň aýdanyma “omyn” diýmäwersin, ýerçeken...
Kakaňa bir aýdaýyn, ýerçeken...
Işiňi gördürerin, ýerçeken...
Aýt bahym, ýerçeken!
“Geple” diýýän, ýerçeken!
“Gepleme” diýýän, ýerçeken!
“Gaýtargy bermek üçin agzyňy açaýdygyň, oklawyň astyna alaryn!” diýýän, ýerçeken...
...Garaz, munuň bilen öýde tutulaýdygyň, öňem-ä gohy az däl ýalançyň hasam galmagaly köpeler.
Onsoň şunuň ýaly çykgynsyz ýagdaýda, nätseň dogry geljek?!
“Paýlaşaýyn” diýseňem-ä, ellerindäki bäş sany bäşlik ýa-da sekiz sany üçlük däl. Dogrusy, iň gowusy tutuş ýigrimmäşlik bolman, ýigrimmäş sany sary birlik bolan bolsa, ýaman laýyk “şap” bolaýjak ekeni welin, “Uzynyň akly giç geler” diýleni-dä.
Bu soňky “ýerçekenli” pikirler, “oruskiý daýy” bilen hasaplaşyp, gaýdyp gelýärkäler kellesine geldi-dä.
Göni yzyna dolanyp: “Oruskiý bratok, şunyňy ownadyp beräseň-ä, biz saňa ýaman ot duşi mlagonarnyý bop ýatardyk, pažalyssa!” diýäýjegem boldy.
Ýöne utandy.
Bazara gatnap, neneň-niçik ýüzi ýyrtylanam bolsa, heniz o derejede “ýüz berilse ýüzin düşüberýänleň” hiline öwrülip ýetişmändi.
Üç bolup, haýdaşlap gelişlerine bir tarapdan-a muň kisesindäki gök ýigrimmäşlik gaty bahym dyr-pytrak sowlasy gelip, jübülerinem, göwünlerinem ýakyp gelýär. Ikinji tarapdanam alada.
Ýöne, her niçigem bolsa, bü öňem pul elläp gören çaga, kellesi sagdyn işleýär. Obaň depesinden inenlerinde, çykalga tapdy.
-Intäk menne dursun. Men ony kümämizzäki kakamyň Leýlin babaly kitaplarnyň içinne bukaryn. Şolary heýç kim heýç haçanam dörmüýä. Men öten ýyl dohodda kakamyň beren üçlügini sowman sakladym. Şony ikiňe bölüp, her haýsyňa bir elli bererin. Galanny bolsa, Täze ýylyň öň ýany şähere gitsek, şo taýda böllürip, paýlaşarys. Ýohha, obadaky magazzynna böllürjek bollugymyz, magazzynçy Aman aga, göni üçümiziňem elimizzen tutup, kakamyzyň ýa-da atamyzyň ýanyna elter. Onnoň ýaňky oruskiý daýyň aýdyşy ýalaky, hemmämize: “izzes budet zwizzes” bolar. Bolýamy?!
Dostlary “bolýa-da-bolýa” boluşdy. Şeýdibem, ýigrimbäşligiň şärikleri bir çukura tüýkürdi...
...Gök kagyzjygy aýasynda saklap durşuna, şonuň bilen bagly soňky ýatlamalary hakydasyna gelende ýaşy ortadan agan kişiniň ýüzi gyzardy...
...Haçan, näme sebäpden, nädip beýle bolandygyny özem bilmän galdy.
Dogry, şo gün ol öýlerine baryp arzyly ýigrimbäşligi ýygşyrandan soň, dostlary bilen aýdyşy ýaly hasaplaşdy. Bir ýyl bäri sowmaga dözmän apalap ýören üçlügini öýdäkileň gözüne güýdüşip getirdi-de: “Ikiňe. Özüňiz böllüräýiň” diýip hüňürdäp, olaň eline tutdurdy.
