00:01
Ýigrendim

ÝIGRENDIM

"Bagrym gyýyp,
                           öz-özümi ýigrendim"
Oguljemal Çaryýewadan.


Içimden ot geçdi, çabyrap-çabrap,
Düýrükdim, bir gysym bolup ýygryldym.
Şu gün, hawa, şu gün seni söýenim
üçin, wah-eý, öz-özümi ýigrendim.

Solup galdy - ter güllerdi boganym,
Damak dolup, gurap galdy bogazym,
Bir ýalan söýginiň guly bolanym
üçin, ah-eý, öz-özümi ýigrendim.

Durmuş diýýänimiz ýitgi hem gözleg,
Sizden eýmenermen, a:ly kän gözler!
Olar az bolandyr,
                               kä ýalan sözler
üçin, wah-eý, öz-özümi ýigrendim.

Menden razy bolsun, ak süýt Berenim!
Men ýüregmiň baryn Şoňa bererin,
Ýaşlykda bigänä göwün berenim
üçin, ah-eý, öz-özümi ýigrendim.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
şahyr.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Haweran | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 1.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Dagy böwsüp çykan gül / Goşgular - 07.04.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Men seniñ ýanyña barýan / Goşgular - 09.02.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Aşyklar gününe / Goşgular - 14.02.2021
A mende kine ýok.. / Goşgular - 09.04.2021
"Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..." / Goşgular - 05.02.2021
Halypalyk / Goşgular - 03.06.2021
Всего комментариев: 1
0
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Bu goşgyny hasam haladym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]