Emma, belaň körügi şondan soň başlady. Birhili, ol şo gün gije ýatyp turdy-da, birdenkä, öz-özünden güpür-tapyr, şo bellije ýygyndyda gizlenen gök, “kelleli” puly teý böldüresi gelmeýän boldy duruberdi. Has erbedem, böldürenem ýagşy welin, ony hiç kim bilen düýbünden paýlaşasy gelmeýändigini duýdy. Özem bu duýgy, ýöne-möneje bir, sähel erkiňe agram salsaň, daban astyna dykaga-da diýeniňi etdirip bolýan, ysgynsyzja höwes däldi-de, edil ýöne, onuň tutuş durky-düýrmegini dolap holtumyna salan, ýeňip bolmajak gara güýç ýaly bir zatdy.
Üstesine-de bu duýgy beýleki duýgular ýaly, kellesiniň ýa-da gursagynyň niresindedir bir ýerinde lam-jim bolup oturybermäň deregine, ýetişibildiginden onuň gulagyna iç ýüzünden çawuş çakýardy...
...Ýeri, bu ýigrimmäşligi deňje paýlaşar ýaly, olar näme etdi?!
Diňe lal bolup, çelek daşaşdylar.
Eger-de sen bolmadyk bolsaň, ol “oruskiý daýyny” gepe çeperlik bilen “tirläp” almadyk bolsaň, onna ol ikisi şo garamaňlaý gök üçlüjege-de monça bolup durdy dämi nä?!
Onnoňam olaň ikisine berdiň ahyry, şo isleýän gök üçlüginem!
Inni ýene-de şo erni suwly lellimler üçinem, şu owadan, asmanreňk ýigrimmäşligi böllürjekmiň, hä?!
Sen nä, ile hakyny iýdirip ýören nalajedeýinmi?!
E-e-ý-ý!!! Jijim!!! Muň ýaly ýagdaýlara, o seň käte-käte okaýan ertekileňde: “Suw getirenem bir, küýze döwenem” diýilýä. Bärde-de küýze döwse-de lomaý iş hakyny alýan köpbilmiş mugthorlar-a olar bolýa. Ýeke özi suw daşamaň ähli azabyny çekip, iň soňunda hakyny iýdirýän, agzyna siňek gonduryp ýören çamowam sen bolýaň!...
...Diňe täk tenha seň dilewarlygyň, dogumdan don geýen aýgydyň bilen gazanylan halalja hakyňy hiç kese ýal etmän, diňe öz najadyňa ulanmagy başaraýsaň welin, onna...
Şan-şarafat saňa!
Onna sen ederini bilýän edermen bolýaň!
O ajap-rahat ýigrimmäşlige-de gör, nämeler düşer! Eddiljek ýöne, hoşuňa geläýsin! Oň bilen sen öz haýryňa neneňsi gowy işleri gaýryp bilersiň!
Ol iki akmaga bolsa, näçe berseňem, şo gün barysyna sakgyç alnarlar-da, ýarym salkynlyk pakgarmak üçin köçäň çagalaryna paýlap çykarlar. Ýa-da berenjäňe süýji alyp, onam şeýderler. Ýa-da paçgasy elli köpükden “ýawa-ýüz” çilim alarlar-da, ululardan ogrynça tutluk ýapda, daşlaryna ýerden ýörän çaga bolsa üýşürip, ajy tüsseden ýaňa huş kelleden uçýança çilim çekerler...
A sen bolsa...
A sen bolsa...
Umuman, olardan tapawutlylykda seň, “oruskiý daýy” aýtmyşlaýyn: “mizzes” üýtgeşik zatlary gaýryp-goparjakdygyňa men-ä tüýs ýüregim bilen, hut aňrym-bärim bilen ynanýan...
...Garaz, şo duýgy, pyşyr-pyşyr, hümür-hümür, goýar ýerde goýman, ahbetin onuň erkine burunnyk dakdy. Şol burunnykdan dartybam, ony yllabir dilsiz-agyzsyz mal deýin, çeken ugruna itmäge başlady...
...Soň ol beýnisindäki pyşyrda sadyklyk bilen: “bu gün berjek, ertir böleris, birigün böllürmäge gideliň, bu gün böllürsek beýle bolar, ertir böllürsek eýle bolar” diýip, deňdeşleri her gezek paýyny soranda müň bahana tapyp, olary bir ýyla golaý aldap gezdi.
Soňam, günlerde bir gün olary aldamak üçin bahana agtaryp ýörmekden halys bez bolup, ymykly olaň tamasyny tala daňmak üçin: “ýitirdim” diýdi. Sähel-mähel sözleri azaşdy, itenek-çomanak degdi-gaçdy garpyşan ýaly etdiler-de, bu-da geçdi gitdi.
Ol bolsa, öwran-öwran hiç kimiň gözüne ilmän, kümelerine baryp, şu ýigrimbäşligi bukan ýerinden çykaryp, ony terslin-oňlyn öwrüp-çöwürdi. Onuň asmanreňk göklügine, ondan özüne ýeserlik bilen garaýan, diňe iki çekgesinden galan ýerinde tüý galmadyk tekizdepe, çokgasakgal kelläň haýbatly bakyşyna, ýekeje özi kümäň alagaraňkysynda guwandy. Beýnisindäki pyşyrdy aýtmyşlaýyn: “täk-tenha özüniňki” bolup galan bu “ajap-rahat” puluna nämeler satyn aljakdygy hakynda datlydan-datly göwün ýüwürtdi...
Hazynasynyň bardygyny hiç kime-de bildirmedi. Ony böldürmedem, sowmadam. Şo-o-l ýalňyz özi oň barlygyna, göklügine, haýbatly kelläň çalymtyk bürünç bakyşyna guwandy ýördi...
...Soňam...
Birki ýyl geçip togsanynjy ýyllara gadam basyldy. Onuň şol pynhan hazynasynyň ýüzüne tagma edilen azmly kelläni özüne wasan edinen mähnet dünýä – puryjasy ýetdimi ýa-da içinden-daşyndan gemreý-gemreý halys süňňüni çagşatdylarmy – öz-özünden çaýkanmaga başlady.
Arzyly ýigrimbäşligem birdenkä, sähel wagtyň içinde püçek boldy duruberdi. Öň onuň, çetinden tutup galgatdygyň, sagatda ýüz kilometr tizlik bilen barýan ulagy jüýgürdip saklamaga gaýraty çatýan bolsa, indi birje guty otluçöp şoň ýaly kagyzyň azyndan onusyna dagy düşýänden boldy...
Soň-a hasam nemetdi-de, pul çalşyp, onuň syrtsüpürgi deregine ulanarlyk ýagdaýam galmady...
Bu-da, öz genji-hazynasynyň zibile dönmegini birbada ýokuş görjek bolanam bolsa, soňra jahyllaň mahsuslygy – ony derrew ýadyndan çykardy. Başga-başga zatlaň yşgyna ser-sepillik ýolunda awara boldy. Şu güne çenlem, bu “ýigrimmäşlik” onuň ýadyna-oýuna düşmeýärdi...
Ine, indem şo gökje kagyz gyýkyndyjygyny elinde saklap, hiç zady saýgarmaýan nazaryny oňa dikip dur.
Hyýalynda-da ýatlamalardyr-oýlanmalar.
Manat hakda, dostluk hakda, hazyna hakda, gulagyň iç ýüzünde öz-özünden emele gelýän pyşyrdylar hakda...
Başga-da ýene-de birtopar nemeräk nemeler hakda...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 164 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 13
0
13 Gurgencli   [Материал]
SSsr döwüri barada dädem köp gürrüň bererdi. Bir ýyl kalhozda iň köp dohot alan maşgala atamyň maşgalasy bolupdyr, iň köp dohodam 90 manat ekeni. Şonda iň köp dohot alandyklaryny buşlamak üçin dädem pahyr öýe eşegini çapdyryp gaýdan eken.

0
11 Gurgencli   [Материал]
Hekaýany şu wagt okap boldum. Tutuş hekaýanam haladym welin, emma hekaýadaky iň bir halan jümlämi aýtsam:—Başga-da ýene-de birtopar nemeräk nemeler hakda... ine şu jümle:). Şu türkmeniň neme sözem juda gowuda:) haýsy tarapa çekip okasaň okap oturybermeli, elbetde oň üçinem ýazyjy sözi ýerlikli ulanyp bilen bolsa. Kakamyrat agaň ýörite şol söze bagyşlan "Neme" diýen hekaýasam bolmaly.

1
9 Gurgencli   [Материал]
Menem şol döwrüň pullaryny, teňňelerini kolleksiýa (ýadygärlik) edip saklaýan.

0
10 Bagabat   [Материал]
@Gürgençli, inim, ýene 150 ýyl sakla-da, Angliýadaky Solsberi auksionynda sat, millaner bolarsyň.

0
12 Gurgencli   [Материал]
Ýa nesip:)

0
7 mango   [Материал]
Nirden aldyň, ýerçeken?!
Kim berdi, ýerçeken?!
Nämüçin berdi, ýerçeken?!
Nädip aldyň, ýerçeken?!
Ogurlansyň, ýerçeken!
Dişimi dökdüň, ýerçeken...
Ömrümi kül etdiň, ýerçeken...
Dogman geçen, dogman geçmiş, ýerçeken...
Diýmejegimi diýdirýäň, ýerçeken...
Agzymdan al kakawersin-dä, hernä, ýerçeken...
Şu pille bir, işsiz entäp ýören perişdeleň biri meň aýdanyma “omyn” diýmäwersin, ýerçeken...
Kakaňa bir aýdaýyn, ýerçeken...
Işiňi gördürerin, ýerçeken...
Aýt bahym, ýerçeken!
“Geple” diýýän, ýerçeken!
“Gepleme” diýýän, ýerçeken!

beýle sözleri diňe 9-10 çaga doguryp, ýetişdiren mat-geroinýalar başarar.
häzirki maksimum 4 çaga doguranlar beýle käýinip bilmezler.
gowy!

0
8 Bagabat   [Материал]
Biz çagakak her maşgalada diýen ýaly 9-10 çaga bardy. Käbir maşgalalarda 12-15 çaga bardy. Onsoň şuňa meňzeş aňyrsy ýok, mazmuny tämiz käýinjiremelerden şo döwrüň çagalarynyň hemmesiniň bolmasa-da köpüsiniň gulagy ganandyr-la. Bendeleň öz diýýän sözleriniň manysy aňlaryna ýetse ýüreklerem ýarylar welin, şomat elbetde endige görä şeýleräk edilýändir-dä. Geňligem ýokdy o wagt. Çagalar gaty görmelidirem öýtmezdi. Gaýta: "Ýöne gygyryp ýöň-laý!" diýip, aýdylan zady etmäge tüňňerilip giderler. Bolany.

1
5 mango   [Материал]
...o döwürler kalhoz işi adamlar üçin bäş ýaşda başlap, tä ölýänçä dowam edýärdi. Halys sandan galsaň, garawul edip ulanýardylar welin, derde ýaratmagyň alajyny tapýardylar.

bir sistema berlen ajaýyp harakteristika.
25 manat. 1987-de.
uly pulaý ol-a.
ýa oglanjygyň "teke bazar" tejribesi uly, ýa-da ors daýy oglanlara "sadakam bolsun" diýip joşdy.... :-)
şo ýyllaryň studentiniň stipendiýasy 30 manatdy öýdýän...
---
"idi-yssywat" (we ýene-de birnäçe söz) sözi serdaryň elipbiýinden, bu sözi nirede okasam serdar ataýew ýada düşer.
---
A teper biz haýdady,
ýoksa, biz zdes
agşama çenli pizdes!

:-) gowy goşgy.
ýöne, şu tapyndyňy aşakda ýene bir-iki ýola gaýtalamagyň tarapdary däl.
gowy hekaýa bolupdyr.
berekella we üstünlikler.

1
6 Bagabat   [Материал]
"Ýigrimmäşlikli" waka hakyky. Ýöne çynymy aýdaýyn, ony üç dostdan biri beýlekileriniň hakyny "iýip" çilmedi. Gizlenen ýeri tapmadylar. Üç bolup kakasynyň kitaplary gyzyl-dörjük edilende bolsa, üçüň deregine taýagy diňe biri iýmeli boldy. Şondan 30-a golaý ýyl geçensoňam şol "ýigrimmäşlik" şol üçüsiniň biriniň öňünden çykdy. Olam dostuna gülüp gürrüň berdi. Şeýdibem hekaýa emele geldi. Ýöne onuň diňe gülkünç däl-de, terbiýeleýji ähmiýetem bolar ýaly, düýpwaka şeýleräk görnüşe girdi.
Minnetdar. Okaýanyňa sag bol.

1
2 Gumlygelin   [Материал]
Bu hekaýa hakykatdanam köp ýatlamalary oýardy.Hat-da okan Lenin babaly kitaplamam göz öñümden geçip gitdi:-)
@Bagabat ýazyp durun we ýetirip duryñ.

0
4 Bagabat   [Материал]
Ýagşy sözleriňiz üçin Alla ýalkasyn! Siziňem janyňyz sag bolsun, okap duruň!

1
1 Nurdan   [Материал]
Ynha bu hem durmuşyñ bir sapagy, nebsi öñüne geçiberen ekenda, durmuşam Adyl terezi, oglanlyk edip edenem bolsa jogapsyz goýmandyr, mydamalyk sapak bolandyr ol ekabyrj:a ýigrimmäşlik.
Sagboluñ Agam, "skoko" hekaýa ýazsañyz "izzes" goyup okyýjylarñyza ýetirip duruñ!

0
3 Bagabat   [Материал]
Sag boluň. Taňryýalkasyn. Okaýanyňyza minnetdar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]